
Soňky:
Materializmiň İykylyşy
Eziz Annamyradow Gurbansoltan 18, 2004. 3-4 gün öň
Orsiıetiň Birinji İaılym kanalynda kosmosa uçan kosmonawtlar barada bir
habar seretdim. Ol habarda ors kosmonawtlar kosmosda bolmaklaryna garamazdan
Prawoslaw Hrystyıanlykda mukaddes hasaplanıan ‘Pasha’ baıramyny kaıutada
belländiklerini, hatda Orsiıetiň merkezi patriarhy bilen telefonda
gürleşendiklerini metbugat ıazgysynda dile getirdiler. Bu
waka maňa elbetde iki zady ıatlatdy. Birinjisi, wagtynda Sowet
hökümetiniň propagandasy hökmünde Gagariniň metbugata “Men kosmosda
Hudaıy görmedim(!)” diıen sözleridi. Muňa döwrüň iň uly
alymlaryndan biri eserlerinde şeıle jogap berıär: “Sen näme, Hudaıy
kosmosda uçıan barondu öıtdüňmi?” Ikinji
bir zat hem bolsa, Karl Marks we Engels ıaly materialistleriň, yzyndan
Sowet hökümetiniň 21-nji asra girmezden öň, dünıäniň üçden
ikisi ıaly uly bölegi materialist, hatda aterist bolar diıip çaklaıardylar.
Emma bu sanyň belli bir ıyllar arasynda köpelip, soňam bolsa yza
gaıdyşlyk başlandygy herkime mälim. Materilizmiň
gurujylarynyň çaklamalarynyň uly bölegi bilen bilelikde, bu çaklamalary
hem ıalňyş bolup çykdy. Şu wagt dünıä dine, ynanja tarap has
köp ymtylyp ugrady. Materializmiň
çökendiginiň başga bir nyşany bolsa, Mel Gibosnuň
ıaňy ıakynda çykaran “(Hz) Isanyň Çilesi” filmine bolan
gyzyklanmadyr. Film hrystyıan ynançlary esasynda düşürülmegine
garamazdan, dürli hrystyıan toparlary arasynda herhili jedele ıol açdy. Emma
ıene-de adamlaryň din bilen meşgullanmagy, jahanyň
Marksyň çaklan ugruna gitmeıişidir. Bu
filmiň çykmagy musulmanlar üçin Hz Isa (as) Pygamberiň hekaıasy baradaky
Mukaddes Kuranda beıan edilen wariantyny aıdyp galmana bir pursat döretdi.
Musulmanlara görä Hezreti Isa haçda asylmady, ol zulumlary çekmedi. Oňa
meňzeş biriniň asylandygy Nisa Süresiniň 157-nji aıatynda
dile getirilıär. Golywudyň
hem soňky döwürlerde ruhyıete tarap egilişiň bardygyna göz
ıetirıäs. Diımek ynanç adamyň ruhy zerurlulygy. Adamzat şu döwür
ejizligini has-da oňat aňıar. Beıle ıagdaı bolsa, şu wagtky
dürli bolup geçıän kynçylyklara garamazdan dünıäniň gowulyga,
adamçylyga, ahlaka, ynsanlyga, ıardamsöıerlige tarap barıandygynyň
subutnamasy bolsa gerek. |
|
||||||||||||
Öňki İazgylar
|
|||||||||||||
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center