Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Ylym we Bilim Bölümi

Gözleg-agtaryş ruhy

            Ahmet Gaýypow

 

            Nowruz 11, 2004. Meniň Gurluşuk Inžinerligini gutaryp aspirantura başlan bir dostum bardy. Onuň aspirantura ugry ‘Köpri Inžinerligi’di. Men onuň unwersitedindäki oturýan otagyna bardym. Diýseň oňat enjamlaşdyrylan we dürli şertler döredilen, göwnehoş iş otagy, bar eken. Üstünde işleýän zatlarynyň tejribesini etmek üçin edil aşakgy gatynda labarotiýasyna çenli bar eken. Otagda üç inžineriň ýeri bar, biri himiýa inžineri, beýleki elektrik inžineri eken, üçünji bolsa meniň dostum. Men bularyň gözleg-agtaryş üçin çeşme hökmünde ulanýan  kitaplaryna göz gezdirip otyrkam, haýranlyk bilen şolaryň birine: “Köprüler barada şunça açyşlar edilipdir, enjeme hasaplamalar emele gelipdir, netijelendipdir. Bu wagta çenli eýýam täze açylyş eder ýaly zadam galan däldir.”diýdim. Ýaş Elektrik inžiner tiskinip, beýninden atylan ýaly: “Sen beýle diýme. Şeýle sözi diňlejek bolsaň tehnika we ylym hiç haçan ösmez. Adamzat bir zat tapdygyça hiçzat bilmeýändigini has-da oňat düşünýär. Ylym belli mowzukda soňky nokadyna ýetdi diýende-de hökmän gözlenip tapyljak zat bardyr. Ylym hiç haçan gutarmaýar. Allatagallanyň bu älemde goýan ylmy, bize açaçan kylan bölegi uly okeanda bir monjuk ýalydyr, tapsaň tapyp oturybermeli.”

            Bu sözüň nähili dogrudygyna şonda göz ýetirdim. Mysal biz 2-3 asyr yza gitsek, şol döwrüň adamlaryna kompýuter düşündürýänçäk janymyz çykar. Kompýuter beýlede dursun, elektro-çyrany (lampa) düşündürmek hem aňsat düşmese gerek.

            Täze zat oýlap tapmak üçin bir zady hyýal edip bilmeli, aklyňa getirip bilmeli. Emma şeýle birzat hem bar, mysal bir orta ýaşlardaky synpda oturan çagalara geljek baradaky hyýallaryny ýazuw bilen ýa-da surat bilen taryplamagyny sorasaň, olar bar bolan, eýýam tapylan zatlaryň daşynda näçe zady hyýal edipbilerlerkä? Ýagny uçmak üçin enjamlar, nahar pişirmek üçin , ýa-da bile oýun oýnamana robotlar, wideo-telefon... Emma bu zatlar eýýam bar we gitdigiçe has hem kämilleşdirilýär.

            Emma biz täze zat tapmak üçin näme etmeli? Bu soragy jogaby ýene-de okamak, okamak we ýene-de okamak. Taýýar eserleri okap gözleg-agtaryş etmek, şol pudak ugrunda gözýetimi giňeldýär we şol serişdeleriň içki düzümi barada maglumata eýe bolup bolýar. Netijede öwrenilen zatlaryň nähili ýagdaýlarda ulanyp boljakdygyny derňäp, öň synanşylmadyk halatlarda ulanyp boljakdygyny ýa-da boljak däldigini bilesigelijik netijesinde tejribe geçirip, ylmyň täze pudaklarynda ýol açmaly.

            Ýagny hyýal, bilesigelijilik ylma hyjuw döreder, emma gözleg-agtaryş üçin bu ýeterlik däl, okamaly.

Mekdep we Şeýtan?

Eziz Annamyradow

 

Magtymguly 26, 2003. Mekdepde okaýakak käbir mugallymlar bize: “Şu mekdebiň daşyndan näçe şeýtan girjek bolup girip bilmäni ýörendir. Edil mekdebiň çarwasynyň gutarýan ýerinde Alla tarapyn şeýtan üçin gadagan edilen araçäk bar, şeýtan şol ýere çenli gelip, yzyny dowam etdirip bilmeýändir.” ýaly sözler aýdýardy. Bu gep okuwçylaryň arasynda-da ýaýrandy. Elbetde, çaga bolansoňmy, ýa-da köp zady görmänsoňmy, biz diňe "geçi şahly şeýtan" barada pikredip, mekdebiň daşyndaky araçäk hökmünde bolsa bir "lazer gatlak" bar diýip göz öňüne getirerdik.

 

Ol-a olar ýaly däl ekeni. Munuň asyl, has dogruçyl manysyny unwersitede girenden soň, käbir zatlara göz ýetirip indi indi aňyp başladym. Ol hakyky şeýtanyň bolmagy hökmän hem däl eken. Daşaryda boş ýören bir topar ýaşlar bar. Bu ýaşlar boş, etmäne işleri bolman soň şeýtanyň weswesesine gidip herhilli Türkmen ahlakyna we ylaýta-da Musulmançylyk ahlakyna, hatda we hatda ynsanperwerlik ahlakyna gelişmeýän hapaçylyga baş goşýarlar. Bular arak, nas, çilim bilen başlap, yzyny beň, geroin, kakoin, gök nar bilen dowam edýär. Bular ýeke özlerine zyýan bersler hiç welin, bir gram neşe aljak bolup ene-atasynyň, dogan-gardaşynyň, dost-ýarynyň etini iýmekden, ogurlyk, haramçylyk etmekden çekinmäni ýörendirler. Mundan başga-da başga adam tapyp olara-da öwredip, içinden çykyp bolmajak bulaşyklygyň içine salýarlar. Bu adamlar abraýly zat ýaly laý-läş bolup neşe çekip ýörendirler. Kimiň kim bilen ýatyp turup ýörendigi belli däl, wennezynalyga ýol açyp çaga kimden bolandygyny bilmeýän ýagdaýlara çenli ýetrirýär. Ar-namys, halal-haramdan nam-nyşan galanok.

 

Diýmek mekdep, ýaşlaryň şahsyýetiniň kemala gelýän wagty akyllaryny okuw bilen meşgul tutup, hapa pikirler aklyna gelmez ýaly ýagdaýda şeýtandan goraýan eken. We şol sanda ynsan eşigindäki şeýtanlardan goraýan ekendigini düşündüm. Mekdep ýalňyş pikirleriň, ýalançy keýipleriň, zäherli balyň gözleginden durdurmak üçin, hakyky ynsan ahlakyny öwretmek üçin niýetlenendir.

 

Näme diýdiler?

 

Bir zadyň gadryn, ondan aýrylan biler. Mekdebi gutarandan soň boş galan, ýokary okuwa ýerleşmedik ýaşlaryň käbirleri näme diýýär?:

 

“… Gaty içim gysýar. Öň mekdep güýmeýän eken…”

 

“… Gyzlaryňky aňsatla. Olaryň durmuşa çykyp maşgala gurýan wagty. Ýigitler üçin entek ir. Armiýa garaşyp, garaşyp içim ýarylara geldi…”

 

“… Öňleri daňdan sagat 7.00-de turup şähere mekdebe gidýärdik. Käte giç turanymyzda bir käse çaýy çala ýuwudup, hapyr-hupur edip gitmeli wagytlarymyzam bolýardy. Yzyndan günortana çenli mekdepde 5-6 sapaka girýädik. Öýe gelibem öý ýumuşlaryny bitirip, yzyndan daşary çykyp goňşularyň çagalary bilen oýun oýnardyk, ýa-da gürrüň edip oturardyk. Indi bolsa 9.00-10.00-da zordan turýan, kän iş edesim gelenok. Şu wagtlar iň bärkisi telewizoryň garşysynda iki sagatdan köp oturup bilemok. Mekdep ýaltalykdan uzak tutýan eken…”

 

“… Gulluga garaşyp bizar boldum. Içim gysyp näme etjegimi bilmän soň çilime başladym…”

 

“… Öňleri tomus jogaby çaltrak gelsin diýýärdim. Emma jogabyň gadryny okuwdakaň bilýän, okuwuňam gadryny jogapdakaň bilýän ekeniň. Öňler derrew okuwy gutaryp dynaýly diýýärdim. Häzir bolsa şol günleri küýseýän…”

 

Başyň Dik Bolsun, Sedat Mugallym!

Şamyrat Ýusupow

 

Mart 8, 2002. 1992-nji ýylda Ata Watana wepa borjuny ýerine ýetirmek niýeti bilen gelen ilkinji Türkiýeli doganlazymyzyň arasynda Sedat Baýtak atly bir är-ogly är hem bardy. Ata Watan – Türkmenistanyň Garaşsyz bolanyna begenip dogduk mekany Anadoludaky bütin işlerini taşlap, Türkmen çagalaryna bilim-terbiýe bermek niýeti bilen tereddüt geçirmäni geldi. Bärde Magtymguly Uniwersitedinde Matematika Mugallymçylygy bölümünde okuwa başlap, okuwyň ýanynda Turgut Ozal mekdebinde terbiýeçilik bilen meşgullandy. Agyr günlerdi, bir imperiýa dargap, täze döwlet şekillenýärdi. Gaty kynçylykly günler ýaşaldy. Emma olar (Türk mugallymlar) sabyrlaryny tüketmedi. Sebäbi olaryň içinde Ata-Watana wepa borjuny ýerine ýetirip bilýändiginiň arkaýynlygy we öz doganynlaryna gowuşmagyň bagtyýarlylygy bardy.

 

Sedat Baýtak, okuwyny tamamlandan soň 1998-nji ýylda Köneürgenç Türkmen-Türk Mekdebine mugallym bolup işine dowam etdi. Hali enteg-em ol şu ýerde okadyp ýör. Bärde-de kyn günler az ýaşamady.  Okuwçylara birzatlar berjek bolup saçlary agardy.  

Elbetde, Alla Tagalla beýle saýlanan bendelerini agyr synagdan geçirýär.  

 

Sedat Baytak 2002-nji ýylyň 28-nji Martynda gözüniň nury 8 aýlyk ogluny ýitirdi. Oglunyň agyr keseli sebäpli 3 gezek operasiýa geçirildi, soňkysynda bolsa agyr gözleg astyndady we çaga komadady, özüne gelip bilenokdy.

 

Sedat-mugallyma baş-amanlygy dileýäris. Goý, ýitiren perzendiň ahyratda şepagatçyň, howandaryň bolsun! Alla Tagalla beýle synaglar garşysynda hemmämize sabyr we iman bersin!

 

Hemmämiziň gitjek ýerimiz ýene-de Şol. Ondan Geldik, Oňa barýas!

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center