
Ahmet
Gaýypow
Nowruz
11, 2004. Meniň Gurluşuk Inžinerligini gutaryp aspirantura
başlan bir dostum bardy. Onuň aspirantura ugry ‘Köpri Inžinerligi’di.
Men onuň unwersitedindäki oturýan otagyna bardym. Diýseň oňat
enjamlaşdyrylan we dürli şertler döredilen, göwnehoş iş
otagy, bar eken. Üstünde işleýän zatlarynyň tejribesini etmek üçin
edil aşakgy gatynda labarotiýasyna çenli bar eken. Otagda üç
inžineriň ýeri bar, biri himiýa inžineri, beýleki elektrik inžineri eken,
üçünji bolsa meniň dostum. Men bularyň gözleg-agtaryş üçin
çeşme hökmünde ulanýan kitaplaryna
göz gezdirip otyrkam, haýranlyk bilen şolaryň birine: “Köprüler
barada şunça açyşlar edilipdir, enjeme hasaplamalar emele gelipdir,
netijelendipdir. Bu wagta çenli eýýam täze açylyş eder ýaly zadam galan
däldir.”diýdim. Ýaş Elektrik inžiner tiskinip, beýninden atylan ýaly: “Sen
beýle diýme. Şeýle sözi diňlejek
bolsaň tehnika we ylym hiç haçan ösmez. Adamzat bir zat tapdygyça hiçzat
bilmeýändigini has-da oňat düşünýär. Ylym belli mowzukda soňky
nokadyna ýetdi diýende-de hökmän gözlenip tapyljak zat bardyr. Ylym hiç haçan
gutarmaýar. Allatagallanyň bu älemde goýan ylmy, bize açaçan kylan bölegi
uly okeanda bir monjuk ýalydyr, tapsaň tapyp oturybermeli.”
Bu sözüň nähili dogrudygyna
şonda göz ýetirdim. Mysal biz 2-3 asyr yza gitsek, şol döwrüň
adamlaryna kompýuter düşündürýänçäk janymyz çykar. Kompýuter beýlede
dursun, elektro-çyrany (lampa) düşündürmek hem aňsat düşmese
gerek.
Täze zat oýlap tapmak üçin bir zady
hyýal edip bilmeli, aklyňa getirip bilmeli. Emma şeýle birzat hem bar,
mysal bir orta ýaşlardaky synpda oturan çagalara geljek baradaky
hyýallaryny ýazuw bilen ýa-da surat bilen taryplamagyny sorasaň, olar bar
bolan, eýýam tapylan zatlaryň daşynda näçe zady hyýal edipbilerlerkä?
Ýagny uçmak üçin enjamlar, nahar pişirmek üçin , ýa-da bile oýun oýnamana
robotlar, wideo-telefon... Emma bu zatlar eýýam bar we gitdigiçe has hem
kämilleşdirilýär.
Emma biz täze zat tapmak üçin näme
etmeli? Bu soragy jogaby ýene-de okamak, okamak we ýene-de okamak. Taýýar
eserleri okap gözleg-agtaryş etmek, şol pudak ugrunda gözýetimi
giňeldýär we şol serişdeleriň içki düzümi barada maglumata
eýe bolup bolýar. Netijede öwrenilen zatlaryň nähili ýagdaýlarda ulanyp
boljakdygyny derňäp, öň synanşylmadyk halatlarda ulanyp
boljakdygyny ýa-da boljak däldigini bilesigelijik netijesinde tejribe geçirip,
ylmyň täze pudaklarynda ýol açmaly.
Ýagny hyýal, bilesigelijilik ylma
hyjuw döreder, emma gözleg-agtaryş üçin bu ýeterlik däl, okamaly.
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center