Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Edebiıat Bölümi

 ALTASda İaıym Senesi: Nowruz 6, 2004

Bahar Haty

Hüdayi Jan
Terjime: Ylıas Amangeldi

İene bahar geldi.
İene bir bahar iber maňa
İaz ıaly ıazylan hatyň bilen
Gögert perişan ıaılasyn köňlümiň
Hem baharyň bilen ıaşaıan men bil,
Güızde-gussada hatyňy maňa ıaşaıyş diıip bil.
Düşündiň?

Seniň bilen aılandym derıa kenaryn sensiz,
Seniň bilen sensiz galdym ıagyş-ıagmyra,
Sensizlige öwrenşip barıaryn, gözelim, sensiz,
İoklugňa-da öwrenşerin, sensiz,
Güıjüm bardyr öwrenşere
Düşündiň.

İene bir bahar iber,
İene bir bahary alyp gel.
Kagyz bukja guı begenjiň, düışüňi,
Bir kagyza geçir gaıratyňy, gynanjyň,
Hem bir bahar bol-da gel,
Gülüň bilen, ak terligiň, ysyň bilen gel,
Älemgoşaryňy düırle-de Sal bukjaňa
Soňra aç bukjaňy ıanymda, şöhle bol gel,
İagtylt ömrümü,
Seni seniň bilen göreıin.
Bir bahar bol gel, düşündiň?

Ene

Akmyrat Mäti

 

Mart 29, 2000. Bu goşgymy 8-nji Mart Baıramy bilen gutlap, Altyn Asyrdaky Türkmen Gyzlaryna ıollaıaryn !!!

 

Gam-gussadyr hem hijranyň adydyr - Ene,
Param-parça ukylaryň adydyr - Ene,
Göz ıaşlaryň iňňiltiniň adydyr - Ene,
Pida bolan şirin janyň adydyr - Ene;

 

Mähirden kemal bolan ıürekdir - Ene,
Sabyrdan suw içen daragytdyr - Ene,
Synasy dert doly köňüldür - Ene,
Mähirli söıgüniň adydyr - Ene;

 

Adamzadyň başydyr, ilkinji Ene,
Maşgalanyň ykbalydyr wepaly Ene,
Nesilleriň geljegidir hakyky Ene,
Kyblagähim Käbäniň taıydyr - Ene;

 

Dünyäniň iň gözel görküdür - Ene,
Ynsanyň iň mähirli halkydyr - Ene,
Çaganyň iň söıgüli barkydyr - Ene,
Dogalaryň iň kabul elidir - Ene;

 

Dünıäň baılyklarna bedeldir - Ene,
Jennet köşklerne laıykdyr - Ene,
Melekler arasynda melekdir - Ene,
İöne eneligni ıerine getirıän Ene !

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center