
Merdan Ataýew
Ruhnama, 2002. 1957-nji ýylyn 31-nji Alparslan aýynda Inglislerden garassyzlygyny
alan Malaýziýa bu ýyl 45 ýyllygyny belleýär.
Aziýa döwletlerinin arasynda ykdysady taýdan in ösen ýurtlaryn hatarynda bolan bu döwlet nebit we tebigi gaza hem baý.
|
Paýtagty: |
Malaýziýa ösmegi ýolunda Wawasan’2020
Maksatnamasy alnyp barylýar. Bu makstanama görä 2020-nji ýylda Malaýziýa in
ösen ýagdaýyna ýetmelidir.
TürkmenNet-däkilerin habary bolsy ýaly Malaýziýada okaýan talyplar öz okaýan
ýurtlary barada aýtmazlyk, ol barada maglumat bermezlik edenoklar. Ön agAjan-da
birnäçe gezek çykys eden Altyn Asyr Gruppanyn çleni Merdan Ataýew,
Malaýziýadaky Türkmen talyplaryn unwersitetlerinde bolup geçen dabaralar we
Malaýziýanyn 43-nji ýyllygynda bu döwlet barada umumy maglumat bermek bilen
makalalary ýaýymlandy.Ine sol makalany agAjanyn rugsady bilen bizem öz
sahypamyzda gaýtadan özgerdilen ýagdaýda ýaýymlamakçy.
Malaýziýanyň garaşsyzlygyna 45ýyl
(31.Alparslan 2002)
Garaşsyklyk Baýramyna Hari Merdeka (Azatlyk Güni) ýa-da Hari Kebangsaan
(Milli Gün diýýäarler).Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpuryň Merdeka
Meýdançasynda şatlyk-şagalaňly uly dabara bilen bellenilýär.
Sebäbi bu ýylky 45-ýyllygy bolansoň gaty aýratyn bellenilýär. 30-31
Alparsaln gijesi feýrwerkler atyldy. Belli-belli artistler Merdeka
Meýdançasynda mugt konsert berdiler. Döwlet baştutany Dr.Mahathir Muhammed
halka gutlaglaryny bildirdi.
Malaýziya
hakynda umumy maglumat
Malaýziýa 14 welaýatdan ybarat bolup, ol welaýatlatlaryň 9-ynda özlerine degişli soltanlary bar. Malaýziýanyn Umumy Soltany her 5 ýylda şol 9 soltanlaryň arasyndan saýlanylyp alynýar. Malaýziýa geografik ýerleýiş ýagdaýyndan iki bölege aýrylýar:
Penunsular Malaýziýa:
Günbatar tarapda ýerleşip ýarymada hökmündedir. 12 welaýatdan ybaratdyr. Demirgazykdan Taýland (Thailand) bilen araçaklidir. Günbatarynda bolsa iki uly köpri bilen Singapura baglanylýar.
Gündogar Malaýziýa:
Sabah we Sarawak welaýatlaryndan ybarat. Ada hökmünde. Ýöne adanyň ýarysyndan gowragy Indoneziýa topraklarynyň içinde galýar.
Malaýziýanyň Paýtagty: Kuala
Lumpur,
Administrativ Paýtagt: Putra Jaya
Resmi Dili:Bahasa Malayu(Malay Dili)
Tutýan Meýdany:329,758 kw.km.
Ilat sany: 22.000.000
Etnik düzgüni: 60% Malaý, 30% Hytaýly, 10% Hindi
Milli puly: Ringgit,RM ($US1=RM3.8)
Ykdysadyýeti: Nebit, Turizm, Industriýa, Elektronika we ş.m.
Malaýziýanyň düýni
1950-nji
ýyllara çenli Beýik Britaniýanyň koloniýasy astynda bolan Malaýziya, käbir
şertleriň ýerine ýetirilen halatynda garaşsyzlyk bermek wada
berildi. Ol wagt Malaýziýa diýen döwlet ýokdy. Gündogar Malaýziýa ol wagt
Malaýa diýilýärdi. Malaýa bir-iki sany özi ýaly ýagdaýda bolan awtonom döwlet
bilen birleşip garaşsyzlygy almagy maksatlady. Birleşip täze,
Malaýziýa atly dowlet gurmagy Singapura, gündogar tarapdan Bruneý Darul
Esselama, Sabaha we Sarawaka teklip etdi. Teklibi Bruneý kabul etmedi. Sebabi
olaryň nebiti ummasyz köpdi. Olar bu nebitine eýe çykjak bolýandyr öýdüp
bütin Malaýziýanyň soltanynyň Bruneýden saýlanan halatynda razy
boljakdyklaryny bildirdiler. Malaýa bu teklibi kabul etmedi.
Şeýlelik
bilen Malaýa (Günümüzde: Penunsular Malaýzia), Sabah, Sarawak, Singapur bolup
täze 15 welaýatlyk Malaýziýa ady bilen birleşip Beýik Britaniýanyň
ylalaşygynda 1957-nji ýylyň 31-nji Alparslan aýynda
garaşsyzlygyny alýar.
Ýöne
bir-iki ýylyň içinde Hytaýlylar bilen Malaýlaryň arasynda pitne
çykypdyr. Ölenleriň sany äpet uly bolansoň döwrüň soltany
Singapur welaýatyny Hytaýlylara berip garaşsyzlyklaryny yglan edipdir. Ol
döwürde Singapur ösmedik yza galan bir çetki ýerdi. Ýöne Hytaýlylaryň
eline geçensoň gaýtadan doglan ýaly ütgäpdir. Ýagdaý beýle bolsa-da
Singapuryň baýdagy Malaýziýadan alyşy ýaly dur, milli gimnleri entäk
hem malaý dilinde, Oraza Baýramy we Gurban Baýramlary entäk hem resmi,
musulamanlaryň sany az hem bolsa.
Malaýziýanyň bu güni
Bugünki
ýagdaý bilen Malaýziýa tehnologiýada örän amatly ýerde ýerleşenligi
sebäpli ösendir. Deňizden ummasyz mukdarda nebit alýarlar. Halkyň
ýaşaýşy örän onat. Umuman Malaýziýanyň şu günki ýagdaýyna
ýetiren 18 ýyldan bäri Premýer Ministr bolup gelýän Barisan Nasional
Partiýasynyň ýolbaşçysy Dr. Mohammad Mahatgirdir.
Bu günlere ýetiren Mahatgir sag bolsun.
Malaýziýanyň
45 ýyllyk we Türkmenistanyn 11 yylluk Garaşsyzlyk Baýramlary Gutly
Bolsun.
Allajan indiki günlere-de ýetirgeý.
Merdan
Ataýewiň agAjan-daky makalasynyň üýtgedilip ýazyldy. Asyl
Makalany okamak üçin basyň.
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center