
Jemlän: Abdy Rahmanow
Magtymguly 16, 2003. Jenap Süleýman Abdylla 26 ýyl bäri Malaýziýanyň milli nebit-gaz
gurluşuk kompaniýasy, Petronasda işleýär. Özi nebit-gaz
gurluşugunuň ýerasty funksiýalarynda ussat bolan soň
Türkmenistandaky Petronas wekilliginiň ýerüsti gazuw-agtaryş
işleri gutaran soň öňki başlyk Jenap John Peck-iň
ýerine geçdi we 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistandaky Petronasyň
wekilliginde ýolbaşçy bolup işleýär. Paýtagt Kuala Lumpura resmi
işleri sebäpli gelen pursadyna Petronas Unwersitedindäki Türkmen talyplar
bilen görüşmek üçin Tronoh şäherçesine geldi. Gelende
unwersitedimiziň konferensiýa salonlarynyň birinde Türkmen talyplar
bilen ýekelikde gürrüňdeşlik geçirdi. Gürrüňdeşlikden
soň Altasyň korrespondentiniň we umuman hemme Türkmen
talyplaryň soran soraglaryna jogap berdi. Umumy mazmununy size hödürleýäs.
Altas: Türkmenistanda daşary ýurtly
şereketler üçin şertler ýeterlikmi? Şertler giňeltmek üçin
nämeler edilmeli? Oňat wadaly goýum goýup bolýamy?
Süleýman Abdylla: Türkmenistanda daşary ýurtly firmalar üçin
şertler diýseň oňat we göwenejaý. Hökümmet doly goldawyny
berýär. Biz şertler bilen hiçhili kynçylyk çekemzok. Bar çekýän
kynçylyklarymyz nebit-gaz guýularyny gazmak. Ol-am biziň wezipämiz.
Altas: Eşidişimize görä Petronas bilen Türkmenistan
hökümmeti arasynda baglanşylan şertnamanyň wagty geçipdir we
şol şertnama täzelendi we wagty uzadyldy diýip myş-myşlar
gulagymyza ýetdi.
Süleýman Abdylla: Beýle zat ýok. Ol aýdylýan zat şeýle: Her
Nebit-Gaz firmasy Türkmenistan bilen şertnama baglanyşanda
gözleg-agtaryş üçin ýörite berilýän wagty bar. Mysal Petronas 5 ýyl diýip
şertnama baglanyşdy. Bäş ýyllap Nebit-Gaz gözleýär.
Altas: Petronas Türkmenistanda näçe çykdaýyjy edýär, näçe goýum
goýýar?
Süleýman Abdylla: Biz entegem doly
manyda ‘altyn’ çykaryp başlamansoň, gazuw işleri diýseň
çykdaýyjyly. Bir aýda 25 million, hergün bolsa 200 müň Amerikan Dollary
çykdaýyjy bolýar. Emma bu çykdaýyjy Türkmenistan üçinem, Malaýziýa üçinem gaty
uly girdeýiji bolup dolanjakdyr. Şonuň üçin hökümmetiň goldawyna
gaty minnetdar. Birnäçe döwletlerdäki ýaly Türkmen döwleti mümkünçülüklerimizi
çäklendirip azar berenok, bar isleýän zady çaltyrak ‘gara altyny’ çykarmak; ol
biziňem islegimiz, sebäbi şol ýagdaýda gysga wagtda çykdaýyjylarymyzy
ýapyp bileris.
Altas: Petronas esasan haýsy ýurduň tehnologiýasyny ulanýar?
Ýaponiýaňkynymy?
Süleýman Abdylla: Ýok, biz köplenç Amerikan tehnikasyny ulanýas.
Olar ýerasty enjamlarynda ökderäk. Ýaponiýa esasan ýerüsti enjamlary oňat
öndürýär.
Altas: Petronasyň Türkmenistandaky bäsdeşleri
(konkurentleri) we partnýorlary kim?
Süleýman Abdylla: Bilýäňmi
näme? Prezident Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň örän oňat
syýasaty bar. Her daşary ýutly şerekete belli ýerler berýär. Şol
berilen teretoriýada şol firmadan başga hiçkim gözleg-agtaryş
geçirenok. Ýagny ýer aljak bolup hiçhili bäsleşik ýok, gelen her firma
üçin mümkünçülik berilýär. Ýagny bir şereket üstünlüge eýe bolup, nebit-gaz
bazaryny monopoliýalaşdyryp bilenok.
Partýor meselesine gelende, Petronas öz işini özi etmegi gowy
başarýar.
Altas: Türkmenistanyň ‘suwuklaşdyrylan’ gazy satmana
mümkünçilikleri nähili?
Süleýman Abdylla: Bu soragy
Aşgabatda Halkara Türkmen-Türk Unwersitedinde bir talyp hem sorapdy. Indi
gazy suwuklaşdyryp satmagyň peýdalary hem kynçylyklary bar. Gazy
suwuklaşdyrmak üçin gazy -160 gradus sowatmaly. Bu diýseň kyn. Birem
sowatmak üçin göwnejaý ýer gerek. Bu kanallaryň boýnunda ýa-da suwly bir
ýerde amala aşyrmak mümkin. Tebigi gazy suwuklaşdyrmak Türkmenistan
suw gytlygyny döredip biljegi üçin, kän oňat ýer däl. Belki gazy
Päkistanda suwuklandyryp Ýewropa sataýmasaň. Birem Türkmenistana
suwuklandyryp çykdaýyjy etmek hökmän däl. Gazoproword bilen Aziýa-da,
Ýewropa-da çykyp bilýär. Mysal Malaýziýa ýaly döwletler bazardan uzakda
ýerleşen soň gazoprowod geçirmek has çykdaýyjyly bolar. Birem Malaýziýa
dünýa suwlaryna açyk bolan soň gaz balonlary gämi bilen daşamak arzan
düşýär. Şol sebäpli suwuklandyryp satmak Malaýziýa üçin has ujyply.
Birem aýdylmaly zat,
Altas: Petronas Trans-Owgan proýektinde ýer alýarmy?
Süleýman Abdylla: Oňat sorag. Edil şu wagt belli däl. Döwlet bize bir
wezipe berse ýer alarys. Emma Petronasyň hem goşup biljek
goşantlary bar, ol anyk zat. Birem başga bir mesele. Türkmen döwleti
daşary ýurt firmalaryň başarjaňlygyny barlamak üçin synag
maksatnama berýär. Maksatnamalary amala aşyran şereket döwletiň
ynamayny gazanar. Ana şol ynamyny gazanan şereketler beýle uly
proýektleri amala aşyrmana goşuluşup biler. Nebit-gaz ugrunda
entek doly manyda beýle şereket ýok. Sebäbi Türkmenistan döwleti
daşary ýurt nebit-gaz agtaryş firmalaryna diňe deňizden ýer
berýär. Çöldäki hazynalary diňe Türkmenistan döwletiniň özi gazyp
çykarýar. Örän oňat syýasat we Petronas üçin diýseň peýdaly. Näme
üçin diýseň çykarylan nebit ýa-da tabigi gaz döwlet bilen kompaniýa
şertnama laýyklykda paýlaşmaly. Çölden gaz çykarmak aňsat bolan
soň döwlet ony özi amala aşyryp, has riskli işleri tejribeli
firmalara tabşyrýar. Netijede Türkmenistan çöldäki hazynany
paýlaşmazdan hem-em deňizde kän çykdaýyjy çykarman ykdysadyýetli
hereket edeni bolýar. We deňizden nebit çykarmakda dünýäde iň ökde
şereket Petronas bolan soň, beýleki firmalaram biziň
netijelerimize garaşýar.
Altas: Türkmenistandaky Petronas wekilliginde köplenç haýsy
ýurduň raýatlary işleýär? Malaýziýa raýaty näçe kadryňyz bar?
Malaýziýaly raýatlaryň Türkmenistanda çekýän kynçylyklary barada-da agzap
geçseňiz.
Süleýman Abdylla: Malaýziýadan jemi iki adam bar, biri men
beýleki hem orunbasarym. Türkmenistanyň özinde hem tejribeli inžinerler
bolan soň, biz Malaýziýadan çykdaýyjy edip inžiner getirip
oturmagymyzyň hajaty ýok. Sebäbi Malaýziýanyň raýatlary iş
durmuşunuň ýanynda başga-da meseler bilen garşylaşar.
Mysal Türkmenistanyň howasyna öwrenişmäni biler, Malaýziýada
gyş-ýaz diýip zat bolman soň, birem howa çygly bolansoň. Birem
Malaýziýanyň tagamlary hem üýtgeşik. Malaýziýa yssy ýurt bolan
soň ýeňilräk, mikroplardan gorajak ajyrak naharlar iýýäs, birem
gündelik iýmit hökmünde tüwüli tagamlar iýýäs. Türkmenistanda bolsa esasanam
gyşda has köp energiýa berýän tagamlar iýmeli, birem gündelik iýmit
hökmünde bugdaý önümleri iýilýär. Ömrüniň 30-35 ýylyny bürünç we ajy
tagamlar iýip öwrenşen adam, birden çörege çalyşmagy kyn bolýar.
Hatda menem Türkmenistana gidenimde 5-6 aýlyk ulanyljak burçlarymy ýanym bilen
alyp gidýän. Sebäbi bu burçlaryň hemmesi Türkmenistanda tapdyranok, birem
Malaý tagamlaryny mydama restoranda iýjek bolsaň gaty gymmat düşýär.
Bolmasa Türkmenistanda Malaý naharlary ýok däl, Nissa Myhmanhanasynda birem Unwermagyň
ýanyndaky Pizza Housda menýularynda hödürleýärler. Birem biziň nebit
bazamyzda Türkmen raýatlarynyň daşyndan, Eýranly, Azeri we Ors
işgärler hem bar.
Yzyndan öglän naharynyň
başynda resmi bolmadyk ýagdaýda Jenap Süleýman bir hatar Türkmen talyplaryň
ýagdaýy we gutaransoň nähili gelejek garaşýandygy barada bir kelam
aýtdy, yzyndan talyplaryň soraglaryny jogaplarndyrdy. Jenap Süleýman
Türkmen talyplaryna iň oňat ýagdaýda we okuwy wagtynda gutaryp
watanyna dolanmagy maslahat berip, edil şu wagt ýokary hilli bilimli
kadrlaryň Türkmenistanyň gelejegi üçin gaty möhümdigini belläp geçdi.
Altas: Jenap Süleýman! Beren gürrüňňüňiz üçin gaty
minnetdar. Birem gaty meşgul halatyňyzda Kuala Lumpurda bäri gelip,
Türkmen talyplary bilen görüşmäne geleniňiz üçin minnetdarlyk
bildirýäris.
Süleýman Abdylla: Oglanlar, menem şat siziň bilen
ýüz-ýüze görüşenime gaty şat boldum. Size okuwlaryňyzda
üstünlükler diläp, Watanyňyza örän ylymly, wepaly, pidakär we zähmetsöýer
bolup dolanyp, halkyňyza hyzmat edersiňiz diýip umyt edýärin. Bir
mesele bolsa Aşgabatdaky edaramyzyň ýerini bilýäňiz, gelip
duruň.
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center