Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Medeniýet Bölümi

Materializmiň Ýykylyşy

Eziz Annamyradow

 

Gurbansoltan 18, 2004. 3-4 gün öň Orsiýetiň Birinji Ýaýlym kanalynda kosmosa uçan kosmonawtlar barada bir habar seretdim. Ol habarda ors kosmonawtlar kosmosda bolmaklaryna garamazdan Prawoslaw Hrystyýanlykda mukaddes hasaplanýan ‘Pasha’ baýramyny kaýutada belländiklerini, hatda Orsiýetiň merkezi patriarhy bilen telefonda gürleşendiklerini metbugat ýazgysynda dile getirdiler.

 

Bu waka maňa elbetde iki zady ýatlatdy. Birinjisi, wagtynda Sowet hökümetiniň propagandasy hökmünde Gagariniň metbugata “Men kosmosda Hudaýy görmedim(!)” diýen sözleridi. Muňa döwrüň iň uly alymlaryndan biri eserlerinde şeýle jogap berýär: “Sen näme, Hudaýy kosmosda uçýan barondu öýtdüňmi?”

 

Ikinji bir zat hem bolsa, Karl Marks we Engels ýaly materialistleriň, yzyndan Sowet hökümetiniň 21-nji asra girmezden öň, dünýäniň üçden ikisi ýaly uly bölegi materialist, hatda aterist bolar diýip çaklaýardylar. Emma bu sanyň belli bir ýyllar arasynda köpelip, soňam bolsa yza gaýdyşlyk başlandygy herkime mälim. Materilizmiň gurujylarynyň çaklamalarynyň uly bölegi bilen bilelikde, bu çaklamalary hem ýalňyş bolup çykdy. Şu wagt dünýä dine, ynanja tarap has köp ymtylyp ugrady.

 

Materializmiň çökendiginiň başga bir nyşany bolsa, Mel Gibosnuň ýaňy ýakynda çykaran “(Hz) Isanyň Çilesi” filmine bolan gyzyklanmadyr. Film hrystyýan ynançlary esasynda düşürülmegine garamazdan, dürli hrystyýan toparlary arasynda herhili jedele ýol açdy. Emma ýene-de adamlaryň din bilen meşgullanmagy, jahanyň Marksyň çaklan ugruna gitmeýişidir.

 

Bu filmiň çykmagy musulmanlar üçin Hz Isa (as) Pygamberiň hekaýasy baradaky Mukaddes Kuranda beýan edilen wariantyny aýdyp galmana bir pursat döretdi. Musulmanlara görä Hezreti Isa haçda asylmady, ol zulumlary çekmedi. Oňa meňzeş biriniň asylandygy Nisa Süresiniň 157-nji aýatynda dile getirilýär.

 

Golywudyň hem soňky döwürlerde ruhyýete tarap egilişiň bardygyna göz ýetirýäs. Diýmek ynanç adamyň ruhy zerurlulygy. Adamzat şu döwür ejizligini has-da oňat aňýar. Beýle ýagdaý bolsa, şu wagtky dürli bolup geçýän kynçylyklara garamazdan dünýäniň gowulyga, adamçylyga, ahlaka, ynsanlyga, ýardamsöýerlige tarap barýandygynyň subutnamasy bolsa gerek.

Nädip Haker Bolmaly?

Parahat Meläýew

 

Fewral 4, 2000. Biri dostuna:" Nädip haker bolup bileriñ?" diýip soraýar. Dosty: "Okamak okamak ýene-de okamak", diýip jogap berýär.

 

Howwa, okamak. Okamak we oýlanmak. Oýlanmak we problemany çözmek. Bularyñ hemmesi adamzadyñ öz özüni ösdürmesi diýmek dälmi? Diýmek okamak ösmek bilen dogan-garyndaş-da?! Howa üsdüne basdyk, okamak ösmegiñ birinji ädimi. Serediñ hytaýlar bu hakynda näme diýýär,"Müñ ýyllyk bir ýol bir ädim ätlemek bilen başlaýar" ýada türkmen näme diýýär,"Bir okana , bir dokana"diýenokmy? Men bulary näme üçin samrap otyryn?

 

Diýjek bolýanym şular-------------------

 

Fransiýada 37308, Ýaponyada 42216, Angliýada 48069, Germaniýada 64716 dürli kitap ortaça hasap bilen ýyllyk basylýar. A Tükmenistanda...? Yada gazet tiražy Yaponýada 68000000, ABDde 63 milýony geçýär. A Türkmenistanda...? Dogry olarda adam sany köp , yöne men Türkmenistanda gazetleri gündelik okap, ya-da aýda bir kitap okaýan adamlary az gördüm diýsem ýalan bolmaz. Bir ýapon ýylda 25 kitap, şwessariýaly 10 we fransuz 7 kitap okaýar. Hatta ýaponiyada ayakda kitap okamagy  "taşiyomi" diýip sözlügüne hem girizipdirler. A biz, türkmenler, näme edyäris. Aýakda kitap okamak beylede dursun, ayakda kitap okaýanlary masgaralamak bilen bolýarys (hemme üçin däl). Şu ýerde başýmdan geçen bir wakany ýazaýyn. Bir toýa gidipdik, stollaryñ üstüne gazetleri seripdirler. Men şol gazetlerden birini alyp okamaga başladym. 5 minut geçmänkä biri gelip "näme alymsyrap otyrsyň" diýse nätjek. Gepiñ tümmegi biziñ entäk çözmeli problemalarymyz köp öýdýän.

TMT Barada

Parahat Meläýew

 

Fewral 3, 2000. Hymmm! Salam türkmenler, yagny doganlarym diýen ýaly bir zat. Men siziň ýazan zatlaryňyzy okap birhili näme etjegini bilmän ýören adamlar aklyma geldi. Sebäbi her haýsyňyz bir zat diyip otyrsyňyz. Göwnüme hemmäniz bir zatlar bilýäňiz, ýöne şol tema hakynda hemme zady bilmän geplejek bolşnyňyz gelip dur. Ine hemme problema hem şu yerde. Hemme kişi dogry zady bilip bilmez(Adamlar üçin) ýöne bir tema hakynda pikiri bolup biler. Ol şol pikiri orta atmaly ÿöne hemmä şeÿle etdirip bilmez. Diýjek bolýanym öz pikiriňi kabul etdirmäni öwrenmeli. Geleli anonimlere(näme üçin dostlarymyz şol sanda men hem türkmen dilinden başga dilleriň sözlerini ulanýarys. (mysal üçin alternatiw, anonim, agressiw, we ş.m.) Bu eýsem bize duşman zatlary kabul etmek diýmek dälmi näme?

 

Anonimlere gelsek: "Hemme aparaturalar köne Bir pult bar, şol bozulaýsa şol gün TMT-ni öçürüp goýaýmaly". Muny ýazan adam ol ýerde hakylatdan hem ýagdaýyň şeýledigini nireden bilýär? Onyň belki-de TMT üçin kompýuter sistemasy dörediljek bolunyp ýöreninden habary hem yokdur (belki eýýäm şeyle sistema geçilendir hem).

 

TMT-de bilýän bolsaňyz hiç internet swýazy yok siz ýaly 24 sagat internette oturanoklar. Nämedigini hem kän bir bilip baranoklar.Bu 24 sagat internediň başynda oturýanlar hem bar diýmek bolýar. Meniň pikrimçe şeyle adam entäk dünýä inen däldir. Onsoň-am telewideniýe üçin onçakly internet gerek bolup durasy yok. Dünýäden hemra antenasy bilen hem habardar bolup bolýar.

 

Aýlyklary az, günortan naharlaryny öýünden biraz çörek pomidor bilen bütün gününi geçirmeli bolýarlar. (Sizin ýaly (kim ýazan bolsa) Nurikler (nurjy jemagaty) günortan naharlari ýok siz bolsa şolarda işlänsoňuz naharyňyz taýar bol elinlikte ýataýaňyz)” Onçakly düşünükli bolmasada nurikleriň doýup gezýänini aýtjak bolupdýr öydyan. Biraz oýlanyp görse gowy bolardy. Onsoňam pomidor bilen çöregiň tagamy ýaman-am däl.

 

Indi “nurikler” barada turik-nurik gaty ýönekeý we ap-akja ýaly görünýär. Men gaty içgin bilemok. Ýöne Türkmenistanda şolar gaty kän we olar bilen iş çalşan adamlar birhili täze akym bilen dünýägaraýyşlary gaty giňändir oýdýärler we absolýut dogryny bu dünýäde indi bilýän diýen pikir emele gelýär. Bu öz başymdan geçen zat. “Nurikleri” Türkiýede okaýan oglanlar gaty gowy tanaýandyr we bu fenomenlara Türkmenistandakydan gaty tapawutly nukdaý nazardan garaýarlar (men, hem şolaryn hatarynda)” Dünyade hiç kim hemme zady bilýän diýmez. Şeyledigini hatjyklap otupmaga gerek ýok.

 

Bellik: agAjan! Gök reňk bilen ýazylan zatlar seniň sahypaňdan alynandýr.Gara bilen yazylanlar öz yazanym.

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center