Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Medeniıet Bölümi

Materializmiň İykylyşy

Eziz Annamyradow

 

Gurbansoltan 18, 2004. 3-4 gün öň Orsiıetiň Birinji İaılym kanalynda kosmosa uçan kosmonawtlar barada bir habar seretdim. Ol habarda ors kosmonawtlar kosmosda bolmaklaryna garamazdan Prawoslaw Hrystyıanlykda mukaddes hasaplanıan ‘Pasha’ baıramyny kaıutada belländiklerini, hatda Orsiıetiň merkezi patriarhy bilen telefonda gürleşendiklerini metbugat ıazgysynda dile getirdiler.

 

Bu waka maňa elbetde iki zady ıatlatdy. Birinjisi, wagtynda Sowet hökümetiniň propagandasy hökmünde Gagariniň metbugata “Men kosmosda Hudaıy görmedim(!)” diıen sözleridi. Muňa döwrüň iň uly alymlaryndan biri eserlerinde şeıle jogap berıär: “Sen näme, Hudaıy kosmosda uçıan barondu öıtdüňmi?”

 

Ikinji bir zat hem bolsa, Karl Marks we Engels ıaly materialistleriň, yzyndan Sowet hökümetiniň 21-nji asra girmezden öň, dünıäniň üçden ikisi ıaly uly bölegi materialist, hatda aterist bolar diıip çaklaıardylar. Emma bu sanyň belli bir ıyllar arasynda köpelip, soňam bolsa yza gaıdyşlyk başlandygy herkime mälim. Materilizmiň gurujylarynyň çaklamalarynyň uly bölegi bilen bilelikde, bu çaklamalary hem ıalňyş bolup çykdy. Şu wagt dünıä dine, ynanja tarap has köp ymtylyp ugrady.

 

Materializmiň çökendiginiň başga bir nyşany bolsa, Mel Gibosnuň ıaňy ıakynda çykaran “(Hz) Isanyň Çilesi” filmine bolan gyzyklanmadyr. Film hrystyıan ynançlary esasynda düşürülmegine garamazdan, dürli hrystyıan toparlary arasynda herhili jedele ıol açdy. Emma ıene-de adamlaryň din bilen meşgullanmagy, jahanyň Marksyň çaklan ugruna gitmeıişidir.

 

Bu filmiň çykmagy musulmanlar üçin Hz Isa (as) Pygamberiň hekaıasy baradaky Mukaddes Kuranda beıan edilen wariantyny aıdyp galmana bir pursat döretdi. Musulmanlara görä Hezreti Isa haçda asylmady, ol zulumlary çekmedi. Oňa meňzeş biriniň asylandygy Nisa Süresiniň 157-nji aıatynda dile getirilıär.

 

Golywudyň hem soňky döwürlerde ruhyıete tarap egilişiň bardygyna göz ıetirıäs. Diımek ynanç adamyň ruhy zerurlulygy. Adamzat şu döwür ejizligini has-da oňat aňıar. Beıle ıagdaı bolsa, şu wagtky dürli bolup geçıän kynçylyklara garamazdan dünıäniň gowulyga, adamçylyga, ahlaka, ynsanlyga, ıardamsöıerlige tarap barıandygynyň subutnamasy bolsa gerek.

Öňki İazgylar

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center