
Bitaraplyk 23, 2003 – Indi birazrak Jahan Kubogyna saıalanşygynyň ikinji tapgyryndaky garşydaşlarymyzyň FIFA-daky orunlaryna we ösüşelerine göz ıetireliň.
|
İygyndy Topary |
Aziıadaky Orny |
Dünıädaki Orny |
|
Saudy Arabystan |
2 |
26 |
|
Indoneziıa |
16 |
51 |
|
Türkmenistan |
18 |
99 |
|
Şri Lanka |
25 |
137 |
Saudy Arabystan: Aziıada ady belli futbol ıygyndysy. 2002-nji ıylyň bitaraplyk aıyndaky hasabatda dünıäde 38-nji ıerdekä, bir ıyl soň 12 orun ıokary galdy.
Indoneziıa: Her obada örän düzgün ıagdaıda endik hökmünde oınalıan futbolda, halkara arenada kän özüni görkezmeıän döwlet. Bitaraplyk’2003-de 110-nji ıerdekä, uçgun bolup bir ıyl içinde 51-njilige çykmagy başardy.
Türkmenistan: Entek özüni dünıä belli etmedik ıyldyz, Bitaraplyk’2003-de 122-nji orundan bir ıylyň içinde, diňe Aziıa Kubogy saılanşygy oıunlaryndaky ussatlyklary bilen 2 aıyň içinde, 23 orun göterilmegi başardy.
Şri Lanka: Geçen ıyl 139-njy ıerden bu ıyl 135-njilige çykan Şri Lankanyň ıygyndysynyň tejribeleri kämilleşıändigi, täze toparyň meıdança assa-ıuwaş öwrenşip başlandygy aıdyň. Futbolda kän ady eşidilmedik hem bolsa herhilli haıran galdyryjy netije bilen garşylaşyp bileris.
Garşydaşlarymyzyň hiçhaısyny ejiz görmeli däl. Olaryň oınaıyş usullaryny, tejribelerini ösüşüň ugruny yzarlap, örän ıygy türgenleşik geçirip taııarlanmaly. Biz iň bärkisi şu wagtlykça 3-nji tapgyra geçmegi başarmaly. Beıle bolaıan ıagdaıynda metbugat has ıygylaşyp, Türkmenistana üns çeker. Iň bärkisi, ülkämiziň adyny duıurup galmaly.
Eger ıygyndymyz oıuny halys oınasalar we birazragam usulda üıtgeşikler edip dursalar, ıygyndan (gruppadan) çykmana mümkünçülügümüz bar. Goragçy usully oınamagymyz örän howply ıagdaı döredıär. Arap Emiratlary bilen ikinji oınumuzdaky goly soňky minutlarda geçirdik we hasap hutba-hut tamamlanypdy(1:1). Eger birazrak çozgunly oınap, ıene bir gol salyp soň goraga geçsedik 3 bal bilen watanymyza dolanyp bilerdik.
Emma ıene ıigitlere berekkella diııäris. İekeje oıny hem ıeňilmäni Aziıa Kubogy saılanşygynda, gruppadan birinji bolup çykmagy, we biziň ruhumuzy şatlyk bilen doldurmagy başardylar.
Entek bu barada biz öňümüzdäki sanlarymyzda aıdyp geçeris.
Türkmen.NET
Bitaraplyk 18, 2003. Sogapgün. Türkmenistanyň uzak wagtlap futboldaky ussatlyklary, ıakynda eıe halkara oıunlardaky üstünlüklerine çenli göz ıetirip bilmedik FIFA guramasy, ıygyndy toparymyzyň ornuny 122-den 99-a çykardy. Dünıäniň iň oňat 100 toparynyň we Aziıanyň iň oňat 20 toparynyň arasynda ornuna eıe bolan Türkmenistan ıygyndysynyň üstünlügüniň soňy däldigi mälim. 2002 Jahan Kubogy saılanşygynda iki oıunda-da ıeňen toparymyz bolan Iordaniıa, 47-nji ıerde we Aziıada 6-nji oruna eıe boldy. Edil şonuň ıaly ıaňy ıakynda Aziıa Kuboguna saılanşykda ıeňen ıygyndymyz bolan Arap Emirlikleri, dünıäde 75-nji we Aziıada 12-nji ıerde.
Dünıäde birinjilik ‘samba tansçylary’nda galıar (Braziliıa), ikinjilik Fransiıa we üçünjülük Ispaniıa degişli.
Aziıada birinjilik G.orta Koreıler (22),
ikinjilik Saudy Arabystan (26), üçünjilik Eıran (28) ıygyndy toparlary barıar.
Türkistan ıygyndylary:
1.Türkiıe(UEFA) – 9
2.Özbegistan(AFC) – 51
3.Türkmenistan(AFC) – 99
4.Häzirbegjan(UEFA) – 119
5.Täjigistan(AFC)\a\ – 137
6.Gazagystan (UEFA)–136
7.Gyrgyzystan(AFC) –157
a-Täjigistany Türkistany hasabynda tutmagymyzyň
sebäbi, onuň ıerleşiş ıeri, gadymy Türkistan (başga bir söz
bilen aıdylanda Merkezi Aziıa) regionuny içinde ıer almagydyr.
Bitaraplyk 16, 2003. İaşgün. Hytaıda geçiriljek Aziıa Kubogy’2004 saılanşygynda G Gruppasynda 0 bal bilen tamamlan Şri Lanka, ikinji bir saılanşyk üçin (Jahan Kubogy’2006 2-nji tapgyry) atylan bije netijesinde (Aziıa Kubogy saılanşygyndaky G) gruppanyň birinjisi bolup tamamlan Türkmenistan bilen, ıene bir ıygyna düşdi. Biziň Şri Lankanyň Aziıa Kubogy saılanşygynda ıeňmeňimiz, ıene-de ıeňjekdiimize subutnama däldir. Şri Lanka biziň bilen oınan oıunlarynyň ikisinem biziň öıümüzde oınady, birinjisi Balkanabatda, beılekisi bolsa Aşgabatda. Ikinjiden, Şri Lanka Siriıa bilen oınan oıunlarynda öz derwezesinde 13 gol gördi, emma soňa baka ıagdaıy gowulaşdy. Türkmenistana öz derwezelerine jemi 4 gol geçirtdi. Arap Emiratlaryna bolsa 6 gol geçirdip, 1 gol garşydaşlarynyň derwezesine girizmegi başardy, we oıunlaryň hiçisini öz öıünde oınamady.
Belki olar Aziıa Kuboguny çyna alan däldirler, belki asyl ıygyndy düzümüni ıollan däldir – bulary biz wagty gelende analizlerimizde agzap geçeris. Emma aıtmaly birzat, Jahan Kubogy saılanşygyna çenli Şri Lanka topary gowja taııarlanmagy mümkin. Belki ıeňeris, belki ıeňileris. İöne Şri Lanka örän agyr pursatlar ıaşar. Olar şu wagt ruhy taıdan hem bize garanda pes. Şol sebäpli olar biziň strategiıalarymyzy jikme-jik öwrenjek we şoňa görä taııarlanjak bolarlar. Biziň ıygyndymyz “ıeňeris” pelsepesi bilen arkaıynlaşmaly däldir, taııarlyklaryny we türgenleşikleri berkitmeli we ıygylaşdyrmaly. Şri Lankany ıeňmesek, 2002 Jahan Kubogy saılanşygynda gruppamyzdaky Özbegistan toparynyň edişi ıaly, Saudy Arabystan ıa-da Indoneziıanyň bu pursatdan peıdalanyp, az bir tapawut bilen bizi geçmegi mümkin.
Türkmen.NET
Bitaraplyk 16, 2003. İaşgün. Belli bolşy ıaly milli ıygyndy toparymyz Owganystanyň derwezesine 13 gol salyp, özlerinkide hiçhili hasap görmän ikinji tapgyryň gruppa bölnüşügüne gatnaşmana hukuk gazandy. Bijeleriň netijesinde Türkmenistan sekizinji gruppada Indoneziıa, Saudy Arabystan we Şri Lanka bilen öıde we daşarda oınar. Bu gruppadan 3-nji tapgyra ıekeje ıeňiji çykar.
Biz gezekme-gezek herbir rakyp (garşydaş) toparlaryň ösüşlerini, täzeliklerini yzarlap, oıunlaryny, usullaryny we emele gelip biljek ıagdaılary analiz ederis.
Şu wagtlykça aıdyp biljek zadymyz gruppadaky iň uly garşydaşymyz Saudy Arabystandyr. Emma ıigitler gaırat etse, alyp bilmejek galamyz ıokdur.
Türkmen.NET
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center