Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Serdar Bölümi

 

Altas Toparyndan

 

Baıdak 8, 2004. Bu bölüm serdarymyz B. Saparmyrat Türkmenbaşa bagyşlanandyr. Onuň alyp barıan adyl syıasaty we ruhy galkynyş baradaky ıazgylaryňyz, materiallaryňyz, düzmeleriňiz, pikirleriňiz bolsa bize hökmän ıazyň: altas@turkmen.net

 

İaılym Senesi: Nowruz 7, 2004.

SERDARA GUTLAG
(61 İaşyna)

 

MODYİEWA Selbi

Türkmenistanyň Harby instituty

 

Ençe ıyllar Alladan dileg-nalyşym, Serdar,

Türkmeniň maňlaıyndan dogan kuıaşym, Serdar,

Sanardan kän halk üçin seň eden işiň, Serdar,

Ak sakgally gojalar maslahatdaşyň, Serdar,

Halk bähbitli işlerdir edıän geňeşiň, Serdar,

Gutly, mübärek bolsun 61 ıaşyň, Serdar!

 

 

91-iň güızünde Garaşsyzlyk getirdiň,

Halky gün kimin çoıup, kyn günlerden ötürdiň,

Ata-baba arzuwym, maksadyma ıetirdiň,

Hakyky serdar bolduň, är işini bitirdiň,

Serdarlaň arasynda belentdir başyň, Serdar,

Gutly, mübärek bolsun 61 ıaşyň, Serdar!

 

 

İüregimde göterıän Serdar seniň adyňy,

Dür , mermere bezeıäň gözel Aşgabadymy,

Halkyň seň bilen gider, gowşatmaz hiç badyny,

Nesiller üçin gurıaň Türkmeniň binıadyny,

Asuda hem agzybir töwerek-daşym, Serdar,

Gutly, mübärek bolsun 61 ıaşyň, Serdar!

 

 

Eziz Watan Bitarap, asuda asmanymyz,

Barha belende galıar şöhradymyz-şanymyz,

5 welaıat 5 dogan bir suprada nanymyz,

Serdaryň saıasynda gowudyr ykbalymyz,

Seň baryňda ıalkanıan göwnümde hoşum Serdar,

Gutly, mübärek bolsun 61 ıaşyň, Serdar!

 

 

Men Watanmyň esgeri, goragynda duraryn,

Gerek bolsa oň üçin şirin janym bererin,

Gelse duşman üstüme läşin ıere sererin,

Saňa beren ähdime çyn wepaly bolaryn,

Bir ädim yza tesmen, gererin döşüm, Serdar,

Gutly, mübärek bolsun 61 ıaşyň, Serdar!

 

 

19-njy fewral ıatdan çykmaz bu sene,

Ömür ıalkansyn seni dünıä inderen Ene,

Esger gyzyň Selbiniň edıän arzuwy ine,

61-iň üstüne 100 ıaş goşaıyn ıene,

Baky başyma gonan altyndan täjim, Serdar,

Gutly, mübärek bolsun 61 ıaşyň, Serdar!

 

Öňki İazgylar

 

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center