
Eziz Annamyradow
Türkmenbaşy 10, 2004. Bilim Ministirligininiň Halkara Bölüminiň başly jenap Nury Saparow, bir duşuşygymyzda aıdan bir sözi hiç ıadymdan çykanok: “Öwrenjek ylymyňyz – iň uly baılykdyr! Ony hiçkim eliňizden alyp bilmez! Pulyňyz, gyzylyňyz bir gün bar bolsa, bir gün ıok. Biri eliňizden kakyp alyp biler, ogurlap biler. Emma ylym kelläňiziň içindedir. Ony dünıäň pulyny berseň-em alyp bolmaıar. Muny ıatlanymyň sebäbi, soňky birnäçe aı bäri metbugata gep bolan, pop ıyldyz, Maıkl Jäksonyň eden ıalňyşydyr. Eden işini pul bilen düzederin öıden aıdymçy, millioner hem bolsa, baılygynyň hiç kömegi degmedi. Belki Jäkson oglanjygy zorlanam däldir, emma çagajyk bilen bir krowatda ıatmak ıaly işi, öň 1993-nji ıylda-da hakynda kazyıet işi açylandan soň-am çagalar bilen ıatmana dowam etmegi, akyl kemçiliginiň nyşany bolsa gerek. Ondan soň näçe guş ıaly ganat çyrpsaň-çyrp, emma ıitiren abraıyňy yzyna alyp bilmersiň. Bir-hä pul gazanmak üçin kazyıet işi açyp tussag edendikleri, çykmak üçin 3 million berndigi aıdyp özüni ıuwjak boldy. Kazyıet işleri gidip durka, milletparazlygyň gurbany boldum diıip, Nation of Islam (Yslam Milleti) jemgyıet goşulandygyny yglan etdi. Birnäçe ıyl öň agasy musulman bolupdy. Özi hem täsirlenip musulman bolandygyny metbugata ıetirip, yzyndan haj zyıaratyna barıarka uçarda dininden dönendigini aıdypdy. Bu neneňsi sahlyzlyk? Din oıunjak ıaly, gerek wagty gir, gerekmedik wagty çyk. İene-de ‘Yslam Milletiniň’ birazrak aňy-düşünjeleri tapawutly. Olaryň diımegine görä aklar – hrystiıan, garalar – musulman bolmaly. Bir wagtlar Malkom Iks (Malcom X) hem bu topardandy. Munyň ıalňyş düşünjedigini haja gelip, bärdäki dürli milletlerden gelen musulmanlary görüp düşündi. Mowzuk bölüneni üçin ötünç soraıan. Maıkylyň kazyıet işi netijesinde, 20 ıyl berilmegi mümkindigi aıdylandan soň bolsa, tussag wagty gümde polis işgärleriniň gödek gatnaşandyklaryny dile getirip, günäni özünden sowjak boldy. Düın alaçsyz ıagdaıda paspordyny, daşary ıurda gaçyp gitmegiň öňüni almak üçin hökümmet işgärlerine yzyna bermeli boldy.
Günbataryň, Amerikanyň we dünıäniň köp ıaşlarynyň ‘jan köıülıänlerinden’, aıdymçy Britney Spearsiň eden, özüniň diımegine görä, degişmesi dilden dile ıaırady. Kimiň görseň şony gürrüň edip otyr. Las Vegasda bir diskotekada bile serhoş bolan, çagalykdan bäri tanaıan dosty, Maıkyla, ıör iki degişme bolsun diıip öıleneli diıip, Las Vegas meşhur adamlaryň köplenç gelip nyka gyıdyrıan bagt öıüne gelip, ıyrtyk jinsisi bilen serhoş ıagdaıda nyka gyıdyrıar. Iki sagatdan soň-am, öılilikleriniň ahyrlanandygyny aıdıar.
Amerikanyň demokratiıasy şu bolsa, bize ol gerek däl. Käbir hakyna tutulan daşary ıurt metbugat serişdeleri Türkmenistandaky söz azatlygy we ynsan hukuklary barada tenkit eden bolıarlar. Emma, eger biziň milli häsiıetimizä görä örän mukaddes saıylıan nyka bilen oıun ediljek bolsa, bize özleriniň ‘demokratiıa’ diıip atlandyrıan zadynyň kölegesem zerur däl. Türkmen baştutany ıaňy ıakynda daşary metbugatyna “Amerika demokratiıa eıe bolmak üçin siwil urşa girdi. Näme, Türkmenistana bir gijede demokratiıa girizjek bolıarlarmy?” diıip aıtdy. Galyberse-de her döwletiň özüne laıyk gelıän demokratik strukturasy bar. Amerikada gomoseksuallara azatlyk bar, Daniıada nykalanmaklaryna rugsat bar diıip, bizem bu nälet işe rugsat bermelimi? Türkmenistan hökümmeti İewropa Arkalaşygy we İewropa Komissiıasynyň eskpertlerine Türkmenistandaky demokratik we ynsan hukuklar ıagdaıyny barlamana we bu barada tabşyryklaryny çap etmäne çagyrdy. Türkmenistanyň öňki hökümmet işgärlerinden uly mukdar puly şahsy hasaplaryna geçirmek bilen, parahorluk bilen ykdysadyıetimize uly zeper ıetiren birnäçe şahsyıet daşary ıurda gaçyp, haram işi edenden soň özleriniň gara ıüzlerini ıuwjak bolup, halal sözler ıaıradan bolıarlar. Galyberse-de özlerini ‘demokrat’ yglan edip, käbir guramalardan ‘ak jüıje’ ıaly goldaw soraıarlar. Türkmen hökümmeti şu wagta çenli düşünjesini beıan edeni üçin hiçkimi tussag etmedi. Diňe täze düıbi tutulan döwletiň sütünününi syndyryp biläıjek, pitne çykaryjy, halkyň durnukly ıagdaıyna şikes ıetiriji maglumatlaryň metbugatda ıaıymlanmagyna rugsat berilmeıär. Emma düşünjeler arkaıyn Prezident Diwanyna hat arkaly ıetirilip biler. İene bir bellemeli zat, Türkmen hökümmeti olara kazyıet üstünden geçip, eger ‘ogry’ ıa-da ‘terrorçy’ däl bolsa, hakykatdan-am aıdyşlary ıaly ‘oppozisioner’ bolsa, ‘demokrat’ bolsalar, onda tussag ediljek däldigi aıdyldy. Şyhmyradow edil şol proseduradan geçdi, we kazy jezany 25 ıyl azatlykdan mahrum etmäne baglady. Eden jenaıatçylyklarynyň arasynda <Türkmen goşun ıaraglarynyň we harby uçarlarynyň bikanun ıollar arkaly daşary ıurda çykarmagy>, <Türkmen gaznasynda 100 million dollardan gowrak puly ogurlamagy>, <Türkmen serhedine bikanun ıol bilen girmegi>, <Türkmen araçäklerine bikanun ıollar bilen ıarag girizmegi>, <Türkmenistanyň raıatynyň, galyberse-de baştutanynyň janyna kasdedişlik synanşygyna göniden-göni gatnaşmagy we ıolbaşçylyk etmek>, <narkotiki serişdeleriň ulanyşy we satyşyna gatnaşmagy>, wşm. We bularyň hiçhaısysy oppozisiıa gurdy, özüni ‘demokrat’ yglan etdi diıilip günälenmedi. Görnüşi ıaly, Türkmenistandan gaçyp gidenler munuň üstünde söz sözläp, bizi aldap gapana düşürjek bolıarlar, diıip metbugata ıetirdiler. Türkmen hökümmeti ıene nobatdaky jogabyny berdi, we ‘watan dönükleriniň’ işleri halkara kazyıete tabşyryljagyny, we halkara kazyıet işgärleriniň ıer aljakdygy we bitarap toprakda geçiriljekdigi barada Amerikan hökümmeti bilen ylalaşyga gol çekildi. Indi muňa näme diıerler-kä? Hakyky demokrat bolsa kazyıet işiniň öňunde dursunlar-da.
Amerikan hökümmetiniň, özüni ‘demokrat’
yglan eden watan dönükleriniň we käbir garaşsyz metbugatyň
‘demokratiıa’ gürrüňüniň boşdugynyň subutnamasy, Yrak
meselesidir. Şu wagt Yrak halky bar baılygyny bir hepde durnuklylyk üçin
bermäne razy. Belki Saddam alyp barıan syıasatynyň uly böleginde
ıalňyşıardy, belki zalymlygam edendir, emma ülkäniň
durnuklylygyny saklamagy oňat başarypdy. Eger nirede, nä wagyt
partlaıyjy maddanyň partlajagyny bilmän, gorky içinde gezip ıörjek bolsam,
maňa ‘demokratiıa’ nämä gerek? Meniň üçin demokratiıa öz pikrimi
hökümmete ıetirip bilıän bolsam, çagalarym mekdebe arkaıyn, asudalyk içinde
gidip-gelıän bolsalar, men bazara gidip islän zadymy alyp bilıän bolsa, ana
şol demokratiıa. Hatda ıakynda prezidentiň karary bilen wagytlaıyn
girizilen daşary ıurda çykyş ıazylymy (çykyş wizasyna
meňzeş) ıatyryldy. Indi gerekli resminamalar düzuw bolan ıagdaıynda,
hiçhili şerte bagly bolman daşary ıurda çykyp bolar.
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center