Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Taryh Bölümi

Haçly Saparlary

Eziz Annamyradow

 

            Baýdak 13, 2004.Asyrlarça günbatar gündogara maglup bolup ýaşady. Yslam döwleti bolsa, äpet güýç alyp, dünýäniň medeniýetine, ylmyna we sungatyna uly goşant goşup, tehnikada uly ädimler ädipdiler. Ýewropa döwletleri alyp bildigine yza galypdy. Arassaçylyk düşünjesi ýokdy, nahardan öň we soň eli ýuwmak, nahary arassa bişirmek ýaly adatlary ýokdy. Iň bärkisi Fransiýanyň uly köşklerinden Luis XIV(1638-1715)-niň köşkünde ýekejede hajathana bolmandyr. Hajathana diýilip birzadyň bolup biljegini hem bilmändirler. Ispaniýada gurulan Emewi Yslam Döwletiniň uly goýum goýan bäşşäheri Kordobada, Ýewropada şu wagt hem deňi-taýy bolmadyk mygmarlyk eserleri we suw üpjünçülik ulgamy ýerleşdirilipdir. Suw geçirijileri agyz suwuny şäheriň herbir burçuna ýetirýärkä, we hapa suwlary jemläp bir ýere ýygnaýarka, Pariž we London ýaly meşhur şäherler suw barada hiçhili pikirleri hem ýokdy.

Dünýäni tegelekdigini aýdany üçin alymlar ‘dinden çykarylýar’we asylýar. Emma Yslam älemi dünýäniň tegelekdigini we güniň daşyndan aýlanýandygyny we edil şolar ýaly Gün ulgamymyzda jemi 9 planetanyň bardygyny bir eýýam subut edipdiler.

Mal-mülk ýygnamak üçin Hristiýan ybadathana guramasy ulanylyp, halky aldap Kudusa (Iýerusalime) ‘Haçly Saparlary’ny (Crusades) yglan etdiler. Ýolda bigünä ýüzmüňlerçe ýewreýleri we musulmanlary, çaga-aýal diýmän gylyçdan geçirdiler. Soňra olaryň bu şagalaňyň soňuny, Türkmen hökümdarynyň tabşyrygy esasynda, kürt asylly serkerde Salahatdin Eýuby getirýär. Gaçanlar gaçýar, ölenler ölýär. Ýesirler bolsa maşgalalara paýlanýar. Iki ýyllap bu ýerde galyp adamçylyk häsiýetlerini öwrenýärler. Hajathana, arassaçylyk, çemçe ýaly medeniýet nyşanlaryny öwrenýärler. Iki ýyldan soň azat edilende bu gören medeniýetlerini Ýewropa gidenlerinde ornaşdyrýarlar. Taryhda Haçly Saparlaryny beýan edenlerinde “musulmanlary kesdik, ... öldürdik, ... ýeňdik. Hurra!”, “Şa Riçard ýeňiş yglan etdi!”  ýa-da “ -zalym- Salahatdine ýeňildik, biziň esgerimizi gyrdylar, ýesir aldylar”  ýaly sözler aýdylýar. Emma musulmanlar kim, näme üçin garşy goýup uruşdylar, Salahatdin kim, nireden, beýle zatlar beýan edilenok. Sebäbi yslam medeniýetini eşiden bu dine girýärdi.  Bu hem ybadathana (serkow) guramasynyň islemeýän zadydy. Galyberse-de ýesirlerden musulman bolanlar-am az däldi. Şu gün köp Hristiýan çeşmeleriň özlerem taryhda edende terrorçuluklaryny boýun alyp, ötünç soraýarlar.

Emma Yslam äleminiň ykbaly soňky üç asyrda agyr düşdi. Bu biziň yhlasymyzyň peselendigi we günbataryň has yhlasly işläp düzen maksatnamalary boýunça biziň golumyzy-ganatymyzy ýoldular.

Bugün özüni döwletiň adalat merkezi saýýan käbir döwletler ‘Haçly Saparlaryna’ dowam edýär. Elbetde onuň üstüni ‘parahatçylyk, terorizme garşy göreş, toplum zedeleýiji ýaraglary ýogadyş,’ ýaly perdeler bilen ýapyp, hakyna garanda hazynanyň-baýlygyň yzyndan ylgaýarlar. Käbir zalymlary bu döwletleriň başlaryna özleri goýup, özleri tutup ýöne bigünä halky azara goýup ýörler.

Emma zalymyň şagalaňy uzaga gitmez. Ýene bir Salahatdin çykyp geler. Bu gezek belki bir Salahatdin däl-de, bir näçesi geler. Belki o Salahatdin ýarag bilen däl, gül bilen geler, galalary däl-de, köňülleri eýelär.

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center