
İaılym
Senesi: Baıdak 22, 2004
S. Gandymow
Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
Türkmenistanyň
Merkezi bankynyň başlygy;
W. Tıunibekıan
Türkmenistanyň
Merkezi bankynyň işgäri
Türkmen halky
Parfiıa, seljuklar ıaly gadymy dünıä siwilizasiıalarynyň
birgideniniň
mirasdarydyr. Türkmen halky öz köp asyrlyk, käwagt pajygaly,
agyr, käwagt
bolsa buısançly wakalardan doly şöhratly taryhynyň
dowamynda
güyçli ruhy baılyk gazanyp, öz milliligini ıitirmän saklamagy
başaran
halkdyr.
Beıik Saparmyrat TÜRKMENBAŞY.
Aşgabadyň gündogar
çetinde ıaňy. ıakynlarda hem "İaşyl depe. diılip atlandyrylıan beıik depe
bardy. 40-njy ıyllaryň ahyrynda Aşgabadyň ıerli alymlary bu ıadygärlikde gazuw-agtaryş
işlerini geçirip, ony doly suratlandyrıarlar. Hawa, bu biziň eramyzdan öň, takmynan
onuň ilkinji (birinji) asyrlary töwereginde gurlan, Parfiıa galasy bolupdyr.
Arheologlaryň tapan köp sanly
keramiki gap-çanaklary, öı-enjamlary Parfiıa döwrüne degişli bolan
bu galada durmuşyň uzak wagtyň dowamynda gaınap joşandygyndan habar
berıär.
70-nji ıyllaryň ortalarynda,
gaz stansiıasy gurlan mahalynda "İaşyl depe. doly dargadylıar, gurluşykçylar
bolsa bu depeden Parfiıanyň kümüş zikgelerini (şaıy pullaryny) tapıarlar, emma
olar doly saklanyp galmaıar.
Dogrusy, bu şaıy pullar diňe
bir Türkmenistanly teňňe toplaıjylaryň eline düşmän, eısem bütin Orsıete hem
ıaıraıar. Şol sebäpli hem olaryň nähili zikgeler bolandygy barada anyk bir zat aıtmak
hem mümkin däl. Emma, şol şaıy pullaryň birisi, elden-ele geçip, ahyrynda hem
Türkmenistanda galıar. Ine, şu zikge hem gaznadan tapylan beyleki Parfiıa şaıy pullary
bilen deňeşdirilende ylmy taıdan uly gyzyklanma döredıär.
Galyberse-de, gürrüňi edilıän şaıy
puluň iňňän seırek duş gelıän teňňe bolup, Parfi-ıanyň
zikgeçilik sungatynyň iň nepis eserleriniň biridigini hem-de
käbir alamatlary boyunça oňa kybapdaş metal pullaryň henize çenli
tapylmandygyny bize subut etmek başartdy. Bu şaıy puly agramy 4, 3 gram bolan kümüş
drahmadyr.
Bu kümüş drahmanyň ıüz
tarapynda biziň eramyzdan öň 123-88 ıyllar aralygynda häkimlik süren Parfiıa şasy
Mitridat II-niň portreti şekillendirilendir. Şanyň suraty realistik yörelgä eıerilip,
etnografik realizm diılip atlandyrylan yörite ülňüde çekilipdir. Ruh rahatlygyndan hem-de
ynamdan doly şanyň ıüzi örän takyk sypatlandyrylypdyr, onuň uly dür däneleri
bilen bezelen baı şa lybasy bolsa jikme-jik görkezilipdir. Şanyň nepis timarlanan saçy
imperatorlar dinastiıasyna degişliligiň alamaty bolan diıadema atly gymmat bahaly täç
görnüşli kemer bilen örtülipdir. Şanyň boınunda griwna şekillendirilip, oňa
häzirki wagtda Türkmenistanyň döwlet (milli) muzeıinde saklanıan meşhur Parfiıa
ritonlarynyň aşaky bölegini düzıän fantastiki ganatly jandarlaryň
şekili hem goşulyp gidıär.
Bu zikgäniň arka ıüzi, umuman,
beıleki parfiıan şaı pullarynyňkydan tapawutlanmaıar. Onuň ortarasynda
arkasy beıik tagt hem-de onuň üstünde döwleti hem-de dinastiıany (şejeräni)
esaslandyryjy Arsak şanyň şekili ıerleşdirilipdir. Onuň egninde gadymy Köpet-dag
eteklerinde ıaşan parns atly çarwa tiräniň wekilleriniň geıen eşikleri, şol
sanda beıik gonçly ädik hem-de ıiti burçly şlem bar. Patyşanyň çala
eplenen golunda onuň kimdir birine uzadyp duran peıkamy bar. Bu şekil
häkimiıetiň sarpasy belent şa atadan, ıagny Arsak şanyň elinden onuň
neberesinden bolan täze patyşa Mitridat II-ä geçıänliginiň simwolydyr. Peıkam imperatorlar dinastiıasynyň
söweşjeň geçmişini ıatladyp duran mukaddes döwlet häkimiıetiň nyşanydyr.
Mälim bolşy ıaly, bu sahna Parfiıan döwletiniň 500 ıyllyk taryhynda goıberilen
metal pullaryň ählisinde diıen ıaly şekillendirilendir.
"BASILEWS MEGALOU APSAKOU
EPIFANOUS. (Şöhraty Belent Beıik Şa Arsak) grek dilinde ıazylyp
şekiliň daşyna aılanypdyr.
Adatça, parfiıan teňňelerinde
täze patyşalaryň atlary ıazylmandyr, sebäbi täze patyşa tagta çykanda ol
dinastiıanyň düıbüni tutujy Arsagyň adyny alıan eken. Dogrusy, bu entek gürrüňini edıän
teňňämiziň juda seırek duş gelıändigini subut etmeıär. Bu şaı
puluň
ıüz tarapynda patyşanyň suratynyň sagynda ıerleşdirilen
" NI " harplary bolsa Parfiıa döwletinde kakylan zikgelerde juda seırek duş gelıär.
Alymlaryň aıtmaklaryna görä bu bellik "Nusaı. zikgehanasynyň gysgaldylan nyşany
bolupdyr. Şeılelikde, bu
harp
belgisi gürrüňini edıän şaı pulumyzyň taryhy gymmatlylygyny
has-da artdyrıar. Şeyle hem, bu Aşgabadyň golaıynda ıerleşıän
gadymy Nusaı galasynda biziň eramyzdan öň birinji asyrlarda güyçli zikgehana-nyň bolandygynyň
subutnamasydyr.
Bu teňňe, eliňe
alanyňdan, döwlet zikgehanasynda işlän hünärmentleriň öz işine
juda ökdedigini
görkezıär. Nusaı drahmasy şol döwrüň iň ıokary derejedäki
tehniki hem-de sungat usullaryndan peıdalanyp ıasalypdyr. Oňa gadymy döwrüň
şaı pul ıasama
sungatynyň
iň nepis nusgalarynyň arasynda hem naıbaşylarynyň biri
hökmünde baha bermek bolar. Onuň torewtikanyň (metalyň yüzüne
heıkel çekmäniň) iň ajaıyp nusgalarynyň biridigine şek-şübhe ıokdur. Bu
zikgäniň ıurdumyzyň taryhyny öwrenmeklik üçin hem uly ähmiıeti bardyr. Bu diňe bir Parfiıa
döwletiniň bolandygynyň aıdyň subutnamasy bolmak bilen çäklenmän, eısem ıurdumyzda
pul ıasama sungatynyň taryhynyň hem, gadymyıetden gaıd-ıandygynyň hem aydyň
şaıadydyr. Bu şaıy puly
geçmişde
Parfiıa jemgyıetiniň ıokary medeniıete eıe bolandygyny ıatladıar.
Esasanam, şol döwürde Aşgabadyň çäklerinde asyrlaryň dowamynda
döwrebap, ıokary derejede abzallaşdyrylan zikgehananyň bolandygyny
görkezıär. Türkmenistan çalt depginler bilen ösıän ıaş,
garaşsyz döwletdir. Garaşsyzlygyň 9 gowrak ıylynyň dowamynda
gazanylan üstünlikler uly. Paıtagtyň görki günsaıyn gözelleşıär,
döwletimiziň gurluşy hem garaşsyzlygyň hem-de bitaraplygyň
öňde goııan wajyp wezipelerine laıyklykda üıtgeıär. Pul dolanyşygynda
edilmeli işler köp. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli puly (kagyz hem-de metal pullar)
Beıik Britaniıada Londonda İewropanyň iň oňat hem-de gadymy
zikgehanalarynyň birinde ıasalıar. Ol ıerde ıasalıan pullaryň,
zikgeleriň hilinin ıokarydygy barada hiç bir şübhe ıok we biz muňa guwanıarys. İakyn
geljekde Türkme-nistanda-da milli pul ıasamak üçin niıetlenen zikgehana işläp
başlar hem-de ıurdumyzda şaı pul ıasama senediniň gadymy şan-şöhraty
dikeldiler. Köne Nusaıyň Parfian drahmasy bolsa munuň üçin
gadymyıetden galan zikgeçilik senediniň ajaıyp bir nusgasy bolup hyzmat
eder.
YLMY PASPORT
(NUMIZMATÇYLYK MATERIALY)
DÖWLETI:
Parfiıa döwleti,
HÖKÜMDARY:
Beıik Mitridat II (B.E.öň 123-88.nji ıyllardan täze era çenli),
ZIKGÄNYŇ
GÖRNÜŞI: Drahma.
ZIKGEHANA:
Nusaı zikgehanasy.
İASALAN
SENESI: Täze eranyň 120-108 ıyllary aralygy,
TAPYLAN
İERI: Türkmenistan, Aşgabat, ıİaşyl depeı, gazylyp alnan, 70-nji
ıyllar
(Seıitmyradowyň
toplan şaı pullaryndan).
MAGLUMATYŇ
ÇAP EDILEN WAGTY:1980 ı, çenli ylymda belli bolmadyk;
25(ıüzi)
we 26 (arkasy) şekilleriň utgaşdyrylmasy.
İASALAN
METALY: Kümüş.
DIAMETRI:
21-23 mm.
AGRAMY:
3, 66 gr.
SAKLANYŞ
İAGDAİY: Ortaça golaı.
SEİREKLIK
DEREJESI: Iňňän seyrek duşıan.
BELLIK:
Gyralary uçan, başky agramy biraz ıitişen.
ÇAP
EDILEN IŞLER: Pilipko W. N. , Loginow S. D. Aşgabatdan tapylan
parfiıan
drahma
gaznasy, TSSR, YA JY seriıasy ą 1, 1980 ı. bu makalada bu zikge 24 we
26
şekilleriň utgaşdyrmasy diılip görkezilen, biziň pikirimizçe,
bu teňňe
26
we 26 şekilleriň utgaşdyrmasyna has golay gelıär,
PASPORTY
DÜZÜJI: Taryh ylymlarynyň kandidaty Loginow S.D. 13. 03. 98 ı.
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center