Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Taryh Bölümi

 

GADYMY NUSAİDAN TAPYLAN SEİREK DUŞ GELİÄN ZIKGE

İaılym Senesi: Baıdak 22, 2004

 

S. Gandymow

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy;

W. Tıunibekıan

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgäri

Türkmen halky Parfiıa, seljuklar ıaly gadymy dünıä siwilizasiıalarynyň

birgideniniň mirasdarydyr. Türkmen halky öz köp asyrlyk, käwagt pajygaly,

agyr, käwagt bolsa buısançly wakalardan doly şöhratly taryhynyň

dowamynda güyçli ruhy baılyk gazanyp, öz milliligini ıitirmän saklamagy

başaran halkdyr.

Beıik Saparmyrat TÜRKMENBAŞY.

 

            Aşgabadyň gündogar çetinde ıaňy. ıakynlarda hem "İaşyl depe. diılip atlandyrylıan beıik depe bardy. 40-njy ıyllaryň ahyrynda Aşgabadyň ıerli alymlary bu ıadygärlikde gazuw-agtaryş işlerini geçirip, ony doly suratlandyrıarlar. Hawa, bu biziň eramyzdan öň, takmynan onuň ilkinji (birinji) asyrlary töwereginde gurlan, Parfiıa galasy bolupdyr.

            Arheologlaryň tapan köp sanly keramiki gap-çanaklary, öı-enjamlary Parfiıa döwrüne degişli bolan bu galada durmuşyň uzak wagtyň dowamynda gaınap joşandygyndan habar berıär.

            70-nji ıyllaryň ortalarynda, gaz stansiıasy gurlan mahalynda "İaşyl depe. doly dargadylıar, gurluşykçylar bolsa bu depeden Parfiıanyň kümüş zikgelerini (şaıy pullaryny) tapıarlar, emma olar doly saklanyp galmaıar.

            Dogrusy, bu şaıy pullar diňe bir Türkmenistanly teňňe toplaıjylaryň eline düşmän, eısem bütin Orsıete hem ıaıraıar. Şol sebäpli hem olaryň nähili zikgeler bolandygy barada anyk bir zat aıtmak hem mümkin däl. Emma, şol şaıy pullaryň birisi, elden-ele geçip, ahyrynda hem Türkmenistanda galıar. Ine, şu zikge hem gaznadan tapylan beyleki Parfiıa şaıy pullary bilen deňeşdirilende ylmy taıdan uly gyzyklanma döredıär.

            Galyberse-de, gürrüňi edilıän şaıy puluň iňňän seırek duş gelıän teňňe bolup, Parfi-ıanyň zikgeçilik sungatynyň iň nepis eserleriniň biridigini hem-de käbir alamatlary boyunça oňa kybapdaş metal pullaryň henize çenli tapylmandygyny bize subut etmek başartdy. Bu şaıy puly agramy 4, 3 gram bolan kümüş drahmadyr.

            Bu kümüş drahmanyň ıüz tarapynda biziň eramyzdan öň 123-88 ıyllar aralygynda häkimlik süren Parfiıa şasy Mitridat II-niň portreti şekillendirilendir. Şanyň suraty realistik yörelgä eıerilip, etnografik realizm diılip atlandyrylan yörite ülňüde çekilipdir. Ruh rahatlygyndan hem-de ynamdan doly şanyň ıüzi örän takyk sypatlandyrylypdyr, onuň uly dür däneleri bilen bezelen baı şa lybasy bolsa jikme-jik görkezilipdir. Şanyň nepis timarlanan saçy imperatorlar dinastiıasyna degişliligiň alamaty bolan diıadema atly gymmat bahaly täç görnüşli kemer bilen örtülipdir. Şanyň boınunda griwna şekillendirilip, oňa häzirki wagtda Türkmenistanyň döwlet (milli) muzeıinde saklanıan meşhur Parfiıa ritonlarynyň aşaky bölegini düzıän fantastiki ganatly jandarlaryň şekili hem goşulyp gidıär.

            Bu zikgäniň arka ıüzi, umuman, beıleki parfiıan şaı pullarynyňkydan tapawutlanmaıar. Onuň ortarasynda arkasy beıik tagt hem-de onuň üstünde döwleti hem-de dinastiıany (şejeräni) esaslandyryjy Arsak şanyň şekili ıerleşdirilipdir. Onuň egninde gadymy Köpet-dag eteklerinde ıaşan parns atly çarwa tiräniň wekilleriniň geıen eşikleri, şol sanda beıik gonçly ädik hem-de ıiti burçly şlem bar. Patyşanyň çala eplenen golunda onuň kimdir birine uzadyp duran peıkamy bar. Bu şekil häkimiıetiň sarpasy belent şa atadan, ıagny Arsak şanyň elinden onuň neberesinden bolan täze patyşa Mitridat II-ä geçıänliginiň simwolydyr. Peıkam imperatorlar dinastiıasynyň söweşjeň geçmişini ıatladyp duran mukaddes döwlet häkimiıetiň nyşanydyr. Mälim bolşy ıaly, bu sahna Parfiıan döwletiniň 500 ıyllyk taryhynda goıberilen metal pullaryň ählisinde diıen ıaly şekillendirilendir.

            "BASILEWS MEGALOU APSAKOU EPIFANOUS. (Şöhraty Belent Beıik Şa Arsak) grek dilinde ıazylyp şekiliň daşyna aılanypdyr.

            Adatça, parfiıan teňňelerinde täze patyşalaryň atlary ıazylmandyr, sebäbi täze patyşa tagta çykanda ol dinastiıanyň düıbüni tutujy Arsagyň adyny alıan eken. Dogrusy, bu entek gürrüňini edıän teňňämiziň juda seırek duş gelıändigini subut etmeıär. Bu şaı

puluň ıüz tarapynda patyşanyň suratynyň sagynda ıerleşdirilen " NI " harplary bolsa Parfiıa döwletinde kakylan zikgelerde juda seırek duş gelıär. Alymlaryň aıtmaklaryna görä bu bellik "Nusaı. zikgehanasynyň gysgaldylan nyşany bolupdyr. Şeılelikde, bu

harp belgisi gürrüňini edıän şaı pulumyzyň taryhy gymmatlylygyny has-da artdyrıar. Şeyle hem, bu Aşgabadyň golaıynda ıerleşıän gadymy Nusaı galasynda biziň eramyzdan öň birinji asyrlarda güyçli zikgehana-nyň bolandygynyň subutnamasydyr.

            Bu teňňe, eliňe alanyňdan, döwlet zikgehanasynda işlän hünärmentleriň öz işine juda ökdedigini görkezıär. Nusaı drahmasy şol döwrüň iň ıokary derejedäki tehniki hem-de sungat usullaryndan peıdalanyp ıasalypdyr. Oňa gadymy döwrüň şaı pul ıasama

sungatynyň iň nepis nusgalarynyň arasynda hem naıbaşylarynyň biri hökmünde baha bermek bolar. Onuň torewtikanyň (metalyň yüzüne heıkel çekmäniň) iň ajaıyp nusgalarynyň biridigine şek-şübhe ıokdur. Bu zikgäniň ıurdumyzyň taryhyny öwrenmeklik üçin hem uly ähmiıeti bardyr. Bu diňe bir Parfiıa döwletiniň bolandygynyň aıdyň subutnamasy bolmak bilen çäklenmän, eısem ıurdumyzda pul ıasama sungatynyň taryhynyň hem, gadymyıetden gaıd-ıandygynyň hem aydyň şaıadydyr. Bu şaıy puly

geçmişde Parfiıa jemgyıetiniň ıokary medeniıete eıe bolandygyny ıatladıar. Esasanam, şol döwürde Aşgabadyň çäklerinde asyrlaryň dowamynda döwrebap, ıokary derejede abzallaşdyrylan zikgehananyň bolandygyny görkezıär. Türkmenistan çalt  depginler bilen ösıän ıaş, garaşsyz döwletdir. Garaşsyzlygyň 9 gowrak ıylynyň dowamynda gazanylan üstünlikler uly. Paıtagtyň görki günsaıyn gözelleşıär, döwletimiziň gurluşy hem garaşsyzlygyň hem-de bitaraplygyň öňde goııan wajyp wezipelerine laıyklykda üıtgeıär. Pul dolanyşygynda edilmeli işler köp. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli puly (kagyz hem-de metal pullar) Beıik Britaniıada Londonda İewropanyň iň oňat hem-de gadymy zikgehanalarynyň birinde ıasalıar. Ol ıerde ıasalıan pullaryň, zikgeleriň hilinin ıokarydygy barada hiç bir şübhe ıok we biz muňa guwanıarys. İakyn geljekde Türkme-nistanda-da milli pul ıasamak üçin niıetlenen zikgehana işläp başlar hem-de ıurdumyzda şaı pul ıasama senediniň gadymy şan-şöhraty dikeldiler. Köne Nusaıyň Parfian drahmasy bolsa munuň üçin gadymyıetden galan zikgeçilik senediniň ajaıyp bir nusgasy bolup hyzmat eder.

 

YLMY PASPORT

(NUMIZMATÇYLYK MATERIALY)

DÖWLETI: Parfiıa döwleti,

HÖKÜMDARY: Beıik Mitridat II (B.E.öň 123-88.nji ıyllardan täze era çenli),

ZIKGÄNYŇ GÖRNÜŞI: Drahma.

ZIKGEHANA: Nusaı zikgehanasy.

İASALAN SENESI: Täze eranyň 120-108 ıyllary aralygy,

TAPYLAN İERI: Türkmenistan, Aşgabat, ıİaşyl depeı, gazylyp alnan, 70-nji ıyllar

(Seıitmyradowyň toplan şaı pullaryndan).

MAGLUMATYŇ ÇAP EDILEN WAGTY:1980 ı, çenli ylymda belli bolmadyk;

25(ıüzi) we 26 (arkasy) şekilleriň utgaşdyrylmasy.

İASALAN METALY: Kümüş.

DIAMETRI: 21-23 mm.

AGRAMY: 3, 66 gr.

SAKLANYŞ İAGDAİY: Ortaça golaı.

SEİREKLIK DEREJESI: Iňňän seyrek duşıan.

BELLIK: Gyralary uçan, başky agramy biraz ıitişen.

ÇAP EDILEN IŞLER: Pilipko W. N. , Loginow S. D. Aşgabatdan tapylan parfiıan

drahma gaznasy, TSSR, YA JY seriıasy ą 1, 1980 ı. bu makalada bu zikge 24 we

26 şekilleriň utgaşdyrmasy diılip görkezilen, biziň pikirimizçe, bu teňňe

26 we 26 şekilleriň utgaşdyrmasyna has golay gelıär,

PASPORTY DÜZÜJI: Taryh ylymlarynyň kandidaty Loginow S.D. 13. 03. 98 ı.

Öňki İazgylar

 

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center