Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Alymlar

Ylym dünıäsine uly goşant goşan türkmen we dünıä alymlary.

 

[1] [2] [3] [4] [5]

Omar bin Haııam

Mekdeplerde şu wagt “Paskal Üçburçlagy” diıilip öwredilıän binomial üçburçlagyny Paskaldan asyrlar öň işläp çykaran alym Omar Haııamdyr.

 

Binomial Üçburçlagy: matematikada (a+b)^n ıagdaıyndaky deňligiň koefisiıasyny aňsat usul bilen tapylşy.

N=1     1

N=2     1  1

N=3     1  2  1

N=4     1  3  3  1

N=5     1  4  6  4  1

N=6     1  5  10  10  5  1

N=7     1  6  15  20  15  6  1

……

Harizmi (780-850)

“El-Jebr we’l-Mukabele” atly eser bilen günümizdäki matematikanyň algebrasyny ıüze çykaran alymdyr. “Kitap el-Suret el-Ard” atly kitabynda 9-njy asyrda günbatarlylylaryň göni diıip kabul edıän ıeriň togalakdygyny subut edendir.

Akşemseddin

Mikroplaryň kesel ediji we ıokançlydygyny hiçhili mikroskobiki enjam ulanmany taryplan ilkinji adam. Onyň aıdanlaryny Paster asyrlar soň mikroskop arkaly yzarlandan soň tassyklady. Akşemseddin şol sanda Rimlylaryň soňky topragy Konstantinopoly basyp alan Osmanly Türkmen Döwletiniň hökümdary Soltan II Mämmet Türkmeniň mugallymy bolandyr.

El-Wahidi

Döwrüniň iň giň derman öndürıän labaratoriıasyny ylym dünıäsine gazandyrandyr.

Jabir bin Haııan

Günbatarly alymlar maddanyň atomdan has kiçi böleklere bölünip bilmeıändigini dile getirıärler-kä, Jabir b. Haııan öz şägirtleri bilen bir söhbetinde atomyňam bölünip biljekdigini, we bu bölnüşikde Bagdat ıaly uly şäheriň tep-tekiz boljakdygyny aıdyp geçıär. Bu 20-nji asyrda Aınştaınyň (Einstein) subut eden atom bombasynyň ilkinji taryplary bolup durıar.

Ibni Sina

Lukman Hekim diıilip hem tanalıan Ibni Sinanyň (Awissena) 19-njy asyryň ahyrlaryna çenli gündogar unwersitetlerinde “el-Kanun fit-tin” atly kitaby  esasynda geçilen synaglar boıunça üstünlikli jemlemedikler unwersitet diplomyny alyp bilenokdy.

Mesudi (?-956)

Nijer Derıasy barada iň ilkinji we giň maglumaty ıazan eserleri arkaly ylym dünıäsine gazandyran geografiıa alymy.

Ibn-I Fadlan

921-njy ıylda Bagdat halypasynyň ıollamagy esasynda Wolga derıasy hakda ilkinji jikme-jik geografiki maglumatlary ıüze çykaryp eserleşdiripdi.

Reşiduddin (1280–1318)

“Jam-i et-Tewarih” kitabynda 14-njy asyrda bütinleı we giň ele alyp Hytaı taryhyny ıazdy.

İusup İakup bin Yshak (796–872)

İewropada “Al-Kindus” lakamy bilen tanalıan, İusup İakup Kindi, dürli mowzuklarda 265 biribirinden tapawutly ylmy ders kitaplary ıazandyr.

Soltan II Mämmet Türkmen (Fatyh Soltan)

Ystanbulyň basybalyşynda ilkinji gezek ulanylan diwar topuny işläp çykardy. Özi Osmanly Türkmen Döwletiniň hökümdary bolup, Ystanbuly ele geçirende 21 ıaşyndady.

Biruni

Galileodan asyrlar öňünden dünıäniň şar görnüşindedigini subut edip, dünıäniň radiusyny hasaplap çykaran ilkinji adamdyr. Piknometri oılap tapandyr.

 

[1] [2] [3] [4] [5]

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center