Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

E-Mekdep

Size şu ıerde dürli ylmy makalalary size hödürlemekçi.

 

İaılym: Gurbansoltan 19, 2004

FAİLLARY ŞIFRLEMEK

 

M. Çüriıew

Türkmen politehniki instituty

Ylmy ıolbaşçysy: O. Nurgeldiıew

 

Kompıuterde islendik faıly başga biriniň ulanmagyny islemesek, onda şeıle faıllary şifrlemek zerurlygy ıüze çykıar. Mysal üçin, biziň ıazan tekstimizi ıa-da düzen maksatnamamyzy bizden rugsatsyz ulanmaklaryny islemesek, onda şifrlemek usulyndan peıdalanyp bileris.

 

Umuman aıdanymyzda, irki döwürlerde hem (kompıuterleriň döremezinden has öň) birek-birege hat ıazylanda olary başga biriniň okamazlygyny üpjün etmek maksady bilen ol hatlary şifrlemeklik ulanylypdyr. Şifrlemekligiň usullary örän kändir. Mysal üçin, islendik tekstdäki harplary elipbiı boıunça şol harplardan belli-bir daşlykda ıerleşen harplar bilen çalşyryp çyksak, onda emele gelen tekst düşnüksiz bir zat bolar. Oňa şifrlenen tekst diıilıär. Ol teksti okamak üçin onuň şifrleniş usulyny, başgaça aıdanymyzda onuň algoritmini hem-de ol algoritmiň ıerine ıetmegi üçin zerur bolan käbir maglumatlary(paroly) bilmelidiris.

 

Biz bu işimizde şeıle usullaryň birnäçesine seredip geçdik. Olardan iň ähtibarlylarynyň biri mundan takmynan ıüz ıyl öň belli iňlis matematigi hem-de ıazyjysy Lıuis Kerrol tarapyndan hödürlenen usuldyr. Onuň manysy şundan ybarat: birinji setirde latyn elipbiıiniň harplary elipbiı tertipde A,B,C,.Y,Z ıazylıar. Ikinji setirden başlap bolsa ol elipbiıiň haprlary bir harp süışen görnüşinde ıagny ikinji setir:  B,C,D,., Z,A, üçünji setir C,D,E,.,A,B we ş.m. görnüşde ıerleşdirilıär. Şeılelikde 26 latyn harpy ulanylıan elipbiıde 26 setiri hem-de 26 sütünden ybarat bolan harplaryň tablisasy emele gelıär. Bu tablisanyň setirleri hem-de sütünleri ıene-de elipbiı tertipde latyn harplary bilen belgilenıärler.

 

                A B C          . . .      Y Z

            A A B C          . . .      Y Z

            B B C D           . . .      Z A

            C C D E           . . .       A B

            .   .   .  .            . . .       . .

            .   .   .  .            . . .       . .

 

            Y Y Z A           . . .      W X

            Z Z A B           . . .       X Y

 

Teksti bu usul boıunça şifrlemek üçin bu tablisadan başga-da parolyň hem berilmegi hökmandyr.Paroly düzıän harplar sütünden kesgitlenıär, şifrlenıän tekstiň harplary bolsa setirden kesgitlenıär. Şifrlemek şeıle bolup geçıär: parolyň(sütün) hem-de tekstiň (setir) birinji harplary alynıar. Soňra degişli sütüniň hem-de setiriň kesişmesinde ıerleşıän harp alynıar. Bu harp şifrlenen tekstiň birinji harpyny emele getirıär. Beıleki harplar hem şonuň ıaly kesgitlenıär. Adatça parol hökmünde ulanylıan sözi emele getir-

ıän harplaryň sany tekstdäki harplaryň sanyndan gysga bolıar (hakykatda bolsa onuň uzynlygy çäklendirilmeıär). Haçan-da parolyň iň soňky harpy okalandan soň, ıene-de onuň birinji harpyna geçmeklik amala aşyrylıar. Bu algoritm boıunça KARROLL sö.üni LEWIS paroly bilen şifrlesek, onda VENZGWP sözi emele geler. Eger-de biz şifrlenen tekstden asyl tekstimizi almakçy bolsak, onda öňki tablisadan, öňki paroldan hem-de öňki algoritmden peıdalanmalydyrys.

 

Biz bu usuly kompıuterde ulanmak maksady bilen Turbo Pascal algoritmik dilinde maksatnama düzdük. Özünem bu maksatnamada 26 latyn harplary bilen çäklenmän, eısem kompıutyerde ulanylıan 226 simwoly(bu programmada ilkinji 30 simwoly ulanmak bolmaıar, sebäbi olar dolandyryjy simwollar) goşmak bilen ol tablisany has hem giňeltdik. Bu bolsa programmany has täsirli görkezıär. Programma esasy programmadan hem-de iki sany kömekçi programmadan ybarat. Olaryň birinjisi teksti şifrlemeklige,

ikinjisi bolsa şifrlenen teksti açmaklyga mümkinçilik berıär. Programma dialog görnüşinde ıerine ıetip ulanyja faıly şifrlemek ıada açmaklygy saılap almaklyk hödürlenıär. Onuň saılap alyşyna baglylykda ol ıa-da beıleki kömekçi programma ıerine ıetıär.

 

Bu programmanyň bir yetmezçiligi . şifrlenen programmalaryň ıerine ıetiryan meselelerini bozanok. Ol diňe programmanyň ıa-da faılyň tekstini şifrleıär we şifrlenen programma öz öňki meselelerini ıerine ıetirıär. Şol sebäpli biziň bu programmamyzy diňe tekstleri şifrlemek üçin ulansak bolar. Programmamyzy Kerroll. Exe diıip atlandyrdyk.

 

Emma biz diňe bu programma bilen çäklenmän başga bir programma düzdük. Biziň soňky düzen programmamyz XOR funksiıanyň esasynda işleıär. Programmamyzyň strukturasyny aşakda görüp bilersiňiz.

 

 

USES CRT;

VAR

                        Fi,

                        Fo :FILE of byte;

                        Ch : BYTE;

                        J :BYTE;

                        I : WORD;

                        Pass : string;

BEGIN

                        If ParamCount:=3 then

Begin

Clrscr;

                        Assign (fi,Paramstr(1));Reset(fi);

                        Assign (fo,ParamStr(2));ReWrite(fo);

                        Pass i:=Paramstr (3);

                        I:=0;

                        While Nat EOF (fi) do

Begin                Read (fi,ch);Inc(i);

                        For j:=1 to length(pass) do

                        Ch:=(ch XOR Ord(Pass[j]));

                        Write (fo,ch);

                        { Goto XY(1,1);

                        Write (i,.BYTES in Process.); }

End;

                        Close(fi);

                        Close (fo);

End;

                        Else Writeln(.Parametr not found.);

End.

 

Biz bu programmamyzy faıl görnüşinde döretdik we oňa Shifot. Exe diıip at berdik. Programmany MS-DOS operasion sistemanyň şertlerinde ulanmak mümkin. Biziň öňki programmamyzdaky ıaly şifrlenme parolyň esasynda ıerine ıetirilıär. Şifrlenme ıerine ıetirilmeginden öň, programma şifrlenıän faılyň öňki we ol faılyň soňky atlaryny we parolyň girizilmegini talap edıär.

 

Geliň şifrlenmäniň prinsipini göreliň. XOR funksiıasy sanlaryň üstünden belli bir operasiıasyny geçirıär. Şol funksiıanyň 4 esasy operasiıasyny göreliň

 

1 XOR 1=0

1 XOR 0=1

0 XOR 1=1

0 XOR 0=0

 

Kompıuterde ulanylıan simwollaryň her biriniň 8 sandan («0» we «1» sanlaryndan) ybarat bolan kody bar. XOR funksiıasy simwollaryň kodlarynyň arasynda operasiıa geçirıär. Şonuň netijesinde başga kod (san yzygiderliligi) emele gelıär. Eger islendik bir tekstiň harplarynyň arasynda we islendik sözüň arasynda ıokarda aıdylyp geçilen operasiıany amala aşyrsak, onda netijede şifrlenen tekst emele geler.

 

Meselem:

            «kaka» sözüni birlik san (1) bilen şifrläliň. Başda biz olaryň kodlaryny göreliň.

            k 01101011

            a    01100001

            1    00110001

 

Bu ıerde 1 san klawiaturanyň simwoly.

            k   01101011             a    01100001

                         XOR                             XOR

            1    00110001                        1    00110001

            Z    01011010                        P    01010000

 

Netijede:

            kaka

                        1

            ZPZP

 

Şifrlenmäniň netijesinde «kaka» sözüniň ıerine «ZPZP» harp yzygiderligini aldyk. Programmamyz şu prinsip boıunça işleıär. Bu programmamyzyň uly tapawudy . ol exe tipli faıllary hem şifrläp bilıär we olaryň işine päsgelçilik berıär.

Öňki İazgylar

 

·        19.04.2004. FAİLLARY ŞIFRLEMEK

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center