Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Gündeligim

“Atamyň we obamyň ıaşulylarynyň beren nesihatlaryny gündelik edip saklapdym. Şolary size hödürlemekçi.”

 

Türkmenlerde Duz-Çörek Däpleri

İazan: Belli Däl

 

Nowruz 13, 2004. Çörek we duz gadymy wagtlardan bäri Türkmenleriň mukaddes hasaplaıan zatlary bolup durıar. Yslamdan öň Gurhanyň derejesinde mukaddes saıyp, onuň ady bilen and içilerdi, oňa uly hormat goıulıardy. Şonuň täsir häli bar.

 

Türkmen yrymlaryna görä, çöregi ıaıradyp, owradyp iımek, depelemek, oklamak, gowa alamat hasaplanmaıar. İerde ıatan çörek ıa-da ownuklarynyň ıatandygy görülse, ony alyp 3 gezek ogşap maňlaıyňa degirip, beıigiräk ıerde goıulıar. Saçagyň başynda duz-çöregiň hormaty üçin edepli-ekramly, gyryşsyz-sögüşsiz oturmak Türkmen yrymlaryna görä gowy zatlara yşaratdyr.

 

Kiçi çagalaryň çep eli bilen çörek-duz, nahar-tagam iımegine ulylaryň örän gahary gelıär. Ryzkyň sag el bilen iıende köp geljekdigine ynanylıar. Türkmenlerde diňe sag elinden haıyr garaşylman, eısäm beıleki sag organlardan hem gelen biologiki häsiıetler hem haıyra alamat hasaplanylıar. Mysal üçin sag gulagyň çyňlamagy, sag gözüň çekmegi ıa-da sag eliň gijemegi ıaly ıaly yrymlar hakynda gowy gürrüň edilıändigi ıa-da begenjekdigiňe, ıa-da bolmasa eliňe pul geçjekdigine alamat saıylıar. Türkmenlerde çep, erbet wakalara alamatdyr. Çep el bilen duz iımek ryzkyň azaltjagyna, çep gulagyň çyňlasa gyıbatyň edilıändigine, çep gözi çekilse gynanjakdygyňa, çep eli giıjese çykdaıyjyň boljakdygyna yrym edilıär.

 

Elbetde Türkmenleriň duz-çörek bilen bagly yrymlary çäksiz. Bularyň birnäçesini sanap geçeliň:

 

a)      Çöregi iki elläp döwmeli. Çöregi mukaddes hasaplaıanlar üçin oňa hormat görkezip iki el bilen döwmeli. Bir el bilen döwülse duza hormatsyzlyk edilendigi sebäpli ryzkyň, yrsgalyň azaljagyna ynanylıar.

b)      Çöregi oklamaly däl. Çöregi adamdan hem üstün görülıändigi sebäpli, çrek oklansa uly günä boljakdygyna ynanylıar. İerde ıatan çöregi galdyryp 3 gezek ogşamaly.1-nji ogşaıyş zayňanyň günänisiniň geçilmegi üçin, 2-njisi ony group galdyrmadygyň günäsiniň geçilmegi üçin, 3-njisi hem bolsa öz günäsiniň geçilmegi üçindir.

c)      Çöregiň, bela-beterden goraıandygyna ynanylıar. Bir kiçi çaga uklap ıatyrka bir özüni goıup daşary çykanda baş ujuna çörek goıulıar. İola çykyp barıan adam bela-beterden gorasyn diıip çörek berilıär.

 

Türkmen saçagy unly iımitlere örän baıdyr. Bularyň esasylary: bogursak (pişme), gatlama, çelpek, petir, tamdyr somsa, manty, börek, unly aş wşm. Türkmenler örän myhmansöıer, päk ıürekli, sada adamlardyr. Mydama gülerıüz bilen myhman garşylaıarlar.Myhmanlaryň öňüne herhili hezzet-hormat goıulup, olaryň çäksiz bolmagyna, saçakda boş ıer goımazlyga örän üns berilıär. “Myhman yrsgaly bilen geler,” diıilişi ıaly, Türkmenler ıolda-yzda gören her tanyşyna iň bolmanda çaı hödürlemekden gaıtmaıarlar.

 

Türkmenler parahatly döwletde ıaşamagy söııän halk. “Bir gün gykylyk bolan ıerde, 40 gün yrsgal bolmaz,” diıilişi ıaly, ryzky bereketli, saçagyň bol bolmagy üçin dawa-jenjelsiz ıaşaıan halkdyr.

 

Bellik: Bu ıazgy 1998-nji ıylda, Türkmen dili we edebiıaty dersinden bir okuwçynyň ıazan düzmesidir.

Öňki İazgylar

 

·        13.03.2004. Türkmenlerde Duz-Çörek Däpleri

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center