Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Kitap Älemi

Täze we köne türkmen kitaplary.

"Aınalar, Penjireler we Almalar"

 

06.04.2004

Hüdaıi Jan – Türkmen Edebiıatynyň Aşygy

Şu sözler bilen başlaıan "Aınalar, penjireler we almalar" atly kitabyň awtory Hüdaıi Jan ıüz görülıän aına bilen penjiräniň arasyndaky tapawuda ünsi çekip, adamyň hem özüne, hem-de äleme garaışy hakynda täsin pikir öwürmelerini okyja hödürleıär.

Türkmen diliniň we edebiıatynyň aşygy, türkmen ıazyjy-şahyrlarynyň pesinden 150 töweregi eserini okandygyny aıdıan Hüdaıi Jan türkmen edebiıatynyň kökleriniň berkliginden, sagdynlygyndan söz açıar. Ol türk dilinde neşir edilen "Aınalar, penjireler we almalar" kitabyna epigraf hökmünde türkmeniň "Şasenem-Garyp" dessanyndan:

Bize habar geldi, ıollar açykdyr,

Men Garyp men, meni ıollaň ıoluma

diıen setirleri alypdyr. Awtoryň Türkmenistanda görenlerini, başyndan geçirenlerini pursatlaryň üsti bilen özboluşly beıan edıän bu kitaby türkmene söıgüsiniň öwüşgünidir.

Sekiz ıyldan bäri Türkmenistanda ıaşaıan ıaş ıazyjy Hüdaıi Jan bu gün türkmen edebiıatyny türklere tanatmagyň yşgynda. Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes "Ruhnama", "Türkmen ilim aman bolsun", "Türkmeniň bäş eııamynyň ruhy" atly eserlerini türk diline terjime edenleriň biri, söıgüli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň şygyrlarynyň birnäçesini terjime edip, Türkiıäniň uly edebiıat ?urnallarynda çap etdiren Hüdaıi Jan Ahmet Halmyradowyň "Arafat dagy", Ylıas Amangeldiniň "Üç nokatdan biri", Hydyr Amangeldiniň "Gurruk guıy", Gurbandurdy Geldiıewiň "Gep ugry edebiıat" atly eserlerini hem türk diline terjime etdi.

 

 

Çeşme: Zaman-Türkmenistan [baş sahypa | kitap bölümi ]

GEP UGRY EDEBIÝAT
AÝNALAR, PENJIRELER, ALMALAR
KÖR GUÝY
Gurbandurdy Geldiýew
Hüdaýi Jan
Hydyr Amangeldi

 

Öňki İazgylar

 

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center