Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Ruhnama

“Altyn asyr türkmeniň ylmynyň dünıä ıaırajak, şöhratlanjak asyry bolmalydyr. Bizde ylmyň gapylary giňden açykdyr. Biz her bir raıatymyzyň ylymdan ıüküniň ıetik bolmagyny gazanmalydyrys. Ylym ıurdumyzda umumyhalk gyzyklanmasyna, ykbalyna öwrülmelidir. Çünki XXI Altyn asyr - ylym asyrydyr. Çünki türkmeniň Altyn asyrynyň, altyn ruhly ıaşaışynyň gapysy - ylymdyr. Türkmeni maksat-myradyna, altyn ıaşaışyna ıetirjek - ylymdyr.”

Beıik Saparmyrat Türkmenbaşy,
Mukaddes Ruhnama, sah.343

İaılym: Nowruz 13, 2004

YLYM BAGTYŇ ÇYRAGYDYR-1

Iň oňat ylym -jemgyıete peıda getirıän ylymdyr.

Jemgyıete peıda bermeıän ylmyň hakyky ylymdygy şübhelidir. Adamzadyň islendik işiniň manysy haıyr görmekdir. Çünki nep, haıyr görmek jemgyıetçilik ıaşaışyny üpjün etmegiň usulydyr.Alym öz ylmy bilen jemgyıetiň maddy we ruhy kämilligine hyzmat etmelidir. Eger ol bu işden çetde galıan bolsa, onuň ylmy bimanylyk, boş hem howaıy akyl satmadan başga hiç zat däldir. Ylym bilimleriň, maglumatlaryň näme üçin we kime gerekligi belli bolmadyk howaıy toplumy däldir. Şunuň ıaly ıalan ylym bir husydyň körmüş syçan ıaly yygnap, soňam gizläp goıan, il hajatyna ıaramaıan baılygy kysmy bir zatdyr. Alym - ylym eıesi, ylym ilki ile, jemgyıete hyzmat etmelidir, diňe şu hem ylmyň eıesine hyzmat etdigidir.

Jemagatsyz ylym gury owazdyr. Alym - ylym eıesi, jemgyıet - alym eıesidir.

Adamzat jemgyıeti ylymsyz, adam akylsyz ıaşap bilmez. Allatagala baş ıaşaıyş serişdesi diıip, adama akyly beripdir. Şonuň üçin hem akyl adam ıaşaışynda maddy, beden serişdelerinden - elden, aıakdan, zähmet guralyndan, gara güıçden soňky goşmaça serişde däl-de, olardan öňki, baş serişdedir.Akylyň müňlerçe ıyllap jemlenip, toplanmagyndan ylym kemala gelipdir. Ylym adamzadyň bir artykmaçlygydyr.

Adamy adam eden ylymdyr.

Akyl ylmyň şinesidir, zehin - tohumydyr.Ruh - adam bedeniniň ıetmezini doldurıan, adamy ululyk taıyndan dünıä barabar edıän zatdyr. Ylym bolsa ruhy kämilleşdirmegiň, amal etmegiň usulydyr.Allatagala adamdan öň jandarlara beren artykmaçlyklarynyň deregine oňa akyl berendir. Adam akyly ylym bile kämilleşdirip, ol artykmaçlyklardan hem zyıada artykmaçlyklara ıetendir. Adama ganat berilmändir, emma ylym bilen ähli ganatlylardan has ıokary galmaga akyl-paıhas beripdir. Adama aşa ıyndamlyk berilmändir, emma ylym bilen ol iň ıyndam tizligi edindi. Adama ıiti penje berilmändir, emma ol ylym bilen iň uly güıç-kuwwaty edindi. Akyl we ylym - Alla ıakynlaşmagyň mümkinçiligidir. Ylym - öz kelläňden hem ıokary bakmak mümkinçiligidir.Ylym - ıaşaıyş silinde gark bolaıjak adamyň öz saçyndan özi çekip, özüni halas etmek mümkinçiligidir. "Nähili ıaşamaly we nädip ıaşamaly?" diıen sowala jogap berip bilıän ylym hakyky ylymdyr, munuň hötdesinden gelmeıän ylym galp ylymdyr, gury öz-özüňi güımemek, gury harajat çykarmakdyr.

Adamyň artykmaçlygy - bilmekdir. Adamyň borjy - bilmekdir.

Bilmek - dünıä akyl ıetirmek, dünıäde ornuňy tapmak we şol omnda öz-özüňi ykrar etmekdir. Gylyjyň möwriti ötdi, ıöne, hatda, gylyjyň özi hem akylyň we bilimiň önümidir. Gylyjyň möwriti ötdi diıenimde men indi gylyjy oılaptapmak üçin ulanylan paıhasyň, gylyjy ıasamak üçin sarp edilen bilimiň başga zatlara ulanylmalydygyny göz öňünde tutıaryn.

Bilmek üç basgançakdan ybaratdyr:Sowat. Bilim. Ylym.

Bilim adamzat tarapyndan döredilen hazynadyr. Sowat şol hazynanyň açarydyr. Sowat hat, ıazuw we beıleki bilim serişdelerini özleşdirmek bilen bilim dünıäsine girmäge gapydyr. Bilim basgançagynda adam özünden öňküleriň toplan akyl genji-hazynasyny özleşdirıär, öz beınisine siňdirıär, öwrenıär, özüniň zeruryny gözleıär, özüne geregini alıar, gerekmejegini bir gapdalda goııar.

Öňki İazgylar

 

·        13.03.2004.Ylym Bagtyň Çyragydyr-1

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center