Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Talyplyk İyllary

Bu synp ıörite ıokary okuw mekdeplerinde okaıan talyplar üçin açylandyr. Başdan geçiren wakalaryňyzy, ıatlamalaryňyzy, makalalaryňyzy, goşgularyňyzy, suratlaryňyzy bu bölümde ıaıymlap bilersiňiz.

Malaıziıadaky Türkmen Talyplary Resmi Topar Zyıarat Etdi

Abdy Rahmanow

 

Nowruz 13, 2004. Döwlet tarapyndan Petronas firmasy bilen şertnama esasynda 6 ıyldan bäri her ıyl Malaıziıada Petronas Tehniki Uniwersitedinde okamak üçin türkmen talyplary seçip-saılanylyp iberilıär. Her ıyl ortaça hasapdan Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 10 oglan saılanylyp iberilıär. Şu wagt türkmen talyplarynyň sany 55 töweregi. 5 adam eııam okuwy gutardy.

 

Malaıziıanyň paıtagty Kuala Lumpura nebit-gaz pudagynda ösüşi ugrunda geçirilıän bir konferensiıa gelen türkmen delegasiıasy, yzarlaıan Kertih şäherçesindäki desgalary görmek üçin edilmeli ekskursiıa teklibini bir agyzdan yza gaıtaryp, ıerine bärde okaıan türkmen talyplaryny görmek isleıändiklerini dile getiripdirler.

 

Biz hem olaryň geljegini 2 gün öňünden bildik. Örän tolgundyk, sebäbi bu bizi görmäne zyıarata (gabyr zyıaraty manysynda däl) gelıän ilkinji türkmen delegasiıasydy. Birem biziň bärde ilçihanamyzam bolman soň, bu adatdan daşary ıagdaıdy.

 

Hoşgüni, Nowruz aıynyň 3-ne İolbaşçylyk Edarasynyň seminar otagynda ıygnanşdyk. Myhmanlar birazrak gijigen soň, biz hasam aljyram, olaryň kimdigi nähilidigini has-da bilesimiz gelip ugrady. Öglän sagat 3.00-e ıakyn delegasiıa unwersitedimiziň ygtyıarlylarynyň ıol görkezmesi esasynda seminar eıwanyna girdiler. Malaıziıanyň jokrama yssysynda kostıumly gezip ıören bu adamlaryň, tüıs türkmen ak-ıürek simalary, güler-ıüzleri we watan ugryna gara der döküp ıygyrt düşüren päk maňlaılary ünsümüzi çekdi.

 

Zalyň öň tarapyna talyplara ıüzüni aılap oturdylar. Elbetde gepiň, gürrüňiň nähili ugur aljagyny göz öňümüze getirip ugradyk. Hemişe öwrenşenimiz ıaly resmi ıagdaıdamy, ıa-da “aı senem türkmenmaı?” görnüşindemi? Elbetde birbirimizi doly tanamansoň ıygnak birazrak resmi ıagdaıda geçdi. Delegasiıanyň başynda Blok I İolbaşçysy jenap İusupserdar Taganow bardy. İusupserdar-aga delegasiıasynyň beıleki agzalary bilen-em tanyşdydy. Prezidentimiz Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ıanynda resminamalar we ylalaşyklar esasynda işleıän Barlag Bölüminiň müdiri Dädebaı Gazakow, delegasiıanyň iň ıaş agzasydy. Balkannebit Gözleg-agtaryş ıolbaşçy toparynyň baş agzasy jenap Mars Aşyrmämmedow hem, iň ıaşulysydy. Delegasiıanyň beıleki agzalary jp. Baıram Nedirow (Nebitgaz Ministirliginden), jp. Oraznepes Kumşiıew (Türkmennebitden), we bu delegasiıanyň ıany bilen “Petronas Carigali Türkmenistan”dan müdir jp Süleıman Abdylla we hökümet ylalaşykçysy jp. Kakajan Haıytliıew hem bardy.

 

Umuman ıaşulylarymyz unwersitetdäki oňat şertleriň bardygyna gözıetirendigini, bu şertleri doly manyda ulanmagy, okap oňat bilim alyp, geljekde ülkämize uly goşant goşmagymyzy maslahat berdiler. Şu unwersitedi gutaranlardan uly umytlarynyň bardygyny we uçurumlaryň eııam döwlet pudaklarynda işe ıerleşdirilendigini aıdanlarynda, gutaran soň iş barada zeırenmezligi, hökümetde iş tapylmasa hususy kärhanalarda tapyljakdygyny dile getirdi. Watan borjumyz bolan harby gullyk meselesine gelende, sagdyn we agzalary (organlary) düzüw bolan herbir erkek raıat harby gullyk etmäne borçludyr, emma İOM-i gutaranlara, pudaklaryna ıakyn ıerde gullyk etmäne şert döredilip biljekdigi aıdyldy. Türkmenistandaky uly galkynyşyň bardygyny dile getiren delegasiıa, bu işiň özlerinden soň şu wagtky ıaş nesil dowam etdirmeli boljakdygyny, şol sebäpli okuwda hiçhili gowşaklyk etmän okamagy maslahat berdi. Talyplardan bolsa unwersitetde ülkämiziň adyny duıurmak, we abraıyny saklamak barada edilıän medeni çäreler, agzybir  alnyp barıan jemgiıet işleri barada maglumat berdiler.

 

Gürrüň howasy ıygnakdan soň çaı başynda has-da ıylady. Talyplaryň delegasiıa, delegasiıanyňam talyplara soraglarynyň yzy üzülmedi. Talyplaryň sowallary praktika, aspirantura, gullyk ıaly mowzuklaryň daşynda aılandy. Delegasiıa bolsa öz sowallaryny ıerli halk barada, naharlary, däpleri, umumy döwletiň ıagdaıy barada, uniwersitetde kynçylyk çekilıän halatynda nirelere ıüz tutulıandygy baradaky töwerekde geldi.

 

4-5 günlik syıahatynyň üçünji güni amala aşyrylan bu sapar tamamlananda garşylykly surada düşüp, yzyndan hoşlaşmak bilen tamamlandy. Delegasiıany ıörite gorag gullugy ıolbaşçylygynda paıtagt Kuala Lumpura ugradyldy.

Türkiıede Okaıan Türkmen Talyplarynyň Aragatnaşyk Merkezi

 

Nowruz 6, 2004. Täze Billim Syıasaty esasynda ülkämiziň dürli künjeklerinde, dünıäniň ähli künjeklerine gitmek isleıänlere mümkinçilikler döredilıär we ıol görekzilıär.

 

On ıyla golaı wagt bäri hökümmet goldawly Türkiıe Respublikasynyň İOM-larynda okamana ortaça hasapdan her ıyl 100 adama golaı talyp gidıär. Şu wagt Türkiıede jemi 3000-den gowrak Türkmen talyplary bar.

 

Bu sebäpli Ankarada we Ystanbulda bolmak bilmek 2 ilçihanamyz bar. Hatda Ankarada Bilim Ministirliginiň wekili hem bar.

 

Bu talyplar baıramçylyklarda bile ıygnanşyp dürli medeni çäreler geçirıärler. Mundan başga-da pursat bolanyndan öz watanlaryny tanatmak maksady bilen töwerekde bolıan dürli sergidir çykyşlara gatnaşyp galıarlar.

 

Indi hem bolsa Nazar Mämmedowyň işläp düzen Türkmen Talyplary Aragatnaşyk portaly hyzmatda. Dürli habarlary täzelikleri, aıratynlyklary bu ıerden okap bilersiňiz:

 

http://members.lycos.co.uk/talyplar/

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center