Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Täsin Mekdepler

Ülkämiziň “Täze Bilim Syıasatyna” döwrebap bilim berip goşant goşant goşmak bilen galman, eısäm okuwçylardaky täsin medeni ukyplaryne kemala getirıän, olaryň dünıegaraışyny giňeldıän, we watansöıerlik duıgylaryny öňe çykarmagy üstümlikli amala aşyrıan täsin Türkmen-Türk Mekdepleri we umumy dolandyryş edarasy bolan Başkent Bilim Merkezi barada makaladyr, täzelikleri şu ıerden okap bilersiňiz.

Mämmet Öztünç – İaş Edebiıatçy, Ussat Mugallym

Eziz Annamyradow

 

Gurbansoltan 6, 2004. 1997-2003 ıyllar aralygynda Türkmenistandaky dürli künjeklerindäki abraıly turkmen-türk mekdeplerinde Türk dili we Edebiıaty dersinden mugallym bolup okadan mugallym Mämmet Öztünç geçen ıylyň ahyrlarynda ene-watany bolan Türkiıede ıerleşen Samanıoly Bilim Guramasyna degişli mekdeplerde wezipe alypdyr. Samanıoly Bilim Guramasynyň internete okuwçylar üçin hyzmat berıän Bilim Portalynyň ‘Burç İazyjysy’ bolup hem muşdaklaryna ulaşıar. Ol esasan-da öz durmuşundaky adaty wakalaryň täsin taraplaryny edebiıat sungaty arkaly okyjysynyň gyzyklanmasyna hödürleıär.

 

Elbetde ıazgylary Türk dilinde we käte käte näme diıjek bolıanyna göz ıetirmek üçin özümizi ıazyjynyň ıerine goımaly bolıar. Wakalaryň Türkmenistan bilen baglanşykly ıerleri hem bar. Mysal ‘Deňiz Kenara Urdy’ ıazgysynda, ıazyjy Hazar Deňzi barada oılanmalaryny paılaşıar. Adaty ıagdaıda deňiz diıip geçen Hazary, Mämmet-mugallym janlandyryp, deňziň öwsgün atyp öwsmegini talap edıär. Emma sesini çykarmadyk Hazaryň gözüne bir gysym gum oklaıar. İada ‘Ol Ses’ ıazgysynda, ıat ilde obadan biriniň ölüm habarynyň berıän azaby barada başyndan geçen waka arkaly hödürleıär.

 

Gowusy men köp aıtmaıyn, siz özüňiz girip görüň. Käbir zatlary doly düşünmedim, eger düşünıäniňiz bar bolsa, şol ıazgylardan terjime etmegi başarjak adam bar bolsa haııyş ıazyň altas@turkmen.net

 

Samanıoly Bilim Guramalary: Bilim PortalyMämmet Öztünç

Täsin mekdepler

Türkmen-türk mekdeplerine „täsin mekdepler“ diııänem bar. Bu mekdeplerde keseden barany haıran edıän zat döwlet mekdeplerinide ene dillerinde düşünmesi kyn bolan sapaklara çagalar iňlisçe, türkçe düşündirilenlerinde-de oňat düşünip durlar. Diňe bir düşünmegem däl, şol sapaklardan Halkara olimpiadalarda ıeňişem gazanıarlar. Munuň nähili ıol bilen gazanylıandygyny düşündirmegini haıyş edemizde, wagtyň hakyky gymmatyna düşünıän, türkmen-türk mekdepleriniň Baş müdiri Ismail Kamit gysgaça şeıle jogap berdi:

— Çaga dil öwretmek onçakly kyn mesele-de däl. Meseläniň kyn tarapy çaga düşünmeıän zadynyň ene dilinde aıdylanyny özi bilmezden isläp durıar. Mysal üçin, adam gyssansa ene dilinde gürlejek bolıar. Edil şonuň ıaly çaga beınisi hem düşünmesi kyn bolan zady ene dilinde özleşdirjek bolıar. Şu ıerde-de mugallymyň ussatlygy gerek. Ol çagany gyssamazdan, hem mümkin boldugyça sada düşündirse okuwçy ıuwaş-ıuwaşdan sapaklaryny çet ıurt dilinde özleşdirmäge ökdeleıär.

— Türkmen çagasyna mysal üçin, fizikanyň iňlisçe okadylmagynda näme bähbit bar?

— Bu okuwçynyň geljegi üçin gerek. Biziň mekdeplerimizi tamamlan okuwçylar dünıäniň örän abraıly ıokary okuw jaılarynda okuwlaryny dowam etdirip bilıärler. Ine, şunda-da olara fizikany iňlisçe bilmekleri gerek. Şonuň ıaly-da biziň okuwçylarymyz halkara ıaryşlaryna gatnaşanlarynda isleseler-islemeseler iňlisçe çykyş etmeli bolıarlar. Galyberse-de, iňlis dili dünıäde iň giňden ıaıran dil bolansoň, häzirkizaman täzeliklerini bilip, döwürden galmajak bolsaň, haısy kärde bolsaňam ilkinji nobatda iňlis dili gerek.

— Okuwyň kynlaşdyrylan şertde, ıagny daşary ıurt dilinde okadylmagy okuwçylara edep bermek meslesine wagt bir goııarmy?

— Biziň işimiziň, şol sanda her bir mugallym kärdeşimiň işiniň iň jogapkärli ıeri çaga mugallymyndan diňe bilim däl, edep-terbiıe-de almaly. Bilim bermegiň ıollary, usuly dünıä boıunça öwrenilip ıör. Bu ugurda anyk görkezmeler, meıilnamalar bar. Emma edep-terbiıe işini belli bir usula salmak, meıilnama esasynda alyp gitmek kyn bolıar. Çünki her çaga aırybaşga bir dünıä. Olaryň hersiniň öz dilini tapmaly, bilmeli bolıar. Hakyky mugallymyň bilmeli şol dilleriniň sany okadıan okuwçysynyň sanyna barabar. Onsaň, baş alyp çykaıjak bolsaň, zähmeti kän çekmeli bolıar. Fizikany okadıan mahalyň sen mugallym bolsaň, galan wagtyňda sen çaganyň ene-atasyna öwrülmeli bolıar. Özem nähili ene-ata çagany söııän, emma lälirgetmeıän, çagadan talap edıän, emma ony özünden ürküzmeıän… Başarsaň ideal ene-ata bolmak gerek. Edep bermäge wagtyň ıetmezçiligi hakynda-ha gürrüňem bolup bilmez.

Beıik Serdarymyzyň Altyn asyrda Altyn nesli kemala getirmek barada öňümizde goıan wezipesini berjaı etmek üçin biz başarnygymyzy artdyrmaga çalyşıarys.Işimiziň netijeliligini ıokarlandyrmaga gönükdirilen, emma heniz doly özleşdirmedik ıerlerimiz bar bolaımasyn diıip biz mydama gözlegde gezıäris. Edil lukman ıaly mugallyma hem özünden hoşal bolup bilimini artdyrmasyny goımak bolmaıar. Lukman ynsanyň ömrüniň uzak bolmagy üçin yhlas edıän bolsa, biz — mugallymlar ömrüň netijesiz bolmazlygy, ıele gitmezligi üçin alada etmelidiris.

Bu täsin mekdepleriň Watanymyzda 13-si ıagny, Türkmenbaşyda, Balkanabatda, Maryda, Baıramalyda, Daşoguzda, Köneürgençde, Türkmenabatda, Atamyratda, Tejende, Büzmeıinde we paıtagtymyzda hem üçüsi bar. Olardan paıtagtaymyzdaky mekdepleriň biri Gyzlar mekdebidir. Bu mekdeplerde ogluňyzy ıa-da gyzyňyzy okatmagy niıet etseňiz kabul edişlik baradaky bildirişleri gündelik metbugatdan okap bilip bilersiňiz.

 

Nireden alyndy: Eıho!Oka - Täsin Mekdepler

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center