Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Ylym-Bilim

 

Ylmyň we Bilimiň durmuşymyzdaky orny we ähmiýeti barada makalalar we ýazgylar.

 

Gözleg-agtaryş ruhy

            Ahmet Gaýypow

 

            Nowruz 11, 2004. Meniň Gurluşuk Inžinerligini gutaryp aspirantura başlan bir dostum bardy. Onuň aspirantura ugry ‘Köpri Inžinerligi’di. Men onuň unwersitedindäki oturýan otagyna bardym. Diýseň oňat enjamlaşdyrylan we dürli şertler döredilen, göwnehoş iş otagy, bar eken. Üstünde işleýän zatlarynyň tejribesini etmek üçin edil aşakgy gatynda labarotiýasyna çenli bar eken. Otagda üç inžineriň ýeri bar, biri himiýa inžineri, beýleki elektrik inžineri eken, üçünji bolsa meniň dostum. Men bularyň gözleg-agtaryş üçin çeşme hökmünde ulanýan  kitaplaryna göz gezdirip otyrkam, haýranlyk bilen şolaryň birine: “Köprüler barada şunça açyşlar edilipdir, enjeme hasaplamalar emele gelipdir, netijelendipdir. Bu wagta çenli eýýam täze açylyş eder ýaly zadam galan däldir.”diýdim. Ýaş Elektrik inžiner tiskinip, beýninden atylan ýaly: “Sen beýle diýme. Şeýle sözi diňlejek bolsaň tehnika we ylym hiç haçan ösmez. Adamzat bir zat tapdygyça hiçzat bilmeýändigini has-da oňat düşünýär. Ylym belli mowzukda soňky nokadyna ýetdi diýende-de hökmän gözlenip tapyljak zat bardyr. Ylym hiç haçan gutarmaýar. Allatagallanyň bu älemde goýan ylmy, bize açaçan kylan bölegi uly okeanda bir monjuk ýalydyr, tapsaň tapyp oturybermeli.”

            Bu sözüň nähili dogrudygyna şonda göz ýetirdim. Mysal biz 2-3 asyr yza gitsek, şol döwrüň adamlaryna kompýuter düşündürýänçäk janymyz çykar. Kompýuter beýlede dursun, elektro-çyrany (lampa) düşündürmek hem aňsat düşmese gerek.

            Täze zat oýlap tapmak üçin bir zady hyýal edip bilmeli, aklyňa getirip bilmeli. Emma şeýle birzat hem bar, mysal bir orta ýaşlardaky synpda oturan çagalara geljek baradaky hyýallaryny ýazuw bilen ýa-da surat bilen taryplamagyny sorasaň, olar bar bolan, eýýam tapylan zatlaryň daşynda näçe zady hyýal edipbilerlerkä? Ýagny uçmak üçin enjamlar, nahar pişirmek üçin , ýa-da bile oýun oýnamana robotlar, wideo-telefon... Emma bu zatlar eýýam bar we gitdigiçe has hem kämilleşdirilýär.

            Emma biz täze zat tapmak üçin näme etmeli? Bu soragy jogaby ýene-de okamak, okamak we ýene-de okamak. Taýýar eserleri okap gözleg-agtaryş etmek, şol pudak ugrunda gözýetimi giňeldýär we şol serişdeleriň içki düzümi barada maglumata eýe bolup bolýar. Netijede öwrenilen zatlaryň nähili ýagdaýlarda ulanyp boljakdygyny derňäp, öň synanşylmadyk halatlarda ulanyp boljakdygyny ýa-da boljak däldigini bilesigelijik netijesinde tejribe geçirip, ylmyň täze pudaklarynda ýol açmaly.

            Ýagny hyýal, bilesigelijilik ylma hyjuw döreder, emma gözleg-agtaryş üçin bu ýeterlik däl, okamaly.

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center