Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Dünıä Habarlary

Perwez Muşerref Ynam Täzelemek Üçin Mejlise Baş Goıdy

Şamyrat İusupow

 

Bitaraplyk 31, 2003. Ynamyny täzelemek üçin Päkistan baştutany Perwez Muşerref mejlise ıüz tutdy. Milli Mejlis bilen bilelikde welaıat delegatlary bilen bilelikde geçiren ıygnagynda 2004-nji ıylyň ahyrynda başserkedelik işinden boşap, mejlisiň ynam saılawyny düzjekdigini belledi. Başyndan geçiren iki janyna kasdedişlik synanşygyndan soň beıle karara gelmegi, mejlisi haıran galdyrdy. Geçen hepde, Bitaraplyk aıynyň 26syna, başyndan geçiren ikinji kasdedişlik synagynda jemi 14 adam öldi we 46 adam ıaralandy. İara alman çykan prezident Muşerref, howpsuzlyk sebäpli wagytlaınça ıaşaıan ıeri bolan Rawalpindide howspuzlyk çäregeleri ıygylaşdyryldy. Partlaıyjy maddanyň ıerleşdilen ıeri, birinji kastedişik synanşygyna ıakyn ıerde ıerleşdirilendigi, uzaktan pult enjamy bilen ıarylandygy anyklandy. Birinji synanşykda partlamanyň  gijikmeginiň sebäbiniň, Muşarrafyň awtoulagyndaky tolkun bozujy enjamy, pult enjamynyň işlemezlgine sebäp bolupdyr. Muşerrefiň 1999-njy ıylda gansyz hökümmeti ele geçireli bäri mejlis bilen mydama düşünşmezlikleri bolup geldi. Emma ahyrynda, edil birinji kasdelişik synanşygyndan öň, 2004-nji ıylda başserkerdelik wezipesinde boşajakdygyny, ıeke prezident bolup dowam etjekdigini karar alypdy. Indem bolsa ‘Ynam Saılawy’ (Vote of Confidence) geçirmekçi.

 

Türkmenbaşy 2, 2004. Düın geçirilen ‘Ynam Seslenmesinde’ Prezident Muşarraf ıeňiş gazandy we 2007-nji ıyla çenli ıolbaşçylyk edıän boldy. Onuň ‘Ynam Saılawyna’ dünıewi partiıalar garşy gitse-de dini we beıleki partiıalar uly goldaw berdi. Mejlis agzalarynyň 342 agzasyndan 191 razy, diıip ses berdi, we hiçkim garşysyna ses bermedi. 100 kişilik welaıat hökümmet ıolbaşçylaryndan 56 razy, 1 garşy ses berdi. Bu seslenmede 60 göterim döwlet ıolbaşçylary, 2002-nji ıylyň saılawlaryndan soň bir hatar düzgünnamalar işe girizen Muşerrefiň, ıalbaşçylygyna ynam bildirilendigi sebäpli, 2007-nji ıyla çenli baştutanlyk eder.

 

 

Türkmen.NET üçin ıörite Altas HG

 

Yrak Türkmenleri Agyr İagdaıda

Weısel Aksuw

 

Türkmenbaşy 1, 2004. Yragyň türkmen şäheri bolan Kerkük şäherine polis goragy astynda üçin  ıaragly peşmergeleriň ıerleşdirip, ıerine türkmenleriň elindäki ıaraglary alandyklaryny Wagytlaıyn Hökümmet Düzümüniň ıeke-täk türkmen wekili Songül Çabuk metbugata ıetirdi. Birnäçe gün öňki Kerkükdäki wakada 8 kişiniň ölümüni dile getiren mahalay göz ıaşlaryny saklap bilmek Çabuk Hanym, ynsan hukuklarynyň goralmaıandygy, türkmen halkyna zulum edilıändigini dile getirdi. 2003-nji ıylyň ahyrky günlerinde Mesut Barzaniniň ıolbaşçylygyndaky Kürt Partiıasynyň, Yragyň demirgazygynda emele getirmegi meıilledikleri Kürdistan Federasiıasyna Kerkügi hem goşmak isleıändikleri aıdylanda, ıerli türkmen we arap ilat ‘Kerkük Yrak Kentidir’, ‘Kerkuk Hiç Kürdistanyňky Bomady, Bolmazam’ ıaly sloganlar bilen ıöreıiş etdiler. Närazyçylyk bildiren halka ot açan polisiň uly böleginiň kürt we peşmergedigine, Çabuk Hanym üns çekdi. Bu atyşykda 8 adam ıaşaışyny ıitirdi 20-den gowrak adam ıaralandy. Emma Bitaraplyk aıynyň 22-sine kürtler, paıtagt Bagdatda Kerkügi Kürdistana goşmaklaryny talap hökmünde ıöreıiş edende hiçhili ot açylmandy. Çabuk hanym bolup geçen wakalar barada kürt ıolbaşçylar Jelal Talabani we Mesut Barzani we ABŞ-niň yrakdaky iň uly raıat gullukçysy (highest civil servant) Paul Bremere habar ıetirendigini hem nyktap geçdi. Kürt ıolbaşçylary ıaragly peşmergeleri şäheri girizip, türkmenleri bolsa ıaragsyz goımaklary, Kerkügi zorluk bilen Kürdistan Federasiıana goşmak islenilıändigi nygtaldy. Kerkük, Jahan Habar Gullugy

 

Turkmen.NET