Şamyrat İusupow
Baıdak 21, 2004. Hepdäniň Başgüni paıtagtda ıurt
baştutany Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gatnaşmagynda
dabaraly ıagdaıda täze drama teatry açyldy. Beıik Pyragynyň ady dakylan bu
teatr 750 tomaşajyny we 55 adamlyk sazandar toparyny alyp biljek ulylykda.
15 mermer kolloniıaly teatryň tutıan meıdany 300 kw metr. Gurlyşyk
enjamlar Ispaniıadan, we saz gurallary Awstriıa, Belgiıa we Fransiıadan
getirildi. Türkmenbaşy medeni çäreleriň başlanmagy üçin 100’000
amerikan dollary berdi. Proıektiň gurluşygyny türkiıeli Polimeks
şereketi amala aşyrdy. İakyn wagtyň içinde ıene iki drama teatry
we bir gurjak teatrynyň gurulmagy meıillenıär. 2008-de her welaıat
merkezinde öz drama teatrlary bolar. Altas
Şamyrat İusupow
Baıdak
17, 2004. Peterburgyň Smolnyı Unwersitedinde ilkinji
gezek Türkmenistany öwrenmek we material ıygnamak barada bir merkez açyldy. Bu
ilknji merkez Türkmenistany öwrenmek bolup, garaşsyzlykdan soň
ıaıymlanan eserleri içine alıan “Ruhnama” Merkezi ady astynda otag açyldy.
Açylyş dabarasyna türkmen prezidentiniň ylym we medeniıetde
maslahatçysy Wadim Masson, unwersitet rektory Geıder Imanow,
Türkmenistanyň Orsiıetdäki ilçisi Ahmet Esenowyň gatnaşandygyny
“Rosbalt” gullugy habar berıär. Bu merkeziň Türkmen hökümmetiniň
goldawy bilen ilerki ıyllarda türkmen milli häsiıetlerini, taryhyny, dilini we
Ruhnamany Öwreniş Merkezine öwrülmegi mümkin. “Ruhnama” Merkezi dasary
ıurtlary öwrenmek barada ilkinji ädilen ädim bolup, indiki duralga Häzirbegjany
we Gazagystany öwreniş merkezleriniň açylmagy bilen dowam etjekdigini
“Rosbalt” sözüniň dowamynda belleıär. Altas
Şamyrat İusupow
Baıdak
17, 2004. Amerikan Ilçihanasynyň ACCELS
toparynyň we Türkmenistan Medeniıet we Aragatnaşyk
Ministirliginiň bilelikde “Afrikan-Amerikanlaryň (teni gara
reňklileriň) aıy” açylandygyny yglan edildi. Munyň esas
maksatnamasy uzak wagtlap zulum we kynçylyk çeken gara tenli milletiň
Amerikadaky göreşleri we ıeňişleri barada, Amerikada
demokratiıanyň şekillenmegi baradaky taryhy hakykatlar barada
maglumat bermek. Amerikan Medeni Merkezinde we Aşgabadyň dürli
kinoteatrlarynda bu mowzuk bilen baglanşykly düşürülen Gollywud
filmleri hem görkezilmekçi.Altas
Şamyrat İusupow
Baıdak
13, 2004. Türkmen halkynyň taryhy we medeni baılyklaryny
sergileıän Miras Merkezi ıurt baştutany Türkmenbaşynyň
gatnaşmagynda dabaraly ıagdaıda açyldy. Bu merkezde golıazmalar, sungat
işleri, makalalar we beıleki medeni baılyklar saklanar. Türkmenbaşy
taryhy zerurlylygyny, medeniıet baılygynyň adamzadyň durmuşunda
aıratyn ornunyň bardygyny belläp geçdi. Milli Golıazmalar
Institutynyň ıolbaşçysy we Merkezi Aziıa Medeniıetler
Guramasynyň baş orunbasary Annaberdi Aşyrow, Miras
Merkeziniň başlygy hökmünde bellenildi. Türkmenbaşy maslahatçy
toparyň ıolbaşçysy hökmünde, bu ugurda gerekli maslahatlary hödürlär.
Altas
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas News Agency & Information Center