Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Dünýä Habarlary

92 Ermeni Türkmenistandan Yzyna Departasiýa Edildi

Şamyrat Ýusupow

 

Baýdak 13, 2004 – nCa-niň aýyň başynda hiçhili resminama götermäni Türkmenistanyň araçäklerinde ýaşap ýörendigi ýüze çykan, 92 Ermeni raýatlarynyň yzyna goýberilendigi habar beripdi. Ýakynda ýene 50 kişiniň ugradyljakdygy barada aýdyldy. Mundan başga-da Häzirbegjan metbugatynyň habar bermegine görä Ermenistanyň ykdysady durnuksyzlygy sebäpli, raýatlarynyň dürli ýurtlaara imigrant bolup göçýändiklerini habar berýär.

 

Ýa Garabag, Ýa Durnykly Ykdysadyýet

 

Häzirbegjan bilen Türkiýäniň arasynda Baky-Jeýhan ýangyç geçirijisiniň Ermenistanyň üstinden geçirilmegi, Ermeni ykdysadyýete uly goşant goşjakdygy belli. Emma bu geçirijiniň Ermenistandan geçirilmegi üçin, hazarlylaryň şerti, ermenileriň 10 ýyla golaý öň basyp alan Garabag regionyny yzyny bermegi.

 

Ýewropa Ýerewana: “Ykdysadyýet zerurly!”

 

ÝB ygtyýarlylaryň, ermeni hökümmete eger ÝB-niň agzasy boljak bolsa, durnukly ykdysadyýetiň zerurlydygyny, gerek bolsa Garabagy yzyna bermelidigi aýtmagy Ýerewany aljyraňlyga girizdi.

 

Altas

Ärdogan: “Millete We Dine Bagly Federasiýa Saglykly Däldir!”

Şamyrat Ýusupow

 

Türkmenbaşy 31, 2004. Amerika resmi sapar bilen giden, Türkiýäniň premier-ministri Rejep Taýýyp ärdogan sogap güni ABŞ prezidenti Jorj Buş bilen duşuşygynda Türkiýäniň Yragyň gaýtadan gurluşygy üçin örän täsirli we strategiki orny bardygy agzaldy. Jenap ärdogan Yrakda millete we dini esaslara bagly federasiýa saglykly bolmajakdygyny, bütin jemgiýetleriň agzybir ýagdaýda, Yragyň toprak bütinliginiň tarapdarydygyny dile getirende, Buş we delegasiýasy örän makul gördiler. Ärdogan mundan  başga-da Amerikanyň Ýahudy Guramasy tarapyndan gowşurylan “Batyrgaýlyk” baýragyny aldy. Amerikadaky birnäçe medeniýet guramalarynyň guran konferensiýasyna gatnaşan ýurt ýolbaşçysy Yslam dininiň we beýleki hiçbir semawy diniň terorçylyk bilen baglanşygy bolup bilmejekdigini, birde-ikide din adyna edilýändigi dile getirilýän ýobazlyklaryň, dine mukaddesligine edilýän uly töhmetdigini dile getrirdi. Mundan başga-da dünýäde Yslam döwletleriniň 21-nji asyrdaky ornunyň uly boljakdygyny hem belläp geçdi. Mundan başga-da ärdogan Buş bilen duşuşygynda garaşsyzlygy diňe Türkiýe tarapyndan tanalýan Kipr Demirgazyk Türki Respublikasynyň, egerde Günorta Rum Kipriniň Ýewropa Bileleşigine agza hökmünde giren ýagdaýynda, aljak orny barada hem gepleşildi. Bu duşuşyk ýeke Türkiýäniň regionda aljak orny däl, eýsäm bütin Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň ykbaly üçin örän wajypdygyny metbugat we analistler dile getirýär.

 

Türkmen.Net üçin ýörite Altas HG

Ganly Täze Ýyl

Şamyrat Ýusupow

 

Türkmenbaşy 2, 2004. Dünýäniň uly bölegi şatlyk-şagalaň bilen täze ýyly belleýär-kä, dünýäni käbir ýerleri gana bulandy. Bagdatda meşhur ‘Nabil’ restoranynyň töwereginde bir partlama restoranyň özüni we gapdalyndaky jaýlary tep-tekiz etdi. Partlama täze ýyla ýarym sagat galanda ýüze çykdy. Ýaşaýşyny ýitirenleriň sany 8, ýaralanlaryň sany 30. Ýaralylaryň arasynda 3 sany Los Angeles Times žurnalistleriniňem bardygy anyklanyldy. Yrak Polis işgäri, Ahmed Kadim: “Bu terrorçylykly wakany edenleriň ne edebi, ne-de namysy bar,” diýip ýüzlendi. Indoneziýanyň demirgazyk-günbatar welaýaty Açehde, täze ýyl dabarasy bellenýän Peureulak şäherindäki konsert meýdançasynda, Açeh sagady bilen 10.20-de partlama emele geldi. Partlamada 1 ýaşly gyzjagaz we 7 ýaşyndaky oglanjyk bilen bir hatarda jemi 10 adam, bu heläkçilige gurban gitdi. Polis ygtyýarlylaryň muny Açehiň bölüji topary (separatist group) bolan Azat Açeh Hereketiniň (GAM) edendigi aýtsalar-da, GAM-yň ýerli ýolbaşçysy Ishak Dawud beýle zadyň ýokdugyny dile getirdi. Şri Lankada ýaşaýyşyny ýitiren ýok, emma täze ýyly bellenýän meýdançalarda emele gelen betbagtçylykly wakalary, dyklyşyň netijesinde emele gelen ýaralylaryň sany 345-digi anyklanyldy. We birde-ýaryman öz janyna kasdetmäne synanşakdylary habar berildi. Hytaýda täze ýyl üýşmeleňinden peýdalanan Hoň Koňuň 100,000-e golaý halky Pekin hökümmetine demokratiýa talaby bilen ýöreýiş etdiler. Lampoçkaly uly topuň, uzyn demir çybygyň üstünde aşak düşüşi bilen täze ýylyň ilkinji pursatlaryny garşy alan Nýu-Ýork şäheri, gorag we howpsuzlyk gullugy berk tutulady. Köpçülik üýşmeleňlerinden Al-Kaida terror toparynyň peýdalanyp biljekdiginden şübhelenen Amerikan hökümmeti, Nýu-Ýorkdan Los Anjelese çenli ýygy gorag gullukçylaryny ýerleşdirdi. Uly feýwerkler bilen we dünýäniň iň beýik binasy Petronas Ekiz Minaralaryndan (Petronas Twin Towers) paraşutçylaryň atlaýyşy bilen täze ýyly garşy alan Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpurda, ýakynda terrorçulukly talaň bolup biljekdigini, CNN habar berýär. Bu habar internet arkaly ýollanan duýduruş e-haty esasynda aýdylýar. Nä dereje dogry ýa-da ýalňyşdygy belli däl.

 

Türkmen.NET üçin ýörite Altas HG