Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Dünýä Habarlary

Editor: Şamyrat Ýusupow

Gaýitide Krizis

 

Nowruz 4, 2004. Ykdysady krizis sebäpli ýüze çykan meseleleriň hötdesinde gelip bilmedik Haitiniň prezidenti Jin-Bertrand Aristidiň amerikan goşunlary tarapyndan ýurdy terketmegini talap etdiler. Talabyň sebäbiniň gan döküşligi azaltakdygy habar berilýär. Açlygy we ýoklugy başdan geçirýän halk dükanlary, benzin zaprawkalary we beýleki toplumlary talaň edip ýörler. Port-au-Prinse gelen amerikan goşunlarynyň ýakyn wagtda durnuklylyk getirer diýip halk umyt edýär. Görnüşine görä halkara ýardam guramalaryny tiz kömegine zerurlylyk bar.

 

Gaýiti (Haiti) Barada Umumy Maglumat

 

7 millionlyk Haiti, Karribiýa Regionynyň (Orta Amerika) Hispaniola adasynyň günbatar böleginde ýer alýar. Esasy ykdysadyýet oba-hojalyk bolup, halkyň 80 göterimi obalarda ýaşaýar. Köplenç özlerini eklemäne ýeterlik ekilýän bu topraklardan az mukdarda bolsa kofe, şeker we sisal (ýüpek görnüşi) eksport edilýär. Kerribiýada iň garyp döwlet bolup, öňem birnäçe agdarşyklyklary başdan geçirdi. Altas

 

NASA-da 6 Ýylda 34 Million Dollar Ýitgi

 

Nowruz 4, 2004. Ýaňy ýakynda ulgamynda sanaw we hasaplama geçiren NASA, soňky 6 ýylyň içinde 34 million dollar ýitgi bolandygy anyklanyldy. Ýiten zatlar spisogynda könelen kompýuterlerden, 300’000 dollarlyk robota çenli herhili enjam bar. Hatda halkara kosmos stansiýasynyň modeliniňem ady bu spisokda ýer alýar. Bu modeliň bölüp metaloloma tabşyrylandygy çak edilýär. NASA býudžetini köpeltmek ugryna berýän çalyşmalary döwründe beýle ýitgi hasabatynyň uly zyýan berýändigi örän aýdyň. Altas

 

Filipinlerde Ýollagçy Parom (Gämi) Ýaryldy

 

Nowruz 4, 2004. Baýdak aýynyň 27-sine Filipine degişli bir ýolagçy gämisinde emele gelen partlama netijesinde jemi 900-e golaý adamdan 1 kişi öldi, 10-larçasy ýaralandy, we 100-den gowragy hem habarsyz gaýyplaryň hatarynda. Partlamany Abu Saýýaf terror topary öz üstüne alsa-da, hökümmet işgärleri beýle ýagdaýdan şübhelenýärler. Gämi ýola çykmazdan öz öran ýygy barlanandygy, terroryň syzmagyna mümkinçilik bolmandygy, çykan partlama tehniki zerarçylykly sebäpli bolnadygyny hökümmet ygtyýarlylary çäkleýärler. Altas

 

Kerkükde Türkmen Frontuna Ikinji Talaň

 

Nowruz 4, 2004. Yrak Türkmen Jephesi (Fronty)-niň Kerkük şäherinde ýerleşen merkezi binasyna 50 sany peşmerge talaň etdiler. Partiýanyň sözjüsi Turkif Reşad  talaňda aýnalaryň daşlanandygyny, enjamlaryň zeper görendigini dile getirdi. Yrak Kürdistan Ýurtsöýerler Birleşiginiň we Kürdistan Demokratik Partiýasynyň ygtyýarlylary özleriniň bu waka bilen baglanşyklaryny ýokdygyny nygtadylar. Polis soraga çekip başlan pursatynda, häkim Ysmaýyl El Haidi halky köşeşmäne we hemme zat anyklanýança köçä çykmazlyga çagyrdy. Kentdäki (Kerkük) YTJ merkezine 4 gün öň-em talaň edilipdi.

Anadoly Habar Gullugy

 

Yrak: Aşure Güni Gana Bulandy, 170 Öli

 

Nowruz 4, 2004. Hepdäniň Ýaşgüni 35 ýyldan soň ilkini gezek erkin ýagdaýda Aşure güni Hezreni Hüseýniň we dostlarynyň şehit edilşine matam edip belleýän Yrak şaýylarynyň Kerbeladaky we Bagdatda dabaralary wagty ir sagatlarda yzygiderli partlamalar emele geldi. Kerbelada 6 we Bagdatda 4 ölümçi terroristleriň (suicide attacker) jozgun edendigi mälim edildi. Emma Bagdatdaky 4-nji terroristiň partlaýyjysy üstünliksiz jemlenendigi sebäpli tussag edildi. Kerbelada 112 we Bagdatda 58 adam ýaşaýşyny ýitirdi. Jemi 500’den gowragy hem ýaralandy. Yragyň şaýy lideri Abdul Aziz Al Hakim, amerikan esgerlerini günäledi. Olaryň wezipesi bolan Yrak halkynyň goragyny başarmadylar, diýdi. Baglaryň El-Kaida eltýändigi baradaky habarlaryň, El-Kaidanyň özi tarapynda ýalanlanadygyny metbugat habar berýär. Bu terrorist hereket, amerikanyň basybalyşygyndan soň iň galnlysy boldy. Yrakda 3 günlik matam. Ýaşgüni kabul edilmeli konstitusiýa, gijikdirildi. Altas

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center