
Editor: Şamyrat Ýusupow
Nowruz 4, 2004. SSSR-iň döwründe daşary ýapyk demir
perdäniň arkasyna maglumatyň syzmagy uly barlag astyndady. 1954-nji
ýylda Germaniýada gelen ilkinji žurnalist Gert Rugeniň başlamagy
bilen, Soýuzyň içindäki durmuş baradaky habarlary dünýä ýetirip
başlady. Soňra alaman (nemes) žurnalistleri bolup ARD habar gullugyny
döredýärler. Emma sensura sebäpli hemme zady jahana duýuryp bolmandygyny
belleýän Gert Ruge, şol günleriň karýerasyndaky iň gyzykly geçen
günleri bolnadygyny, Baýdak aýynyň
25-ne bellenen 50 ýyllyk dabarasynda belläp geçdi. KGB-niň yzarlamagy
sebäpli içeridäki durmuşy daşary dünýä görkezmek üçin dürli usullar
ulanandygyny dile getiren ARD işgärler, hemişe Kompartiýanyň
Sýezdlerini görkezmegiň manysynyň bolmandyny hem aýtdylar.
Daşary dünýä ARD arkaly Gagariniň kosmosa uçuşyny, Olimpiýada,
Glasnost we Perestroýka, 91-93 agdarlyşygy ýaly wakalary yzarlamagy
başarypdylar. Altas
Nowruz 4, 2004. Geçen hepde Amerikanyň kinoteatrlaryna
“Ysanyň Hujuwy” atly Mel Gibsonyň ýolbaşçylyk
Nowruz 4, 2004. Baýdak aýynyň 29-na,Mostara (Bosniýa we
Gersegowiniýa) ýygnaga barýan Makedoniýanyň prezidenti Boris
Traýkowskiýniň we 9 kişilik toparynyň içinde ýer alan uçary
Stoloç diýilen ýere ýakyn ýerde dagly meýdana düşdi, we
ekipaždakylaryň bary ýaşaýşyny ýitirdi. Skopiadan ýola çykan
president Mostarda Balkan regionynyň ýagdaýy barada ýygnak geçirmek üçin
barýardy. Uçaryň heläkçilige ugramagynyň sebäbi doly belli bolmasa-da,
uçuşyň ümürli howada amala aşyrylandygy anyklanyldy. Anna güni
Makedoniýada milli matam güni diýilip jar edildi. Altas
Nowruz 4, 2004. Baýdak aýynyň 28-ne “Aum Sinriko”
wagşy propaganda toparynyň 1995-nji ýylda tussag edilen
baştutany Sioko Asahara, kazyýet tarapyndan ölüm jezasy berilmegi karar
alyndy. Asahara döwrümizdäki Ýaponiýanyň iň uly terrorçylygyna golyny
çeken adam hasap edilýär. Garşysyna açylan kazyýet dawalarynyň
arasynda 27 adamyň öldürmek, adam alyp-gaçmak we bikanun ýollar bilen
ýarag ýasamak hem bar. 90-njy ýyllarda zäherleýiji madda arkaly birnäçe
terrorist hereketleriň buýruguny göni Asaharanyň özi beripdi. Mundan
başga-da gaz bilen zäherleme we metro terraktlary ýaly jenaýat
işländikelri mälim edildi. “Rahyplarynyň” sanyň 90-nji
ýyllaryň ilkinji ýarymynda 35’000-e ýetendigi anyklanyldy. Okadýan “ugry”
hinduizmiň, budizmiň we hrystianlygyň gatyşygydyny metbugat
belleýär. 95-nji ýylda 30 yzarlaýyjylary bilen tussag edilen Asahara we topary
başda bu terraktlar bilen özleriniň hiçhili baglanşygynyň
ýokdugyny aýtsalarda, soňa baka ýüze çukan aýdyň subutnamalar,
Asaharanyň edendigini görkezdi. Altas
Nowruz 4, 2004. Hytaýyň paýtagtynda “Koreýa
Ýarymadasynyň Atom Ýaraglary Meselesi Ylalaşyk” mejlisiňin
ikinji tapgyry Baýdak aýynyň 29-na bolup geçdi. Metbugata resmi bir
görkezme beriljek däldigi, emma Hytaýyň Demirgazyk Koreýa arza bilen
ýüzlenjekdigi anyklanyldy. Günorta Koreýanyň Ýoň Nap habar
gullugynyň habar bermegine görä ylalaşyk üçin taraplary arasynyň
entek hem uzak, emma muňa garamazda ýakyn geljekde Demirgazyk
Koreýanyň-am köpçülükleýin harabediji ýaraglardan arassalanjakdygyndan
umydyň kän. Üçünji ylalaşyk tapgyrynyň baharda bolmagy
garaşylýar. Altas
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center