Bitaraplyk 8, 2003.
nCa tabşyrygy esasynda.
Aşgabat, Sanjar 30, 2003. Ministirler Kabinetini Anna günki ýygnagynda,
Prezident Nyýazow býudžet meýilnamasynyň nusgasyny mejlise gaýtadan göz
aýlamak üçin tabşyrdy. Meýilçileriň hemme täsir ediji
serişdelerini hasaba almaýanlary we bu sebäpli malyýe hasabaty hakyky
möçberleri görkezmeýändigini aýdyp berk duýdurdy.
Nyýazow: ”Mümkinçilikleriň ýoluny gaýtadan açmak bilen, býudžet
deňlenip biler”, diýdi.
Meýilçileriň
görkezmelerindäki kemçiliklere ýüz tutup:
“Bu zyýansyz, kemsiz
býudžet bolmaly”, diýip, Nyýazow tabşyrdy
Görkezmede hakyky
hasabaty görkezmeýändigi, 600 milliard manadyň kemdigi nusga
býudžetiň tabşyrygynyň netijesinde belli boldy.
Malyýe
hasapçylarynyň býudžetiň asyl hasabatyny tabşyrmadyklary üçin
berk käýedi.
Ýygnakda
Nyýazowyň görkezen hasaplaryna görä býudžetiň ahyrky hasaby 12
million dollar töwereginde bolmaly.
Nyýazow býudžet
komitetini ikä aýyrmagy gönükdürdi. Birinji topar gaz, nebit, obahojalyk we
tebigy resurslardan gazançlary, ikinji topar bolsa salgyt we toprak
girdeýijilerini hasabatyny berjaý etmegi barada karar alyndy.
Ol, goşma
kärhanalar sowdalarynyň we et-süýt önümleriniň malyýe goşandyny
kemally ýagdaýda ýazga geçirilmändigini hem dile getirip, närazyçylyk bildirdi.
Prezident
Nyýazowyň maslahatlary ugrunda, Mejlis nusga býudžetiň üstünde pikir
alyşdylar.
2004 nusga býudžeti
MGH(milli girdeýiji hasabaty)-da 20 göterim ösüş ýüze çykardy. Bu
meýillenen mukdara garanda azyrak. Soňky hasabatlara görä milli statistika
instituty Türkmen MHG-niň Turkmenbaşy-Garaşsyzlyk 2003
aralygynda 22.7 göterim ösüş emele gelipdir. Bu mukdar şu ýyl üçin
maksada goýulan 22 göterimden sähel köpräk.
Tüketiji
býudžetiň 73 göterimi töweregini döwlet tarapyndan tölenýär we mugt
hyzmatlar we serişdeler halkyň
ulanymyna hödürlenýär. Türkmenistan bilimi, elektrotogy, gazy, suwy we
duzy raýatlaryna mugt berýär. Saglygyň, ulagçylygyň, bugdaý
çöreginiň, benzin we solýarkanyň uly bölegini hökümmet töleýär.
Bir litrine 400 manat
töläp, dünýäde benzini iň arzan tükedýän ilat Türkmen halkydyr.
Nyýazow malyýe we
býudžet serişdeleriniň Türkmenleşdimegini gönükdürdi.