Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Dünýä Habarlary

Editor: Şamyrat Ýusupow

 

Kerri Näme Üçin Saudylar Bilen Arkalaşyk Kesilsin Diýýär?

Gysga Analitika

 

Gurbansoltan 21, 2004. Sanjar aýynda geçiriljek saýlawlar üçin Buşyň garşydaşy kandidat Jon Kerri düýn Buş hökümetiniň Ysrailiň goldamagyna arka çykyp, indi Ysraile kömek edip ‘terorist’ Hamasy awlamana dowam etmelidigi, Saudy araplar bilen gatnaşyklary kesmelidigi aýtdy. Kerriniň aýtmagyna görä Saudy Arabystan terrorizme malyýe goldaw berýär. ABŞ hökümetiniň Ysraile goldawy bilen amala aşyrylýan iň uly ‘SYÝASY TERRORIZM’iň barlygyna göz ýumýar.

 

Ysraile goldaw meselesi ganyndaky ýewreý gany bilen düşündürip bolar, emma saudylar bilen arkalaşygy kesmek barada bir sorag ýüze çykýar. Amerika arzan nebiti nirden satyn alar? Bu soragy soramak indiden soň manysyz bolsa gerek. Sebäbi Amerikanyň günorta-gündogarda baý resursly topragy bar, Yrak. Indi saudylara ‘mätäç däl’. Indi olary hem terroristleriň spisogyna goşup ýogadybermeli, özleriçe.

 

Bu oýunlaryň hemmesiniň syry bir-birden açylar. Muny wagtyň özi görkezer.

 

Altas

Raýs: Alkaida Howpy ‘Sentýabr 11’den Öň Bilinýärdi

Şamyrat Ýusupow

 

Gurbansoltan 10, 2004. ABŞ prezindentiň Milli Howpsuzlyk maslahatçysy Kondoliza Raýs, Alkaida howpunyň Sentýabr 11’den öň bilinýändigini dile getirdi. Uzak wagtlap ABŞ-niň terrorçulyga garşyduruşy kem galandygyny aýdan Raýs, Yrak meselesi Buş-yň Sentýabr 11’den öňki meýilnamasynda ýer almandygyny hem nygtap geçdi. Buşyň öňki terrorçulyk bilen göreş maslahatçysy Klark, bu pajygaly wakada pida bolanlaryň maşgalalaryndan ötünç sorady. Raýs ötünç soramady we sebäp hökmünde “Bize terroristlerden şantaž we howp hatlary aldyk, emma olaryň haçan, nirede we nähili çozjakdyklaryndan habarymyz ýokdy. Biz ähli höküment organlaryna duýurdyk, emma aeroportlarda ýeke gorag gullukçylaryny köpeldildi. Terroristleriň ýolagçy uçarlardan peýdalanjagyndan habarymyz ýokdy, ” diýdi. Altas

Musulmanlary Kemsiden Howaýoly Firmasyna Jerime

Şamyrat Ýusupow

 

Gurbansoltan 10, 2004. Musulman ýolagçylara diskriminasiýa (aýrymçylyk, kemsitme) dawalary bilen baglanşykly Kontinetal Eýrlaýns ‘işgärlerine ynsan hukulary dersini bermeli’ jerime jezasy aldy. Kontinental Howaýollarynyň Sentýabr 11 wakasyndan bäri Arap, Ortagündogarly we Musulman görünümli käbir müşderilere örän gödek hereket edýändiklerini,  iliň ortasynda kemsidýändigi, uçardan düşürýändigi ýa-da ýerlerini çalyşdyrýandygyny yzarlamaçylar ýüze çykardy. Bu yzarlamalar ABŞ-niň Howa Ulagçylyk Bölümine (HUB) gelip ýeten närazyçylyklardan soň başladyldy. HUB tarapyndan beriljek ‘ynsan hukulary dersleri’niň tölegi 500 million bolup, Kontinental Howaýollary tarapyndan çykdaýyjylar tölener. Mundan başga-da hakynda dawalary (kazyýet işleri) dowam edýän Northwest, American we United howaýollarynyň hem beýle kemçilikleriniň goýberendigini çaklanýar. Hatda has öňräk Amerikan Eýrlaýns we Ýunaýted Eýraýns, beýle kemçilikleriň ýüze çykmagyndan soň, meňzeş jeza hökmedilipdi. ABŞ ulagçylyk ministri Norman Mineta ‘Başa gelen <Sentýabr 11> hem bolsa, hiçkimiň hiçkimi kemsitmäne haky ýokdur,’ diýip nygtady. Altas

Yrakda Türkmen žurnalist öldürildi

Gurbansoltan 10, 2004. Yrakdaky ‘Altyn Köpri’ atly türkmen gazetiň baş-redaktory Aly Ekrem Köprüli, Gurbansoltan aýynyň 3-ne ýarygije öldürildi. Şondan gysga wagt öň Yrak Türkmen Fronty baştutany Dr. Subhi Saber bilen söhbetdeşlik edipdi. Bu jenaýatdan öňem bolsa Dr. Saberiň janyna kasdediş syanşygy bolupdy. Altas

Owganda Ýer Titreme

Şamyrat Ýusupow

 

Gurbansoltan 10, 2004. Hindukuş dagynyň eteginde, Päkistan serhetine ýakyn ýerde Ýaşgüni güýçli ýer titreme emele geldi. Päkistan seismologiýa işgärleri ýertitremäniň kuwwaty 6.8 bal bolandygyny habar berdiler. Öňem birnäçe kiçi çaýkanmanyň bolan Badahşan welaýatynda hiçhili adamyň zeper görmändigi, emma bu gezekgi barada anyk maglumatlaryň ýokdugyny ygtyýarlylar habar berýär. Owganystanyň uly bölegine ulagçylygyň kynlygy sebäpli çekilýän kynçylyklara garamazdan hökümet işgärleri derrew ýardam güýçlerini ýollady. Altas

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center