Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

YKDYSADYÝET WE SÖWDA HABARLARY 

Türkmenbaşy-Nowruz Aralygynda-da Ösüş Dowam Edýär

Gurbansoltan 16, 2004. Milli statistikalar instituty Milli Girdeýiji Hasabatynda Türkmenbaşy-Nowruz aralygynda geçen ýylka garalanda 20.1% ýazga geçirendigi habar berýär. Bu aralykdaky girdeýiji hasabaty 18 trillion manat diýip hasaba alyndy. Ykdysadyýetiň hemme pudaklarynda ösüş yzarlandy. Geçen ýylky Türkmenbaşy-Nowruz aralygyndaky tabşyryga garanda oba-hojalyk pudagynda 18.8%, gurlyşyk pudagynda 17.8% we industriýada 21.4% ösüşiň yzarlanandygy habar berilýär. Altas

BAE Haýyr-Sahabatyna Dowam Edýär

Gurbansoltan 16, 2004. Abu Dabi täç prinsi we Birleşen Arap Emiratlaryň gorag ministri Şyk Halyfa bin Zaid An-Nayhan Mary aeroportyny kemala getirmek üçin türkmen hökümetine 12 million dollar haýyr pul geçirdi. Kämilleşdirilenden soň Mary aeroporty Boeing 747 ýaly uly uçarlary gondurypbiläýjek ýagdaýda ulanyş çäkleri giňeldiler.
BAE haýyr-sahabat hökmünde Aşgabatdaky bir ýetimler öýi üçin 17 million dolar, paýtagtyň çeträk böleginde bir metjit 1.5 million dollar, we Maryda guruljak ‘Ene we Çaga’ merkezi üçin 15 million dollar berdi. Altas

Aşgabatda Guruljak Binalaryň Türk Goýumçylary

Gurbansoltan 16, 2004.

 

Türkler Saglyk Ministirliginiň Binasyny Gurar

 

Türkiýeli “GAP Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijarat AŞ” şereketi 12 million dolar harajatly Saglyk Saklaýyş Ministirliginiň täze binasy gurar. Proýekt Magtymguly2004-de başlap, Magtymguly 2005-de gutarmagy maksatlanýar.

 

32 Millionlyk Iki Teatryň Gurluşygy Hem Türk Malyýe Goýumçylara Berildi

 

Harajaty 15 million dollar boljak gurjak teatrynyň gurluşygy “Polimeks” firmasyna tabşyryldy. Proýekt indiki ýylyň Garaşsyzlyk aýynda ulanyşa girmeli.

Arçabilde ýerleşen Milli Mirashananyň ýakynynda Alp Arslan ýaşlar teatrynyň gurluşygyny “GAP Inşaat” alyp barar. Harajaty 17 million dollar bolan bu teatr, 2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda hyzmata başlamaly.

 

Altas

Täze Türkmenistan-Eýran Demirýoly Proýekti

Gurbansoltan 16, 2004. Geçen hepdeki Ministirler Kabinetiniň Mejilsinde, prezident Nyýazow Esenguly-Gudurolum arasynda geçirilmeli 65 kilometr uzynlygyndaky demirýoly gurluşugynyň başlamagy üçin karara gol çekdi. Gurluşyk Magtymguly 2004-de başlap, Bitaraplyk 2005-de gutarmagy meýillenýär. Bu demirýoly proýekti, eýýam hyzmatda bolan ‘Sarahs-Maşat’dan soň Eýran arasyndaky ikinjisi bolar. Altas

Parker Ilkinji Üstünlükli Nebit Ýatagyny Gazdy

 

Gurbansoltam 16, 2004. “Çalyk Energiýa”nyň ýolbaşçylygynda Parker Drilling-iň enjamlaşdyrylyp gazuw işlerini geçiren ilkinji önümçülükli nebit ýatagynyň gazuwyny tamamlady. Körpejede gazylan bu ýatagyň çuňlugy 3930 metr hökmünde hasaplandy. Altas

 

Gazprom Bilen Türkmenistan Uzak Möhletli Arkalaşyk Gurnamakçy

 

Gurbansoltan 16, 2004. Türkmen prezidenti Nyýazow bilen duşuşan Gazprom başlygy Aleksi Miller uzak möhletli aragatnaşygy gurnamagy esassynda Merkezi Aziýa Merkezi Trubageçiriji ulgamyny gaýtadan dikeltmek, Türkmen tebigi gazyny üçünji ýüz talapçylar satmak barada ediljek işler barada gürrüň edildi.

 

25 Millionlyk Suw Sportlary Toplumy Gurular

 

Gurbansoltan 16, 2004. Prezident Nyýazow Aşgabatda olimpik standartlarda suwly sport toplumyny gurmagy tabşyrdy. Turizm we Sport ministri “GAP Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret AŞ” şereketi bilen 25 million dollarlyk ylalaşyk baglanşar. Proýekt Magymguly 2004 – Bitaraplyk 2005 aralygynda gutarylmagy maksatlanýar. Altas

TR Tokaýçylyk we Ekologiýa Ministri Jp. Pepe Türkmenbaşy Bilen Duşuşdy

Şamyrat Ýusupow

Gurbansoltan 10, 2004. Geçen aýyň 30-na türkiýeli ministir jenap Osman Pepe bilen türkmen baştutany Saparmyrat Türkmenbaşy bilen resmi duşuşyk geçirdi. Prezident Lebap welaýatyndaky mineral baýlyklaryna yşarat edip, şol ýerde türk şereketleriniň maýa goýum edipbiljekdiklerini aýtdy. Ministir öz gezeginde ýurt baştutanynyň türk maýa goýumçylary üçin döredýän mümkinçilikleri üçin minnetdarlyk bildirdi we bu regionyň türk telekeçileri üçin örän ähmiýetlidigini dile getirdi. Şol sanda žurnalistleriň soraglaryny jogaplandyran Osman Pepe, Ystanbulda Türkmenbaşy Seýilgähini açylmagy meýillenýär, diýdi. Altas

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center