Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Dünıä Habarlary

Editor: Şamyrat İusupow

Saılawlar: Ispaniıada Işçi Sosialist Partiıa İeňdi

Nowruz 16, 2004. Dynç güni geçen Ispaniıanyň hökümet saılawynda Işçi Sosialist Partiıa (PSOE) ıeňiş gazandy. Partiıanyň başlygy, Jose Luis Rodriguez Zapatero, ıeňiş ıüzlenmesi aıtmazdan öň geçen hepde emele gelen terrorçylykly wakanyň hatyrasyna 1 minut hormat sessizliginden soň başlady. Yrak meselesinde Oguz aıyna çenli ösüş bolmasa, Ispan esgerleriniň Yrakdan çekiljekdigini dile getirdi. Altas

Gürjistan Urşyň Eteginde

Nowruz 15, 2004. Ajarystan okrugyndaky çykan gozgalaň sebäpli, içki söweş howpy astynda bolan Gürjistan respublikasynda, ıagdaıy durnuklaşdyrmak üçin bu regiona giriljek we çykyljak ıollary ıapmak, Batum aeropotynyň işlerini täsgemek üçin prezident Mihail Saakaşwilli karara gol çekdi. Altas

Saılawlar: Putin Prezident Saılandy; Malaıziıa’da Nowruz Baıramynda;

 

Nowruz 15, 2004. Moskwa.Düınki saılawlaryň sanawy şugün jemlendi, we 71.2 göterim bilen Wladimir Putin ikinji döwüre saılandy. Yzyndan Kompartiıanyň başlygy Haritonow (13.7%), Sergeı Glazıew (4.1) gelıär. Kandidatlygyny saılawlardan iki hepde öň yglan eden ilkinji aıal kandidat ıarym-ıapon hanym Hakamada, berilen sesleriň 3.9 göterimini ıygnamagy başardy. Prezidentlige beıleki ıüz tutan kandidatlar Oleg Malyşkyn – 2%, Sergeı Mironow bolsa – 0.8% ıygnamak bilen jemledi.

 

Kuala Lumpur. Aıyň 21-ne, dynç güni geçiriljek Umumymilli Saılawyň netijesinde mejlisde iň köp oturgyja eıe bolan partiıadan baştutanlyk (premıer-ministir) saılanmana hukuk beriler. Malaıziıanyň ady belli partiıalary Barisan koalisiıasy astynda MCA (hytaılylar jemgiıeti), MIC (hindiler guramasy), UMNO (malaılar birleşigi); iň uly opozisioner PAS (Malaıziıa Yslam Partiıasy); Ke-Adilan (Adalat Partiıasy), PPP (Halk Partiıasy). Barisan Nasional Koalisiıasynyň 3 millete bagly partiıalaryň arkalaşygy bolan soň şu wagta çenli saılawlarda hiç ıeňilmedi. Emma bu BN-yň hilegärlik ulanmadygyny delalaty däldir. UMNO-nyň prezidenti we şu wagtky ıurt baştutany premıer-ministir Abdylla Ahmet Bedewiniň öňki premıer Dr. Mahathir ıaly syıasy güıji ıok. Şol sebäpden, dürli metbugatyň propagandalaryna garamazdan saılawlaryň nähili netije berjegi belli däl. Emma 1998-99-larda gyzgyn bolan Enwer Ybraıym wakasy bir haıly ıatyşdy, we ony diňe saılawlardan soň tussagdan boşatjak bolıarlar. Sebäbi ir boşadylan halatynda, öz partiıasy bolan Ke-Adilanyň başyna geçip, dürli gyzgyn saılaw kompaniıalary bilen, şu wagt hökümmetiň başyndaky UMNO partiıasyna uly howp döretjekdir.

 

İene bir zat. Nowruz aıynyň 21-ne Formula 1 awto “çapşygynda” Malaıziıa Aılawy geçirilıändir. Emma saılawlar muňa garamazdan geçiriler.

 Altas

Madridde Terror: 198 Öli, 1400den Gowrak İaraly

 

Nowruz 12, 2004. Ispaniıanyň paıtagtynda Sogap güni emele gelen terrorçulukly wakada 200 töweregi adam gurban boldy, 1400den gowragy hem ıaralandy. Esasan otlylaryň wagonlaryna bolmak bilen 13 ıere ıerleşdirilen partlaıyjy maddalarynyň 6-sy ıaryldy. Ispan hökümeti terrorçulugy ETA bölüji-topary bilen baglanşdyrıar. Ispaniıada 3 gün matam. Altas

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center