Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Syıasat, Kanun, Döwlet, Adalat, Halkara Gatnaşyklar

‘Häzirki Adam Howpsuzlygy’ Ors Dilinde

Şamyrat İusupow

 

Baıdak 13, 2004. nCa-iň aıyň 4-ne Aşgabadyň OSCE Merkezinde BMG-synyň ‘Häzirki Adam Howpsuzlygy’ tabşyrygynyň ors dilindäki nusgasynyň tanadylyş bolup geçdi. Bu tabşyryk halkara adam hukuklary we howpsuzlyklary barada maglumat berıär. Bu tabşyrygy şu sahypada okap bilersiňiz:

http://www.humansecurity-chs.org/finalreport/index.html

Altas

“Watan” Partiıasyndan Goldaw

Şamyrat İusupow

 

Baıdak 13, 2004. Turkmenistan.gov.tm we nCa gulluklarynyň habar bermegine görä, Tatar hökümmetiniň wekili bolan ‘Watan’ syıasy partiıasy, Türkmenistanyň alyp barıan syıasatyny goldaıandygy, partiıanyň başlygy Muhammet Minaçew Türkmenbaşa ıazan hatynda belläp geçdi. “Orsiıetde siziň ösüşüňizi yzarlap goldaıanlaryň az däldigini size ynam bilen aıtmak isleıärin. Size saglyk we abadanlyk dileıäris,” diıip hat jemlenıär. Altas

TM Gaıtadan Tok Bagyna Gatnaşmagy Meıilleıär

Şamyrat İusupow

 

Baıdak 13, 2004. Metbugat serişdeleriniň aıyň 10-na habar bermegine görä, ıurt baştutany Jenap Nyıazowyň Anatoliı Çubaısa jogap hatynda Türkmenistanyň 1996-njy ıylda dürli jogapkärsizlikleriň, ıalňyş hasabatyň, enjamlaryň üpjünçiliginde goıberilen ıalňyşlary Türkmen ykdysadyıetine uly zeper ıetirıändigi sebäpli GDA Elektrosetinden kesilmeli bolandygy bellenilıär. Şu wagt Türkmenistan Eıran, Owganystan we Türkiıä elektroenergiıasyny eksport edıändigini, Päkistan, Hindistan we İewropanyň indiki duralgalardygyny bellenilip geçilıär. Prezident Nyıazow şol sanda GDA-nyň standartlaryna ynam ıetirilen mahalynda gaıtadan şertnama gol çekip biljekdigini dile getirdi. Altas

Eıran İubileıini Belledi

Şamyrat İusupow

 

nCa esasynda

Baıdak 13, 2004. Aıyň 10-nyna Eıran Yslam Gozgalaňynyň dabaraly senesini bellän Eıran Ilçihanasynda, Ilçi Ybaıym Drazgesu, Orta Gündogaryň parahat region bolmagyny çagyryp, toplumlaıyn harap ediji ıaraglaryň (THEİ) doly tabşyrylmalydygy barada pikirlerini beıan etdi. Dabar Eıran Medeni Merkeziniň okuwçylarynyň iki döwletiňem milli gimnlerini aıtmak bilen başlady. Dabara Türkmen hökümmeti tarapyndan DIM ministri Jenap Reşit Meredow we Mejlis başlygy Owezgeldi Ataıew gatnaşdy. Altas

Şri Lankanyň Ilçisi Mejlise Ynam Hatyny Gowşurdy

Şamyrat İusupow

 

nCa esasynda

Baıdak 12, 2003. Şri Lankanyň adatdan daşary we doly ygtyıarly ilçisi, Omar Zurank Kamil, Türkmen Mejlis başlygy, Owezgeldi Ataıewe ynam hatyny gowşurdy. Jenap Ataıew ilçini Türkmen medeniıeti, taryhy we däpleri bilen tanyşdyrdy, we garaşsyzlykdan soň ülkämiziň eıe bolan üstünlikleri barada maglumat berdi. Ilçi ykdysady, söwda we medeni gatnaşyklar üçin  iki tarapyňam örän uly potensiıalynyň bardygyny dile getirdi. Altas