Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

YKDYSADYÝET WE SÖWDA HABARLARY

Editor: Şamyrat Ýusupow

22 Nebit-Gaz Ýataklary Tamamlandy

 

Gurbansoltan 2, 2004. NCA- habar bermegine görä ýaňy ýakynda Günbatar Şatlykda ýigrimi iki sany täzegara we mawy altyn guýylary’ny hyzmata hatara girizildi. Regionda täze 65 guýynyň gazylmagy meýillenýär. Gazuw-agtaryş işlerini hytaý ussatlar alyp barýar. Çykdaýyjysy 22 million amerikan dolar bolan bu proýekt, indiki ýylyň ýarymynda önümçülüge girizilmegi garaşylýar. Altas

 

BAE-den Gelen Haýyr Ene we Çaga Merkezine Gider

 

Gurbansoltan 2, 2004. Birleşen Arap Emiratlarynyň Türkmen döwletine goldaw hökmünde sowgat beren 15 million dolar haýryny, prezident Türkmenbaşy jemi 30 million dollarlykEne we Çaga Merkezi’niň gurluşyk proýektiniň hasabyna geçirmegi gönükdürdi. ‘Ene we Çaga Merkezinde’ 100 krowatlyk hassahana 14’000 kw metr meýdança ýerleşdiriler. Altas.

 

Zarit Türkmenistan Bilen ÖPY-a Gol Çekişer

 

Gurbansoltan 2, 2004. Zarubežneft, Rosneft we Iteranyň emele getiren topary ZARIT, Türkmenistan bilen ÖPY (Önüm Paýlaşyk Ylalaşygy)-na Oguz aýynda iki taraplaýyn gol çekişmekçi. Ylalaşyk Hazardan çykaryljak gidrokarbonlary paýlanşygy bilen baglanşykly. Bir ýarym ýyl ozal Zarit Hazar Deňzinde aýratyn gözleg-agtaryş işlerine başlapdy.

 

Petronas, Dragon, we Maersk şereketleri türkmen ýolbaşçylygy bilen eýýam ÖPY-a gol çekişdiler. Altas

Orsiýet Karzyny Milli Rezerw Banky Arakly Hasaplaşar

 

Nowruz 29, 2004. Orsiýetiň Milli Rezerw Bankynyň (MRB) başlygy, türkmen ýurt baştutany Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bilen duşuşyk geçirdi. Prezindent Türkmenbaşy MRB-a Orsiýetiň Türkmenistan üçin ynamlylygy barada aýratyn, adatdan daşary görkezme berdi. Baýdak aýynda Türkmenistanda resmi saparda bolan St. Peterburg häkimi Matwiýenko bilen, Orsiýetiň 1992-93 bergileriniň üzülmegi baradaky işler ara alnyp maslahatlaşylypdy. Köp sanly ors şereketleriň, esasanda banklaryň alan karzlarynyň 100 million dollar bolandygyny, ýurt baştutany belläp geçdi. Altas

2003-de Şertnamaly Işler 19% Artdy

Nowruz 15, 2004. Döwlet ministirlikleriniň we halk gullyk edaralarynyň binalaryny gurmak üçin şertnama esasynda işe almak ulgamynyň göwrümi 2002-ä garanda 19% artandygy statistikalar instituty tarapyndan habar berildi. Şertnamaly işleriň uly bölegi nebit-gaz gurluşygyna baglanşykly pudaklarda bolandygy hem nygtalýar. 2003-nji ýylda jemi şertnamaly işleriň göwrümi 7.03 trillion manat boldy. Altas

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center