Şamyrat İusupow
Bitaraplyk
15, 2003. Başgüni. Geçen hepde örän çekeleşikli
wakalar bolup geçdi. Esasanda soňky 3 güninde.
Bu bolup geçen
wakalar dünıäni nirä tarap süıräp
barıarka? Parahatçylygamy, uruşamy, adalatamy, deňsizlime, eşretemi, garyplygamy? Bu bolıan wakalaryň arkasynda bolup geçıän gizli syıasatlar
barmyka, ıa-da doly ıagdaıda tebigimyka?
Bu soraglara jogaby wagt görkezer. Häzirlikçe biz suwuň ıüzündäkilerden
habardar bolalyň.
Geçen hepdäniň dynç güni (B-lyk
14, 2003), 30 ıyllap agyr diktaturasy bilen, halkyny 3 uruşa süırän, demirgazykda ıaşaıan Türkmen we Kürt raıatlarynyň müňlerçesini gaz ıaraglary bilen zäherlenip ölmäne sezewar
Hronologiıasy:
1937, Aprel
28
Tikritde Doguldy (Yrak)
1957
Baas Partiıasyna goşuldy
1963
Baasyň mejlisde uly ıer eıelemegi
1968
Prezident orunbasary
1979
Prezident
1980-1988
Eıran-Yrak uruşy
1988, Awgust
Türkmen we Kürt raıatlaryň gaz zäherlenmeleri
1990-1991
Kuweıti basybalyş. Amerikan goşununyň Yraky
çykarmagy.
2003, Nowruz-Magtymguly
Amerikan güıçleri tarapyndan basybalynyşy
Saddamyň gola salynmagy
indiki saılawlar üçin mümkinçiligini azaldan Jorj Buşuň
has köp tarapdar ıygnajakdygy çaklanylıar.
Amerikan dollarynyň hümmeti
artdyp başlady. Belki ilkinji Euro pul
birligini halkara ulanşyga geçen OPEC agzasy Yrakda ıagdaıy
göz astyna alynandygy sebäpli bolup biler diıip
metbugat nygtaıar.
Indi Amerikan hökümmetiniň ünsi Usama bin Ladini tapmak. Onuň Päkistan we Owganystan
arasyndaky dag gowaklarynyň birinde bolup biljekdigi öňe sürülıär. Geçen hepde Taliban terrorçularyny awlaıan mahallary Amerikan goşunlary partlaıyjylar arkaly ıykan diwarynyň astynda galyp ıaşaıyşyny
ıitiren owgan raıatlarynyň arasynda 6 çaga-da bardy. Şu wakadan iki gün öň
hem Gazni welaıatynda Molla Wezir atly
Taliban şübhelisiniň yzarlamasynda,
Amerikan uçarlarynyň oklan bombalary bilen 9 çaga ıaşaıyşyny
ıitirdi. Amerikan esgerleri munuň
batbagtçylykly wakadygyny dile getirdiler.
Ruhgüni Amerikan klinikasynda 80 ıaşynda jan beren
Häzirbegjanyň öňki
prezidenti, Heıder Alyıewiň hatyrasyna ülkede 7 gün ıas
tutulıandygyny metbugat gulluklary habar berıär. Uzak wagtlap Sowıet
hökümmetiniň KGB başlygy
bolup oturan, Alyıew, döwletiniň ilkinji agyr ıyllaryndaky
kynçylyklary alyp çykyp bilmedik we gysga wagtda işinden
boşan ilkinji iki prezidentden soň ıurtda abadançylygy ıola goımak üçin örän
ussat syıasatlar alyp bardy. SSSR döwründe Häzirbegjandaky nebit ıataklarynyň mukdary barada ıalňyş tabşyryklar
berip, olary az görkezipdir.
Şeılelikde merkez ıangyçlary
tygşyly ulanmak üçin kän haraç
etmändir. Elbetde, bularyň
bary Häzirbegjanyň garaşsyzlygyndan soň belli boldy. Soıuzuň düzümünden gan döküp emma ir aırylan
Häzirbegjan beıleki döwletleriňem syrmadan sökülen ıaly aırylmagyna
ıol açdy.
Häzirbegjanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Matam Dabarasy geçirildi we matam kytapçygy döredildi. Dabara gatnaşan ministirler, ilçiler we beıleki döwlet işgärleri gynanç bildirdiler we matam kytapçygyna duıgularyny ıerleşdirdiler.
Prezident Saparmyrat Türkmenbaşy, Heıder Alyıewiň ogly we Häzirbegjanyň şu wagtky baştutany Ylham Alyıewe gynanç hatyny ugratdy.
Päkistan Yslam Respublikasynyň
prezidenti General Perwez Muşarraf işine barıan ıolunuň üstünde partlaıyjy enjam ıerleşdirilendigini, emma generalyň
partlamadan onlarça minut öň geçip
gidendigini metbugat gulluklary habar berıär.
Türkmen.Net üçin ıörite Altas Habar
Gullugy