
Gurbansoltan
16, 2004. Malaıziıanyň adatdan daşary we
doly ygtyıarly ilçisi Ahmad Mohtar Selat Türkmenistan Mejlisi başlygy jp.
O. Ataıewe ynam hatyny gowşurdy. Mejlis başlygy ilçini
Türkmenistanyň alyp barıan syıasatyny ugry bilen tanyşdyrdy. Açylan
ilçihana iki döwletiň arasyndaky ykdysady we jemgiıetçilikli
gatnaşyklaryň kämilleşdirjekdigi, nebit-gaz sebitinde
Türkmenistanda iş çalyşıan Malaıziıanyň Petronas firmasyna we
Malaıziıada okaıana onlarça Türkmen talyplaryna uly goldaw boljakdygy nygtalyp
geçildi. Ilçi Malaıziıanyň Soltany Tuanku Saed Sirajuddin Putra
Jalulailiň tassyknama hatyny prezident Nyıazowa gowşurdy. Altas
Gurbansoltan
16, 2004
Türkmenbaşy
Malyıe Ministrine Käıedi
Türkmen baştutany Saparmyrat Türkmenbaşy Malyıe ministri Kakalyıewi raıatlaryň aılyklaryny wagtynda tölemeıämdigi üçin berk käıedi, we soňky duıduruş berıändigini aıtdy. Türkmenhaly we beıleki edaralarda wagtynda tölenmedik aılyklar sebäpli turan dawa-jenjelleri nygtap “Näme üçin bu zatlar menden gizli tutuldy? Näme üçin hiçkim gelip maňa bir agyz aıtmady? Näme üçin ıurt baştutany wagtynda habardar edilenok?” diıdi.
Resmi bolmadyk çeşmelere görä Daşoguz welaıatynyň Türkmenbaşy etrabynda 9 aı bäri aılyk almadyk halk gazaplanyp, häkimlik binasyny gurşap, binany daşlap aınalary döwüpdirler. Mundan başga etrabyň hassahanasynyň ıanynda bir binanyň oda berilendigi resmi bolmadyk çeşme habar berıär. Türkmenbaşy etrabynyň döwlet edaralarynda işleıän 9 aı bäri aılygy tölenmedik raıatlaryň 3 aılyk töleginiň şol bir badyň özünde, galanynam iň gysga wagtyň içinde tölenmegi merkezi ıolbaşçylyk tarapyndan berk tabşyryldy. Bu galma-galyň yzyndan töwerekdäki etraplarda-da aılyklaryny uzak wagtlap almadyk raıatlar-am alyp başlanandygy habar berilıär.
Söwda
Ministri Tassyklanmadyk Eksport Üçin 2 Aılyk Jerime Tölär
Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Çarymämmet Gaıybow Ministirler Kabinetiniň tassyknamasyny alman daşary ıurtlaryň birine 20’000 tonna demir satany üçin, we mundan başgada ministirligindäki tabşyryklary we borçnamalary doly ıagdaıda ıerine ıetrimänsoň, prezident Türkmenbaşy berk käıedi we iki aılyk töleg hakyndan mahrum etmek barada karar aldy. Altas
Gurbansoltan 16, 2004. İUNISEF Region wekili Juan Aguilar
türkmen ygtyıarlylary bilen gürrüňdeşlik üçin aıyň 8-9-na
paıtagt Aşgabada resmi saparda boldylar. Türkmenistandaky İUNISEF
proıektleriniň amala-aşyrylyşy baradaky mazmuny görkezmeler
ara-alynyp maslahatlaşyldy.
OSCE edara
ıolbaşçysy Dr. Solomon Passiniň Merkezi Aziıa saparynyň aıagynda
(ahyrynda) Türkmenistanyň prezindenti bilen duşuşdy.
Ikitaraplaıyn gatnaşyklaryň ıitilendirilmegi üçin
şertnamalaryň gaıtadan ıazga geçirlimeginiň ähmiıetiniň
üstünde durup geçildi. Türkmenistandaky ynsan hukuklary we demokratiıasy
baradaky ösüşi yzarlamak we berkitmek iki tarapyňam ylalaşan
nokady.
OSCE-den 3
gün öň EBRD topary Aşgabatda bak işgärleri üçin 4 güni seminar
gurnady. Seminarda bankalryň halkara standartlary, Türkmenistandaky
banklaryň hyzmatlarynyň giňeldilmegi, öňünde çykıan
kynçylyklary ıeňmegiň çäreleri barada gürrüň berildi. Altas
Gurbansoltan 16, 2004. İaňy ıakynda
Türkmenistanyň Gorag Ministirligi metbugata ıazgyly düşündüriş
haty ıaıratdy. Düşündürişe görä NATO-nyň Parahatçylyk üçin
Arkalaşyk strukturasy assynda Türkmenistanyň bilen 2004-5 IPP
(İekelikde Arkalaşyk Programmasy)-a gol çekmegi, Türkmenistanyň
Bitaraplyk Statusy bilen utgazmaşlygynyň ıokdygy aıdylıar. Bu
ylalaşyk Türkmenistanyň NATO-ny parahatçylykly guramadygyny
tanaıandygyny, bu ugur bilen goňşy we arkadaş ıurtlaryna
Türkmenistanyň ynamly ıurtdygyny tanatmak maksatlanıar. Hiçhili halkara
harby we goşun ulgamlaryna goşulmak niıetiniň ıokdygyny, hiçhili
tarap tutmaıandygyny barada bu hatda doly düşündüriş getirilıär.
Altas
Gurbansoltan 16, 2004. “Milli ruhy galkynyşymyz baradaky meseleri öňümüzdäki güızde geçiriljek Halk Maslahatynda ara alyp maslahatlaşarys we çözgüt ıollaryny tapmana çalyşarys,” diıen prezident Türkmenbaşy sözüni dowamynda “Biz öňünçä Gypjakda soňam Aşgabatda Ruhyıet Köşgünde maslahatlaşmaly,”diıdi. Şu wagt Halk Maslahatynyň halkdan saılanan 2507 agzasy bar. Altas
Gurbansoltan 16, 2004. Biri Bişkekde, beılekisem Tehranda geçjek möhüm ıygnaklar gatnaşmak üçin Türkmenistan delegasiıa toparlary düzüldi.
Gurbansoltan 17-18 aralygynda Tehranda geçjek söwda-ykdysady duşuşyk üçin türkmen hökümet topary düzüldi.
Beıleki topar hem bolsa Gurbansoltan 15-16 aralygynda geçjek GDA maslahatçy ıygnagy üçin düzüldi. Altas
Copyright © 1999 - 2004, All
Rights Reserved
Altas News Agency &
Information Center