Şamyrat Ýusupow
Baýdak
17, 2004. Türkmenistanyň aragatnaşyk
ministirligi daşary ýurt şereketlerine we ýaýlym toplumlaryna, täze
kanal barada teklip bäsleşigini yglan etdi. Prezident tarapyndan berilen
görkezme esasynda, alty dilde ýaýlym edilmegi meýillenilýän bu kanalyň, studýa
enjamlaşdyrylmagy, hemra arkaly ýaýlym üpjünçiligi, ýaýlym
enjamlarynyň hödürlenmegi göz öňünde tutljakdyr. Tender Baýdak
aýynyň 24-ne çenli dowam etjekdir. Altas
Şamyrat Ýusupow
Baýdak 13, 2004. Türkiýäniň Jahan Habar Gullugynyň (Cihan Haber Ajansi) habar bermegine görä, Türkmenbaşynyň görkezmesi esasynda täze türkmen teleýaýlym kanalynyň açylmagy üçin gerekli enjamlary we serişdeleri satyn almagy Aragatnaşyk Ministrine tabşyrdy. Bu ýaýlym kanaly Ors, Iňlis, Fransuz, Hytaý, Pars we Arap dilleri bolmak bilen, 6 dilde ýaýlym gepleşikleri hödürlär. Türkmenbaşy, Aşgabatda Türkmen Miras Merkeziniň açylyş dabarasynda “Biz örän uly işler bitirip, ösüşlere eýe bolýandyrys. Dünýä muny bilmelidir!”, diýip nygtady. Aragatnaşyk ministri jenap Resulberdi Hojagurbanow 20 gün içinde gerekli enjamlary satyn almak bilen wezipelendirildi. Altas
Şamyrat Ýusupow
Bitaraplyk 18, 2003 – Geçen 2002-nji
ýylyň, Sanjar aýynyň 25-ne, Türkmenistanyň Prezindentiniň
janyna kast ediş synanşygynyň netijesinde tussag
edilenleriň arasynda ukrain asylly, amerikan raýaty, žurnalist Leonid
Kamarowskiý hem bardy. Onuň “Aşgabatda Terrakt” atly kitaby, ‘Ruh’
neşriýaty öýi tarapyndan neşredildi. Neşriň sany 1000
ekzemplýar. Kitap ‘Sanjar 25’ wakasy barada giňişleýin maglumat
berýär. Bu kitaby ýazmagy, jenap Kamarowskiý tussag edilen bäş aý soň
boşadylyp, amerikan hökümmetiniň eline tabşyrylan mahalynda söz
beripdi. Altas
Şamyrat Ýusupow
Bitaraplyk 20, 2003 – Türkmenistanyň
Saglyk we Derman Önümçülik Ministirliginiň ÝUNISEF we BMG
wekilleriniň arkalaşygy bilen “Ýaşaýyş Üçin Esaslar”yň
milli görnüşüni neşretdiler. Hossarlaryň we eneleriň
çagalaryna seretmäne, kynçylyklaryň hötdesinden gelmäne ýol görkezýän
‘Ýaşaýyş Üçin Esaslar’ habarçalardan (message) yabarat
eserleriniň dünýäde 15 milliondan gowrak nusgalary dürli dillerde bardygy
mälim. Içinde iň köp gerekli we esasy ýüze çykýan ýagdaýlaryň
çärelerini, suratlandyryp we oňat şekilendirip düşündürýän,
yzarlamaly ugurlary dile getirýän 13 baplyk bu eser, gerek şahsyýetler
bilen türgenleşikli ýagdaýda, gerek bolsa metbugat arkaly halka
ýetirilmegi, her ýyl howply ýagdaýa sezewar bolýan müňlerçe çagalaryň
ýaşaýyşyny, tygşytly we täsirli ýol bilen halas etmäne ugur
döretmegi üçin zerurdyr. Altas