Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

YKDYSADYÝET WE SÖWDA HABARLARY

Western Union Balkanda Filial Açdy

Şamyrat Ýusupow

 

Bitaraplyk 22, 2003Dünýäde çalt we ynamly malyýe çalyşygyny berjaý edýän ulgama eýe bolan, 180 döwletde hyzmat edýän, Western  Union’yň Türkmenistandaky arkadaşy bolan Senagat banky, Balkan welaýatynda filialyny işe girizdi. Indi Balkandaky Türkmen raýatlary bank hasaby açman daşary ýurtlar bilen malyýe serişdeleri alyş-çalyşy edip biler. Altas

Türkmenbaşy NGIZ Öňde Gitmäne Dowam Edýär

Şamyrat Ýusupow

 

Bitaraplyk 22, 2003 – Geçip barýan ýylyň içindäki 11 aýyň hasabaty boýunça Türkmenbaşy Nebiti Gaýtadan Işleýiş Zawody, Türkmenistanda nebit düzümleriniň önümçülüginde öňde barmana dowam edýändigi görkezdi.

 

 

T.başy-Sanjar 2002

T.başy-Sanjar 2003

TNGIZ- Öndüren Nebit Mukdary

1’270’500 tonna

1’329’800

TNGIZ- Öndüren Kerosin Mukdary

380’600 tonna

434’400 tonna

 

45 ýyl bäri öndürülýänAýnasintetiki kir-ýuwujy serişdesiniň hili ýokarlandyryldy.Ýeňil ýangyç öndürmek üçin gerekli bolan, millisekutlyk bölüji katalisti ulanýan dünýäde ikinji industrial toplum Türkmenbaşy NGIZ bolup durýar. Bu ýyl Türkmenistan  ekologiýa zyýansyz bolan kükürtsüz dizeliň önümüne başlady. TNGIZ- önümlerini satyn alýan ýurtlar Orsiýet, Eýran, Päkistan, Özbegistan we Täjigistan. Altas

 

Tapylan Bentonit Kagyz Önümçiligini Artdyrar

Şamyrat Ýusupow

 

Bitaraplyk 19, 2003 – Balkanabat şäherine ýakyn ýerde tapylan bentonit ýokary hilli kagyz önümüni artdyrar. Bentonit wulkanyň küllerinden dörän smektit minerallary öz içine alýan madda bolup, industriýanyň giň çäginde ulanylýar. Şol sanda: oba-hojalyk, gazuw, tozjuklar, boýaglar, dermanlar, wşm önümünmde örän peýdaly närse (serişde) bolup durýar. Altas

Nyýazow 2004 Býudžetiniň Taslamasyny Gözden Geçirmek Üçin Tabşyrdy

 

Bitaraplyk 8, 2003. nCa tabşyrygy esasynda.

Aşgabat, Sanjar 30, 2003. Ministirler Kabinetini Anna günki ýygnagynda, Prezident Nyýazow býudžet meýilnamasynyň nusgasyny mejlise gaýtadan göz aýlamak üçin tabşyrdy. Meýilçileriň hemme täsir ediji serişdelerini hasaba almaýanlary we bu sebäpli malyýe hasabaty hakyky möçberleri görkezmeýändigini aýdyp berk duýdurdy. dowamy

Türkmenistanyň Türkmenbaşy-Garaşsyzlyk 2003 Aralygyndaky Ykdysady Tabşyryk

 

NCA-iň tabşyrygy esasynda.

Aşgabat, Sanjar 20, 2003 --- Türkmenistanyň Döwlet Statistikalar Instituty  2003-nji ýylyň Türkmenbaşy-Garaşsyzlyk aýlary arasynda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryň örän çalt ösüş bolandygyny habar berdi. Jemi  şu zaman aralygy Milli Girdeýiji Hasabaty (MGH) 64 473 trillion Manat, ýagny edil geçen ýylky şol aralyk hasabatyndan 22.7 göterim galypdyr. dowamy