Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Saglyk Habarlary

Guş Gribine Garşy Halkara Göreş

Şamyrat İusupow

 

Türkmenbaşy 31, 2004. Geçen ıylyň ahyrynda giňden ıaırap ıüze çykyp başlan “influenza” wirusy, ıa-da halk dilinde “guş gribi”, şu wagta çenli 6-a golaı adamyň ıaşaıyşyny ıitirmegine ıol açdy. Hytaıdan ıaırap çykandygy takmyn edilıän bu keseliň şu wagta çenli iň ıaıgyn görülen ıeri, Wiıetnamyň demirgazyk böleginde, paıtagt Hanoi-a ıakyn bir ıerdigi metbugat tarapyndan habar berilıär. Dünıä Saglyk Guramasy (DSG) we beıleki halkara guramalar munyň öňüni almak üçin çalt çäre görmek barada çakylyk etdiler. Dünıäniň köp döwletleri millionlarça kesel towuklary wirus şübhesi bilen öldürdiıärkä, käbirleri towuk importlaryny duruzmak bilen ıetinıär. Gowurylan towuk naharlaryny satıan Amerikan restoranlary bolan Kentucky Fried Chicken (KFC)-niň  Wiıetnamdaky filiallary towugyň ıerine balyk satjakdygyny metbugata ıetirdi. Wirusdan seresap bolmak üçin towuklaryň keteklerine girmezden öň, fermerlere ellikli we sanitar maskalar bilen girmegi we towugyň iımitiniň saglyklylygyna we arassalygyna üns bermegi DSG tarapyndan berk maslahat berilıär.

 

Türkmen.Net üçin ıörite Altas HG

Amerikada Guduz Sygyrlar

Şamyrat İusupow

 

Bitaraplyk 30, 2003. ABŞ-de satylıan uly şahly mallaryň etlerinde guduz wirusy tapyldy. Şu wagt Amerikadan et import edıän döwletler wagytlaıynça karantine girdiler we importy duruzdylar. Amerikan ygtyıarlylary bu keseliň Kanadadan gelendigini we şu wagt süri sygyrlaryna ıokaşıandygyny habar berdiler. Emma Kanadanyň Saglygy Goraıyş Gullugy sygyryň Kanadandygyna subutnama ıokdugunu, bolaıanda-da ıokanç keseli Kanadada eıeländigi belli däldigini nygtady. Ekspertler sygyryň ıokançly iımitden guduzlan bolmagy mümkindigini aıtdylar. Sygyryň gelen ıeri, sürisi we iıen iımitleri yzarlanylıar. Amerikadan geçen hepde imortuny duruzan döwletler İaponiıa, G.orta Koreıa, Awstraliıa, Taıwan, Singapur, Malaıziıa, Orsiıet, Meksika we Hytaı.

 

Türkmen.NET üçin ıörite Altas HG

Çilime Garşy Konferensiıa

Şamyrat İusupow

 

Bitaraplyk 22, 2003. Dünıä Saglyk Guramasynyň (WHO) hemaıatkärçiliginde guralan, Bişkekde geçirilen regional tabako meselesi baradaky konferensiıa Türkmenistandan wekil hökmünde jenap Bäşim Sopyıew gatnaşdy. Koneferensiıa Täjigistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan aktiw ıagdaıda gatnaşdy. Orsiıet wekilleri myhman hökmünde yzarlamana geldiler. GDA-daky çilim endiginiň köpelmeginiň esasy sebäbi globallaşma, erkin söwda ıaly serişdelerdigini, emma iň esasy sebabi, dünıäniň iň atly çilimleriniň-em örän arzan bahadan tapyp bolıandygy netijesine baryldy.

 

Türkmenistanyň çilime garşy göreş boıunça gysga taryhy:

-1998: Çilim mahabatlary gadagan edildi

-1999: Bilim edaralary we okuw jaılarynda çilim çekmek gadagan edildi

-2000: Jemgyıetçilikli ıerlerde çilim çekmek gadagan edildi

-2001: Howpsuzlyk ıagdaılary üçin awtomaşyn sürüjülerine maşyn sürıän mahalynda çilim çekmek gadagan edildi

 

Altas

“İaşaıyş Üçin Faktlar”yň Tanadylyşy İaıraıar

Şamyrat İusupow

 

Bitaraplyk 20, 2003 – Türkmenistanyň Saglyk we Derman Önümçülik Ministirliginiň İUNISEF we BMG wekilleriniň arkalaşygy bilen “İaşaıyş Üçin Esaslar”yň milli görnüşüni neşretdiler. Hossarlaryň we eneleriň çagalaryna seretmäne, kynçylyklaryň hötdesinden gelmäne ıol görkezıän ‘İaşaıyş Üçin Esaslar’ habarçalardan (message) yabarat eserleriniň dünıäde 15 milliondan gowrak nusgalary dürli dillerde bardygy mälim. Içinde iň köp gerekli we esasy ıüze çykıan ıagdaılaryň çärelerini, suratlandyryp we oňat şekilendirip düşündürıän, yzarlamaly ugurlary dile getirıän 13 baplyk bu eser, gerek şahsyıetler bilen türgenleşikli ıagdaıda, gerek bolsa metbugat arkaly halka ıetirilmegi, her ıyl howply ıagdaıa sezewar bolıan müňlerçe çagalaryň ıaşaıyşyny, tygşytly we täsirli ıol bilen halas etmäne ugur döretmegi üçin zerurdyr. Altas

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center