Baýdak 2, 2004.
Aşgabat. 2006-njy ýyl Jahan Kubogy saýlanşygynyň ikinji tapgyrynyndaky 8-nji ýygynyndaky Türkmenistanyň açylyş oýuny, “Köpetdag” stadionynda Şri Lankanyň garşysynda oýnajakdyr. Bu barada ülkäniň futbol guramalary habar berdi.
Oýuny Arap Emiratlaryndan yzarlajak eminler topary: FIFAnyň resmi emini AL Bannaýe Abdylla Halil, ýardamjy eminler Mahlul Ali, Al Homadi Naser we ätiýaç emin Muhammed Salyh Emin. Emin inspektory hökmünde Serdar Najafalyýew (Özbegistan) bellenildi. Oýunyň komissary hökmünde Gyrgystan Respublikasynyň Futbol Federasiýasynyň umumy orunbasary Gylyçbeg Berdibekow bellenildi.
Bu Türkmenistanyň Şri Lanka bilen eýýam 3-nji halkara duşuşygy bolar. Öňki oýunlar geçen ýylyň Sanjar aýynda iki ýygyndy toparyň, Aşgabatda jemlenen Aziýa Kubogy-2004 saýlanşyk oýunlary, türkmenleriň üstünlügi bilen jemlendi -10: we 3:0.
Türkmenistan we Şri Lanka bilen bilelikde 8-nji ýygynda, Saudy Arabystan we Indoneziýa milli ýygyndy toparlary hem ýer alýar. Kadalar esasynda ýygyndy toparlar iki oýundan oýnarlar – biri öýde, biri myhmançylykda. Ikinji tapgyrdan indiki tapgyra diňe ýygynyň ýeňijisi çykmana hukuk gazanar. Türkmen Döwlet Habar Gullugy (TDH)
Turkmenbaşy 16, 2004 - Hytaýda geçiriljek Aziýa Kubogy ýygynlary düýnki bije atyşygy netijesinde belli boldy. Biziň ýygynymyz (gruppamyz) ikinji 'ölüm gruppasy' diýse boljak. Ýygynymyzda Özbegistan, Saudy Arabystan we Yrak bar. Ilkinji oýun Gorkut aýynyň 18-ne Saudy Arabystan bilen oýnaljak. Ol wagta çenli ýygyndymyzyň Jahan Kubogyna saýlanşyk oýunlar bolup biler. ALTAS HG, Türkmen.NET
Şamyrat Ýusupow
Türkmenbaşy
2, 2004. Hytaýda geçiriljek
2004-nji ýyl Aziýa Kubogy üçin saýlanşygy geçen toparlaryň ýygynlara
(gruppalara) bölünşügi Türkmenbaşy aýynyň 15-ne Çoňkiň
şäherinde bolar. 2004 Gorkut 17 – Alparslan 7 aralygyndan oýnaljak
oýunlara jemi 16 topar gatnaşýar. Öý eýeleri Hytaý, we çempionlygyny gorap
gelýän Ýaponiýa ýygyndy toparlary göni gatnaşar. Beýleki 14 topar bolsa,
saýlanşyk esasynda oýnamana hukuk gazanan toparlardyr. Şeýlelikde bije
şu toparlaryň arasynda atylar:
Hytaý
Ýaponiýa
Özbegistan
Taýland
Kuweýt
Katar
Saudy Arabystan
Indoneziýa
Iordaniýa
Eýran
Oman
G.orta Koreýa
Irak
Baheýn
Türkmenistan
Birleşik Arap
Emirlikleri
Dört ýygyna bölünip,
her ýygynda jemi topar bolar. Kuboguň geçjek şäherleri:
Çoňkiň, Çeňdu, Jinan, Pekin.
Jahan Kubogy Aziýa Saýlanşygygy Belli Boldy
Gaýgysyz Garaýew
Türkmenbaşy 16, 2004. Şwesiýada düýn gije atylan bijelerin netijesinde Aziýa toparlaryny saýlanşyk toparlarynyň gruppalary belli boldy. Türkmenistan sekizinji gruppada oýnar. Ikinji tapgyrda öý-myhman şeklinde oýnalyp, gruppalaryň birinjileri göni 3-nji tapgyra çykar. Üçünji tapgyrda bolsa iki ýygyndy toparly iki gruppa 2 oýundan oýnar, iň öňdäki iki topar Jahan Kubogyna gatnaşmana hukuk gazanar. Iki sany üçünji toparlar öz aralarynda oýnap, CONCAF-yň saýlanan topary bilen oýnar. Sekinji gruppanyň düzümi:
1.Türkmenistan
2.Saudy Arabystan
3.Indoneziýa
4.Şri Lanka
Altas Sport
Şamyrat Ýusupow
Bitaraplyk15, 2003. Başgüni. Bitaraplyk aýynyň 3-ne
geçirilen Türkmenistan – Siriýa gaýtargy
oýny üçin Aşgabada gelmedik Siriýanyň toparyna Aziýa Futbol Konfederasiýasy
3 – 0 maglubyýet ýazga geçirdi. Siriýa Aziýa Kubogyna çykyp bilmändigi üçin,
Aşgabada gitmäne çykdyýyjy etmejek bolan bolmagy mümkin. Milli ýygyndy
toparymyzyň bu hasabyň peýdasy bilen gruppada birinjilige çykdy we
Arap Emiratlaryny 1 bal bilen geçdi.
TKM – 14
AEM – 13
SIR – 7
SRL – 0
Türkmen.Net üçin
ýörite Altas Sport
Şamyrat
Ýusupow
Sanjar 29, 2003. Ruhgün. Damaşk. Anna güni
agşam Siriýanyň paýtagyndan geçirilen oýunda milli ýygyndygymyz 1-1
hasap bilen deňbe-deň hasaby jemledi.
Oýun
aýyň 21-ne oýnalmalydy emma, ol töwereklerde biziň
ýygyndygymyzyň uly bölegi Jahan Kuboguna taýýynlyk Owganystan oýunlary
bilen meşguldy. Şol sebäpli Siriýa oýuny 28-ne geçirildi. Öýümüzde
11-0 we daşarda 2-0 hasabynda ýeňmegi başardyk. Ikinji
oýunyň iki golam soňky minutlarda uruldy. Görnüşine göra
türkmenler owganlaryň ruhuny düşürmän, oýunyň ahyryna çenli
deň hasabyň tagamyny alsynlar diýen ýaly.
Hytaý
Aziýa Kubogyna taýýynlyk Siriýa oýuny barada www.asian-football.com –yň habar bermegine görä:
Ilkinji
gol Siriýaly oýunçy Anas Sari-nyň 10-njy minutdan boldy. Emma bu
şatlyk 6 minudy geçmäne ahyrlandy. Didargylyç Orazow ussatlyk bilen ýarym
meýdançadan Maher Sayed-iň aýagyndan alan topy ähli goragçylarylary
ussatlyk bilen aldap, derwezewan Muhammed Beirutä hasaby deňlemegi
başardy.
Ussat
derwezewanymyz Ýewgeniý Naboýçenko birnäçe Siriýalylaryň pursadyny yzyna
gaýtaryp, hasaby goramagy başardy.
Siriýa
öz öýündäki oýundan peýdalanyp bilmedi we her iki tarap hem 1 bal alyp, gruppada
birinji ýer BAE – 6 oýunda 13 bal, TM – 5 oýunda 11 bal, Siriýa – 5 oýunda 7
bal we Şri Lanka – 6 oýunda 0 bal. Türkmenistan Hytaýda geçiriljek Aziýa
Kubogy’2004 –de gatnaşar. Bu Türkmen halky üçin örän şatlykly gün.
Ýewropada
oýnaýan Jahan Kubogy’2002 üçünji orun eýeleri, Türkiýe topary Ýewro Kubogy’2004
üçin saýlanşykda çykyp bilmedi, emma Aziýada oýnaýan türki ýygyndylardan
2si ahyrky saýlanşyk oýunlarynda örän üstünlükli netijeler emele getirdi.
A gruppasynda oýnan Özbegistan 6 oýunda 13 bal jemlemegi başardy we
gruppadan 1-nji bolup çykdy.
Türkmenistan-Siriýa
matçynyň gaýtargysy bugün (Ruhgün, Sanjar 29 güni) paýtagt Aşgabatda geçiriler. Milli
ýygyndy toparymyza uly üstünlükler dileýäs. Altas
Şamyrat Ýusupow
Sanjar 21, 2003, Ruhgün – Germaniýada geçiriljek 2006 Jahan Kupogyna saýlaw
oýunlarynyň ilkinji tapgyrynyň birinji oýnuny Ýaşgüni, milli
ýygyndy toparymyz paýtagt Aşgabatda Owganystan bilen oýnady. 21 ýyllyk iç
syýasatlarynyň gurbany bolup, sportuň we sungatyň hiçhili
pudagynda dünýä açylyp bilmedik Owgan tarapy, milli toparymyzyň uran
gollaryndan gaçyp bilmediler.
Oýunyň
ilkinji ýarymy 6-0 hasaplanyp, galan 5 gol ikinji ýarymda uruldy. Iki sany
‘hät-trik’(3 gol uran) oýunçylarymyz Begenç Gulyýew we Rejep Agabaýew. Beýleki
gollary tora salmagy başaran ýyldyzlarymyz Guwanç Owekow(2), Nazar
Baýramow, Omar Berdiýew we Muslim Agaýew.
Owganystanly jan
köýer Türkmenbaşy Olimpiada Stadionynyň belli bir bölegini tutsa-da,
bu olara gaty kömek etmedi. Owganystanly Başer Ahmed Sandal iki gezek sary
kart alan soň oýundan daşary edildi.
Ýaş
ýygyndy toparymyz Hytaýda Geçiriljek 2004 Aziýa Kubogynda şu wagt bir oýun
kemligi bilen gruppada ikinji ýerde gelýär. BAE 5 oýunda 10 baly bar, TM 4
oýunda 10, Siriýa 4 oýunda 6 we şu wagta çenli hiç bal ýygnamadyk Şri
Lankanyň 5 oýuny geçdi we gruppa synagyndan geçip bilmedi. Biziň
gezekki oýnumy Siriýa bilen olaryň öýünde şugün, Sanjar 21, 2003-de
sagat Damaşk sagady bilen 14:30-da boljakdyr.
Biziň
gruppadan abraý bilen çykmak mümkinçiligimiz bar, emma biziň toparymyz
goragçy hilli oýnaýandygyny göz önunde tutsak Siriýanyň garşysynda
ýagdaýymyz kyn, sebäbi Siriýa Şri-Lankanyň toruna topy 12 gezek
degizip, oz tarapyna ýekeje golam geçirtmedi. Emma biziň ýygyndymyzyň
gol uran soň çekilip oýnamaklary Arap Emiratlary bilen bolan ikinji
oýnumuzdaky soňky minutda gol urmaklaryna ýol açdy we Şri Lankanyn
derwezesine bary ýogy 4 gol salmagy başardyk. Emma BAE-nyň Siriýany
iki gezekde-de 2 gol tapawut bilen ýeňenini hasaba alsak, biziňkileri
utmak mümkinçiligi erbet däl.
Milli ýygyndy
toparymyzyň Owganystan bilen gaýtargy oýuny Kabulda Ruhgüni boljakdyr.
Milli toparymyza we Ýaş toparymyza üstünlük arzuw edýäris. Altas Habar
Gullugy
Copyright
© 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center