
Editor: Şamyrat İusupow
Şİ
Nowruz 22, 2004. Şugün irden Hamas Yslam
Garşyduruş Guramasynyň baştutany Şyh İasyn Ysraıyl
goşunlary tarapyndan öldürilendigi habar berildi. Palestinada 3 gün matam
yglan edildi. Bu hereket dünıäniň ähli ıerlerinde ıazgaryldy. Eıran,
Türkiıe, Indoneziıa, Müsür ıaly musulman köpçülükli döwletleriň ıany bilen
Angliıa, Belgiıa, Fransiıa, İB, BMG wb. tarapyndan hem ysraıylly esgeriň
Şİ
Nowruz 22, 2004. Saddamsyz ilkinji
ıylyň tamamlanmagynda, Yraklylar durnuklylyga we parahatçylyga hasrat
galdy.
Geçen ıyl Nowruz 20-sinde başlanan
söweşiň yzyndan geçen bir ıylda wada berilen durnuklylyk, gynansakda
emele getirilip bilinmedi. ‘Yrakyň Azatlandyrylmagy’ labyzlary bilen
‘köpçülikleıin harabediji ıaraglary’ güıçsizlendirmek ve ‘Saddam rejimini
ıykmak’ maksady bilen ugradylan amerikan esgerleri 20 günläp Saddamyň
heıkellerini ıykyp gezdiler. Howpsuzlyk boşlugy emele gelen soň içki
çozgunlar köpeldi. Bular bilen galman, şu geçen bir ıylyň içinde
bolan wakalaryň tabşyrygyny taııarlan Halkara Amnisiıa Guramasy,
koalisiıa esgeri güıçleri ‘gereksiz ölümçil güıç’ ulanandyklary, köp sanda
raıatyň ıaşaıyşyny ıitirendigini nygtaıar. Bu tabşyryga
görä ıagdaı Saddam Hüseıiniň döwründäkä garanda has-da
erbetleşendigini bellenilıär. Esgerleriň biderek ıere halkyň
öılerine basgyn edip, köp sanda raıatyň bigünä tussag edilendigi, esgeri
güıç ulanşykda-da 10 müňden gowrak siwil halkyň ölendigi, emma
bu wakalar sebäpli hiçbir esgeriň hasabat bermändigi hem tabşyrykda
mälim edildi. Dargan SSSR-iň soňky prezidenti Mihail Gorbaçıow, Yrak
Söweşiniň terrorçulygy körüklän iň uly sebäp bolandygyny dile
getirdi. Köpçülükleıin harabediji ıaraglary tabşyryrdyjy guramanyň
öňki başlygy Hans Blix ABŞ prezidenti Bush we Angliıa premıeri
Blair ıalňyş syıasat sebäpli jezalandyrylmaly diıdi. Altas
Çeşme: Jahan Habar Gullugy
Şİ
Nowruz 22, 2004. Birnäçe gün öň 3 Alban oglanjygyň
özlerini kowalaıan Serbiıaly ıaraglylardan halas boljak bolup, derıadan beıleki
tarapa ıüzüp geçjek bolıan ıaş oglanjyklaryň gark bolmagy bilen
başlan wakanyň yzy urşa getirdi. Biribine gahar gazaply bu iki
milletiň uruşlary bir tarapyň metjide ot bermegi, muňa
jogap hökmünde-de beıleki tarapyňam prawoslaw ybadathanasyny ıakmaga çenli
bardy. Orsiıetiň wakany Albanlaryň başlandgy baradaky
öňesürüşlerini ygtyıarly merkezler tarapyndan ıalanlandy. Mitrowiçde
albanlaryň ıaşaıan regionynda yzly yzyna birnäçe partlamalar emele
geldi. Kosowada-da serplere garşy uly zorbalar edilıändigi habar berildi.
Altas
Şİ
Nowruz 22, 2004. Geçen hepde prezident Saakaşwilliniň
Ajarystan Awtonom bölegine girmegine, ıerli ygtyıarlylaryň ıol bermezligi
bilen başlan, ülkäni söweşiň etegine getiren krizis, ıerli we
ıurt ıolbaşçylarynyň duşuşugy we ylalaşygy ahyrynda
durnukly ıagdaıa geldi. Saakaşwilli Ajarystana goıan ambargosuny aıyrdy.
Altas
Şİ
Nowruz 22, 2004. Siriıanyň demirgazygynda bir futbol oınundan
soň Kürt-Türk dawa-jenleli ülkäni aıaga galdyrdy. Emma esasy zat bu wakany
körüklän kürtler däl-de, daşarky güıçlerdigi pikri bilen analistleriň
uly bölegi ylalaşıar. Analizlere görä Yragyň basybalan ABŞ
hökümeti Hazar Deňzine we Ortaıer Deňzine çykmak üçin ıeketäk çykalga şu
regionda ıaşaıan kürtleri birleşdirmek. Olary birleşdirmek üçin
hemmesi zorba astynda galıan ıaly edip, milliıetçilik häsiıetini has öňe
çykarmak. Eıranda-da kürt wakalarynyň bolıandygy, emma muny ıerli
güıçleriň derrew üstüni basyp, metbugata syzmaz ıaly edip, ıagdaıy
köşeşdirıän ekenler. Yrakda kürtlerden beıleki bölekleriň
(Türkmenleriň, Şygalaryň) toprak-bütinligi razylyk
bildirmekleri, emma kürtleriň federatiw bölnüşik islemekleri hem
täsin dälmi näme? Eırandaky we Siriıadaky kürtleri aıaklandyryp, bir güıç emele
getirip, iki strategiki häsiıete eıe deňize çykmak isleıişleri
aıdyň görnüp duran waka bolsa gerek. Bu ıagdaıy Türkiıe we Häzirbegjana
çenli uzadylmagy mümkin görünıär.
Wagtynda beıle waka Ermeni-Azeri Karabag meselesinde şaıat bolupdyk.
Häzirbegjana degişli Karabag regiony üçin azerileriň almak üçin beren
söweşlerinde, Eıran özünde ıaşaıan 32 million azerileriň-em
Häzirbegjana goşulmak islegi döräp biler gorkusy, Orsiıetiňem bolsa
Eırana çykyşy üçin Häzirbegjana bagly bolmak islemeıişi, Ermeni
tarapyna goldawa ıol açdy. Ermeniler Karabagy aldy we netijede Eırandaky
azeriler “özlerine güıji ıetmedige, biz neneň goşulaly” howasyna girdiler.
İagny Ermenileriň Karabag meselesinde nähili syıasat oınlan bolsa, orta
gündogradaky kürt meselesi hem syıasy maksada daıanıandyr. Altas
Nowruz 22, 2004. Düın Malaıziıada geçirilen 11-nji umumymilli
saılawlaryň ıeňijisi ıene Barisan Nasional (milli koalisiıa) partiıa
birleşigi boldy. 46 ıyldan bäri oppozisiıa iň gowy netijesini
1999-njy ıyldaky saılawlarda görkezipdi. BN koalisiıasy parlamentiň 3-den
2-sine eıe boldy. Öňki premıer Mahathir Muhammediň öz döwrüni
doldurman, galan wagtyny orunbasary Ahmed Bedewä tabşyrypdy. Formula Bir
2-nji çapşygynyň Malaıziıada geçirilmegine garamazdan geçirilen
saılawlarda opposizisiıa partiıalardan iň esasysy PAS (Yslam Partiıasy)
Kelantan we Terenganudaky ıerli hökümeti bu gezek ıitirdi. Altas
Nowruz 22, 2004. Saılawlardan bir gün orunbasary bilen bile
kasdedişik synagy astynda galan Taıwan baştutany Chen Şui-Bien,
agyr ıara almany gutuldy we ertesi günki saılawlarda üstünlik gazandy. Şu
wagt Hytaıda gelip biljek howplara garşy howpsuzlyk çäreleri alynandygy
habar berildi. Milliıetçi Partiıanyň başlygy Chen Şui-Bien-iň
saılawlaryň sanawlarynda goıberilen ıalňyşlar sebäpli
ıeňendigini we sanawlary gaıtadan amala aşyrmalydygyny baş
prokuror tabşyrdy. Altas
Nowruz 22, 2004. Indoneziıada saılawlara iki hepde galan wagty,
Madriddäkine meňzeş terrorçulykly hereketiň boljkadygy bilen
gorkuzıan hatlaryň ygtyıarlyklaryň eline düşendigi habar
berildi.
Nowruz 22, 2004. Aıyň 28-ne Türkiıede we Fransiıada
regional saılawlar bolup geçer. Altas
Copyright
© 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center