Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Sport Habarlary

Türkmenistan Aziýa Ýaş Toparlar Kubogynyň ‘C’ Ýygynynda

Gaýgysyz Garaýew

 

Gurbansoltan 21, 2004.  Ruhnama aýynda Malaýziýanyň Kuala Lumpur şäherinde geçiriljek ýaş toparlar aziýa futbol kubogy üçin atylan bijede Türkmenistan ‘C’ ýygyna düşdi. Ýygyndaky beýleki toparlar Özbegistan, Siriýa we Laos kubogyň ilkinji tapgyrynda ýaş milli ýygyndymyz bilen garşydaşlyk ederler.  Ýaş ýygyndy toparymyz beýle mümkinçilige Aşgabatda gyrgyz we hindi ýygyndy toparlaryny ýeňmek bilen ilkinji gezek eýe boldylar. Altas

Türkmenistan 3 – 1 Indoneziýa

Gaýgysyz Garaýew

 

Gurbansoltan 1, 2004. Düýn paýtagt Aşgabadyň Olimpiýada Stadionynda oýnalan Jahan Kubogy Saýlanşygynyň ikinji tapgyr, ikinji duşuşygy bolan Türkmenistan – Indoneziýa öýümizdäki oýunda 3:1 uzak gündogarly myhmanlary ýeňmegi, milli ýygyndy toparymyz başardy.

 

11 min

TM (W. Baýramow-1)

1

0

 

29 min

 

1

1

Indoneziýa (Budie Sudasono – 1)

35 min

TM (M.Gulyýew-1)

2

1

 

74 min

TM (W.Baýramow-2)

3

1

 

 

Indiki oýnumyz Oguz aýynyň 9na, saudylarda myhman hökmünde oýnarys.

Altas

Türkmenistan Fifa Orunlamasynda  96-njylyga Çykdy

Gaýgysyz Garaýew

 

Nowruz 22, 2004. Milli ýygyndy toparymyz üstünlikli netijeleri sebäpli FIFA-daky ornunda ösüşe dowam edýär. Baýdak aýynda 99-njylykda 97-njilige çykan toparymyz indi 96-njy ýerde. Bizi indiki hepde Aşagabatda Jaha Kubogy saýlanşygy üçin duşyşjak garşydaş toparymyz Indoneziýa gelýär. Altas

 

Liga başlady

 

Geçen möwsümde ilkinji aýlawdan soň ýaryşdan çykarylan "Garagumyň" ornuna Halkara Türkmen - türk uniwersitetiň "HTTU” komandasy ýaryşa goşular. Ilkinji oýnuny çempion Nissa topary bilen oýnan HTTU-nyň topary hasaby açdylar we uzak wagt garşydaşlaryny kyn ýagdaýda saklamagy başardylar. Emma tejribeli Nissaly ýyldyzlar oýunyň soňky minutlarynda hasaby 3-3 deňläp, yzyndan ýene bir gol urup 4-3 ýeňdiler.

 

Çeşme: Zaman-TM, TM.ru

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center