Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Syýasat, Kanun, Döwlet, Adalat, Halkara Gatnaşyklar

Daşary Ýurt Saparlary Çäklendirmesizdir

 

Aşgabat, Türkmenbaşy 8, 2004 (nCa) --- Daşary Işler Ministirligi tarapyndan metbugata ýetirilen habara görä, herhili çykyş şert çäklendirilmeleriň, ‘çykyş wizasynyň’ ýatyryldy.

Hababaryň aýtamgyna görä daşary ýurda çykmak isleýän raýatlar, gitjek ýeriniň wizasydyr ýa-da beýleki ýolagçy (sapar) kepilnamalarynyň barlygy ýeterlikdir. We daşary ýurtdan geljek raýatlar üçin-em gerekli resmi kagyzlaryň düzüw bolmagy, mysal çakylyk haty, ýeterliklidigi anyklanyldy.

Türkmenistan raýatlarynyň wagytlaýyn ýa-da hemişelik islendik ýurduna hereket etmäne, halkalara hukuklar nazarynda doly haky bardygy, metbugat öz sözüne ýeri gelende goşýar.

 

Çykyş Wizasy Çäklendirmesi Ýok, diýýär hökümmet gullugy

 

Aşgabat, Türkmenbaşy 6, 20004 (nCa) --- Hökümmet gullugy tarapyndan berilen bildirişe görä, indi daşary ýurda gitmek isleýän raýatlar üçin wiza çäklendirilmesininiň ýokdugyny bildirdi.

“Daşary ýurt metbugatynyň käte agzyny dolaýan, çykyş wizasy diýilip atlandyrylýan serişdäniň ýokduguny, ýurt baştutany üstünde berk belläp geçdi.”

“Daşary ýurda gitmek isleýän raýatlar, näme sebäpli bolsa-da, pasportlaryny daşary ýurtdan alan çakylyklary bilen bile döwlet tarapyndan hereket etjek bolanda ýazga geçirilýär. Munuň maksady ýolagça garşy herhili jenaýatçylyk karary ýa-da garaşylýan kazyýet işlerini bardygy ýa-da ýoklugyny mälim etmekdir”, diýilip aýdylýar bildirişde.

Halk Maslahaty Wekilleriniň Saýlawy Başlady

Şamyrat Ýusupow

 

Bitaraplyk 22, 2003 – Türkmenistanyň iň uly maslahatçylykly kanuny (we kanun çykaryjy) mejlisi bolan Halk Maslahatyna wekilleriň saýlawlary dowam edýär. Halk Maslahatynyň 2507 agzasy bar. Halk Maslahatynyň ömürlik ýolbaşçysy Prezident Türkmenbaşy-ka, oňa iki orunbasary maslahatçy bolup oturýar. Rejep Saparow  üýtgemeýän ikinji ýolbaşçysy. Bu mejlisiň sözjüsi, öňki baş orunbasary bolar. Ministir ýolbaşçylary, döwlet mejlis agzalary, käbir edaralaryň ýolbaşçylary, ýaşlar guramasynyň wekilleri, Milli Galkynyş Hereketi, we Milli Demokratik Partiýasy ýaly milli guramalar, Halk Maslahatynyň Agzalary bolup durýar. Mundan beýleki agzalary, herkim öz welaýatyndan we etrabyndan syýasy gürrüňdeşlikleri (debate)  we halkyň el göterip ses bermekleri netijesinde saýlanýar. Saýlawlar birnäçe günden jemlener, we Halk Maslahatynda oturjak wekiller belli bolar.Altas

Täze karar NGO-nuň (Hökümmete Degişli Bolmadyk Guramalar) işlerini kynlaşdyryp biler

 

Sanjar 28, 2003. Habar beriş serişdelerine görä:

ANKARA, Sanjar 20, 2003. NGO-nuň hasaba alyş barada alnan täze karar barada halkara gumanitar kömek höwesjeňleri  herhili pikirlerini dile getirdiler.

 

“Bu kanun güýje geçmänkä-de, Türkmen hökümmeti NGO bolan Dashoguz Ekologiýa Klubunuň resmi hasabatyny ýazgydan aýyrdy. Meseläni düzetmek üçin ýerli edaralardan hiçhili care görülenok,” diýip  Açyk Jemgyýet Institutunyň Türkmenistan proýekt ýolbaşçysy Erika Dailey Budapeştli IRIN habar serişdesine aýtdy.  Beýle wakanyň ilkinjisidigini, we yzynyňam boljakdygyny ol sözüniň dowamynda belledi.

 

Jemgyýet edaralaranynyň we NGO-laryň ýörelgeleri bilen baglanşykly täze kanun prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan gol çekildi we Sanjar aýynyň 10-da diýip ýaýymlandy. Kanun Sanjar aýynyň 20-sinde güýje girer. Bu kanun 12 ýyllyk öňki kanunyň ýerini alar. dowamy

Türkmenistan Ýewropa Birleşigine Ýakyn Arkalaşyk Teklibini Hödürleýär

 

Aşgabat, Sanjar 28 2003 – Habar serişdeleriniň Sanjar aýynyň 21-ne habar bermeklerine görä: ÝB-niň ýolbaşçylaryna ýollanan bir hatda Türkmenistan adam hukuklary we demokratiýa meseleleri bilen bilelikde beýleki meselelerde-de ýakyn arkalaşagy giňeltmegi teklip etdi.

 

Prezident Nyýazow, ÝB-niň baş sekretaryna, Italýanyň premýer ministri Silwiýo Berluskoniýe we Ýewropa Komisiýasy guramasynyň prezidenti Romano Prodiýe iberen hatynda ýakyn dostluk we arkalaşygy kemala getirmegi teklip edýär. Şol hatarda olary resmi sapar üçin Türkmenistana çagyrdy.

 

Ýewropa guramalarynyň baştutanlaryna (Silwiýo Berluskoni we Romani Prodi) bu iki taraplaýyn meselä

‘şahsy goşantlary’ üçin minnetdarlygyny bildirip şu sözlerini beýan etdi:

 

“Türkmenistan ynsan hukuklaryny goramak, adam zerurlugyny we gymmatlygyny kämilleşdirmek we esasanam BMG, ÝB, ÝK, OSCE we şular ýaly başga-da halkara guramalar bilen aragatnaşygy  ösdürmek üçin örän höwesjeňdir.” dowamy

 

Türkmenbaşy Ystanbuldaky Terrorçylygy Yazgaryar

Şamyrat Ýusupow

 

Sanjar 22, 2003. Ruhgün. Türkmen baştutany B. Saparmyrat Türkmenbaşy Türkiýäniň prezidenti Ahmet Neždet Sezere we premýer-ministir Rejep Taýýyp Ärdogana Anna güni gynanç haty ýollady we Ystanbuldaky iki terrorçulykly partlamalary berk ýazgardy.

 

Öz hatynda Türkmenbaşy, Ystanbul bu biabraýçylykly terror wakasyny berk ýazgarmak bilen wepat bolanlaryň ýakynlaryna gynanç bildirdi.

 

Ýurt baştutany näme maksatda bolsa bolsun herhili terrorçulykly hereketlere garşydygyny we halkara terorizme garşy göreşi goldaýandygy belläp geçdi. Altas Habar Gullugy