Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Tehnologiýa Habarlary

Mikrosoftyň Ýewropa Synagy

 

Bitaraplyk 10, 2003. ABŞ-de Mikrosoftyň ‘antitrust’ üpjünçülik meselesi umuman kän jedelleşilenok. Buş ýolbaşçylygynyň ornaşmagyndan soňra kän tapawutly çäreler görülmedi we şereketiň söwda ulgamynda üýtgeşiklik emele gelmedi.  Geçen Magtymguly aýynda Time Warner (Taým Wornyr) güýmenje industrial şereketi bilen täze programma bukjasyny (suit) ornaşdyrmak barada şertnama iki taraplaýyn gol çekilişdiler. Emma Ýewropada ‘antitrust’yň ýüze çykarýan kynçylyklary sebäpli entek hem synagda geçip otyr. Öňde goýulýan şertleriň biri Mikrosoft işleýiş ulgamyndan -media player- (midiýa pleýer) programmasyny düýbünden aýyrmakdy. Bu ýagdaý Mikrosoftyň Windows satyşyny agyr ýagdaýa düşürer. Şertleriň 2004-nji ýylyň başynda güýje giriziljekdigine garaşylýar. Turkmen.NET

Kasparow, 3-nji Matçynda Kompýuteri Ýeňdi

Gaýgysyz Garaýew

 

Sanjar 29, 2003, Ruhgün. Dünýäniň 1 nomerli küştçüsi Gariý Kasparow, ``X3D Fritz`` kompýuter programmasy bilen oýnan 3-nji matçyny ýeňdi. Jedelini dowam etdirmek üçin jemi 4 matçlyk oýunyň 3-njüsini ýeňmeli boldy we netije 1-1/2 - 1-1/2 hasabyna geldi. Kasparowy 16-nji göçümde ýeňişe getiren matçynda kompýuteri, 4 sagatdan gowrak dowam eden çekeleşigiň  yzyndan, programistleriň üstüne gitmekleri bilen 45-nji aýlawda ýeňdi. Kasparow, ilkinji matçda ýeňişip bilmedik (ýagny deňme-deň) kompýutere ikinji oýunda ýeňildi. Taraplar, deňlik hasaby üçin iki tarabam ýarym bal, ýeňiş üçin ýeňiji bir bal gazanýar. Altas Tehnologiýa

Älemiň Iň Uly, Iň Parlak, Iň Gyzgyn Galaktikasy Tapyldy

Gaýgysyz Garaýew

 

Sanjar 29, 2003, Ruhgün. Geçen aýyň ahyrynda astronomlar, älemiň uly, parlak we gyzgyn galaktikasyny tapdylar. Hawaidäki Mauna Kea Wulkanynyň depesinde ýerleşen yzarlaýyş ojagynda işleýän astronomlar, tapylan galaktikanyň şol sanda gadymy ýyldyzlaryň emele gelen nokady bolandygyny habar berdiler.

 

Astrofizika Žurnalynyň soňky sanynda habar berlişine görä, täze tapylan Lynx Arc galaktikasy, Orion Nebula galaktikasyndan bir million esse parlak we dünýä 12 million şöhle ýyly uzaklygynda. Täze tapylan galaktikadaky ýyldyzlar, has köne we has ýakyn ýyldyzlardan has-da uludyr.

 

Astronomlar başda ýakyn galaktikanyň arkasynda gyrmyzy ýaý ýaly görünen Lynx Arc- görünmegi örän oňat gabatgelişikdir diýip belleýärler.

 

Täze galaktikanyň tapylyşy, alymlar üçin takmynan 3.8 milliard ýyl öň älemiň döräp kemala gelişinden soň emele gelen irki ýyldyzlaryň görülmegine bir ädim has-da ýakynlaşdyrdy. Astronomlar, täze tapylan galaktikanyň dünýänem öz içine alýan Akmaýa galaktikasynyň ýyldyzlaryndan iki esse gyzgyndygyny we bir milliondan gowrak ýyldyzyň bardygy nygtalaýarlar.

Oriona Nebulasynda bolsa gyzgyn we parlak jemi 4 sany mawy ýyldyz bar.

 Altas Tehnologiýa 

Novell Microsoft-a gaýtadan bäsleşik açdy

Gaýgysyz Garaýew

 

Sanjar 22, 2003. Anna. 20 ýyldan gowrak işleniş ulgamynda (operating system) tejribe edinen Novell, Linux tehnologiýasyna goýum goýmak ugry bilen SuSe Linux-i satyn aldy. 210 milýon dollarlyk bu şertnama gol çeken Novell, bazara bu çykyşy bilen müşderilere in giň Linux çözümleri hödürleýän we tehniki goldaw berýän bir firma öwrüldi.

Informatika äleminiň öňde gelýän toparlarynyň arasynda saýylan Novell, mundan beýläk ulanyjylara hem Linux çözümleri hem-de tehniki ýardamy hödürlär.

Geçen Alparslan aýynda Linux regionynda iş çalyşan Ximian firmasyny satyn alan Novell, SuSe Linux-i hem öz çarwasyna alyp açyk çeşme (open-source) ullanym modelini we bu modeliň kämilleşmegine uly goldaw berdigi bolýar. Bu satyn alyşdan soň bolsa IBM hem Novell-e 50 milýon dollarlyk maýa goýum goýmagy kararlaşdyrdy. Her iki firmanyň hem şertnamasy boýunça Novell/SuSe Linux, IBM-iň eSeries maşgalasyny-da goldajakdyr.

 

Novell, Pingwinleri (Linux) Microsoft Exchange-e baglaýar.

 

SuSe Linux-i satyn alan Novell, gysga wagt öňrägem öz içine goşan Ximian firmasy bilen bile işläp düzen proýektleri boýunça Linux ulanyjylaryna Microsoft Exchange hödürleýijilerine ulaşypbilmek mümkünçiligini döretmäne başlapdy. Bu täze çözüm arkaly Linux stolüsti ulanyjylary (desktop users) Microsoft Exchange-däki hatlara, ýylnamalara, topar programmalaryna, adres kytapjygyna, tabşyryklara, wşm ulaşyp, bulary islendik şekilde gönükdirip bilmek mümkinçiligine ererler. Altas Tehnologiýa