Gurbansoltan
16, 2004. Türkmen alymlary Orsiýetden getirilen täze
tohumlary Daşoguz tohum tejribe merkezinde yzarlanýar. Kupawa, Russo,
Pobeda-50, Knýažna, Kroşka we Delta atly bu tohumlaryň ilkinji tapgyr
tejribeli üstünlikli geçdi. Öňki tejribelerden Horwatiýadan getirilen
tohumlar-am göwnejaý netijeler beripdi. Altas.
Gurbansoltan 16, 2004. Prezident Türkmenbaşy aýyň 6-syna
amerikan Case Corporation (‘Keýs Korporeýşn’) şereketiniň
wekilligini edýän IP Consult (‘Aý Pi Konsalt’) toparynyň başlygy
Yaşar Injesu bilen görüşenden soň, ‘Case’ kombaýnlarynyň
100 sanagyny satyn almagy kararlaşdyrdy. ‘Case 2366’ kysymly bugdaý
kombaýnleriniň şertnamasyny Türkmengallaönümleri we Türkmenobahyzmat
‘Case’ şereketi bilen 12 million dollarlyk şertnama gol çekerler.
Gerekli karzy Merkezi Bank üpjün eder. Kombaýnlar Magtymguly aýynyň 10-na
gelip başlar. Altas
ŞÝ
Nowruz 12, 2004. Türkmengallaönümleri we welaýata
ýolbaşçylyklarynyň ugrukdyrmalary esasynda bu ýyl tüwi meýilnamasyny
170’000 tonna öndürmek. 105’000 tonna Daşoguz Welaýatyna, 65’000 tonna
bolsa Lebap Welaýatyna ýetişdirmegi gönükdürildi. Hususy kärendeçilere
döwletiň kömek programmasyna gatnaşmagy teklip edilýär. Programma
höwesjeňler döwlet hyzmatlaryndan mugt peýdalanyp bilerler we galla
önümüni döwlet nyrhyndan satyp bilerler. Gatnaşmana höwes bildirmeýänler
islendik bahasynda açyk bazarda satyp biler.Daýhanbank gerekli karzy prosenti
bilen daýhanlara berer. Altas
ŞÝ
Nowruz
11, 2004. Baýdak aýynda hususy we kärendeçi
daýhanlara, döwlet tarapyndan ýörite teklip hödürledi. Türkmenpagta bilen
şertnama gol çeken daýhanlar mugt hyzmatdan peýdalanyp biler. Örän
tygşyty bolan bu teklip meýilnamasynyň içinde ýokary hilli mugt
tohum, mugt mör-möjek dermany, dökün we Türkmenobahyzmat ýer alýar. Bu ýylky
pagta maksatnamasy 2.2 million tonna ak-altyn öndürmek. Altas
Şamyrat Ýusupow
Baýdak 21, 2004. Metbugat toparlarynyň habar bermegine
görä, Türkmenistandaky oba-hojalyk ýagdaýyny ösdürmek we has önümçilikli
ýagdaýa getirmek üçin Garaşsyzlyk aýynda ýurt baştutanlary
ýygnalarlar. Esasy ara-alynyp maslahatlaşyljak meseleler:
Şol sanda Türkmenistanyň oba-hojalygyna degişligi ähli guramalary döwrebaplaşdyrmak, käbir regionlardaky tebigi kynçylyklar sebäbi kynlaşýan ekinleriň meselelerine hem serediljek. Altas
Şamyrat Ýusupow
Bitaraplyk
22, 2003 – Durnukly bolmadyk howa ýagdaýlary we suw
üpjünçülügi sebäpli, Türkmenistanyň Oba-hojalyk Ministirligi Bugdaýyň
we Pagtanyň täze görnüşleriniň tejribe edip işläp çykarmagy
gönükdürdi. Lebap-1, Bitarap, we Ýolöten-1 bugdaý görnüşleri gözleg
astyndaky ýagdaýda ekildi, we ösüşi we önümi yzarlanyp ýazga geçirilýär.
Bu tohumlar labaratoriýada eýýam uly üstünlük bilen tejribe edildi we örän çalt
ýetişýändigi we özüni daş-töweregindäki howplardan gorap bilýändigi
yzarlandy. Şolar ýaly hem pagta tohumlaryndan Ýolöten-25, Ýolöten-30,
Ýolöten-31, Köpetdag, Miras, laboratoriýada yzarlamalary tamamlanyp, ekin tejribesinden geçilip bilinjekdigini we
bu tohumlaryň şu wagtky ulanylýan sortdan has önümçülükli boljakdygyny
garaşylýandygy metbugat habar berýär. Orta sort pagta tohumlarynda
Döwletli, Baky Garaşsyz, we Baýram Han tohumlary hem uly netije wada
berýär. Üstünlükli amala aşan tejribeleriň netijesinde şu wagt
daýhanlaryň ulanýan tohumlary bilen çalşylyp biler. Altas
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas News Agency & Information Center