Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Syıasat, Kanun, Döwlet,
Adalat, Halkara Gatnaşyklar

Editor: Şamyrat İusupow

Halkara ‘Aıallar we Çaga Hukuklary’ Konferensiıasy

Şamyrat İusupow

 

Gurbansoltan 26, 2004. Migrasiıa ugrunda Halkara Guramanyň, Türkmenistan Adalat Ministirliginiň we İUNISEF Türkmenistandaky wekilliginiň gurnamagynda ‘Zenan maşgalalaryň we Çagalaryň Hukuklary Goraıyş’ barada konferensiıa öz işini tamamlady. Ykdysadyıet, saglyk, medeniıet, aragatnaşyk we bilim ıaly ulgamlarda zenanlaryň we çagalaryň ornuny gerek milli, gerek halkara arenada giňeltmek barada meseler ara alynyp maslahatlaşyldy. Konferensiıa Merkezi Aziıadan, Orsiıetden, Günorta Kawkazlardan, Gündogar İewropadan, Owganystandan, Hytaıdan, Germaniıadan, Hindistandan, Eırandan, Liwiıadan, Gollandiıadan, Rumyniıadan, Päkistandan, Britaniıadan, ABŞ-den we halkara guramalardan jemi 250 wekil gatnaşdy. Altas

‘Oňarmadyk Işinden Boş’

Şamyrat İusupow

 

Gurbansoltan 23, 2004. Prezident Saparmyrat Türkmenbaşy işini oňarmadyk we düıpli kemçilik goıberen döwlet işgärlerine, şol sanda jogapkärçiliksizlikleri sebäpli aılyklaryň gijikmegine ıol açan iki ministir we bank işgärlerine işini boşatmak barada buıruk berdi. Banklarda ıeterlik nagt puluň bolmaıyşyny ygtyıarlylaryň malyıe tertip-düzgününi saklamaıyşy we parahorlugyň-korupsiıanyň öňünde jogapkärçiliksizligi sebäp bolandygyny we bu ıagdaı hem halkyň aılyklarynyň gijikmegine ıol açandygyny we müşderileriň banka bolan gyzyklanmasynyň azalandygyny närazyçylyk bilen prezident nygtap geçdi. Bu ugurda döwlet merkezi kazyıet toparyna derňew işlerini alyp barmagy hem tabşyrdy.

 

Karar arkaly Türkmenistanyň bilim ministrini we malyıe ministrini wezipesinden aıyrdy. Şol sanda işinde kemçilik goıberen 3 döwlet bankynyň we 2 teleıaılym müdirlerini işinden boşatdy.

 

Mämmetdurdy Saryhanow milli bilim instituty we bilim ministirligi işinden boşadyldy. İerine öňki Türkmen Politehniki Institutynyň rektory Hydyr Saparlyıew bellenildi. Politehnik Institutyň täze rektory hökmünde Gurbanberdi Garıagdyıew bellenildi.

 

İazguly Kakalyıew ykdysadyıet we malyıe ministirligi wezipesinden boşadylmak bilen, Halk Bank we prezidentiň ıanyndaky Daşary İurt Maıa Goıumlar jemgyıetindäki agzalyklaryndan we ADB  we  IMF malyıe guramalarynyň Türkmenistan wekilliginden hem mahrum edildi.

 

Bibitäç Wekilowa malyıe we ykdysadyıet ministiriniň orunbasary hökmünde täze wezipä bellenildi.

 

Muhammetberdi Mämmedow Türkmen milli ykdysadyıet institutynyň rektorlugy wezipesinden boşadyldy. Muhammetgeldi Annaamanow Türkmen ykdysadyıet institutynyň rektor orunbasarlygy işinden boşadylyp, rektorlugy wezipesine bellenildi.

 

Nurgeldi Gulyıew Halk Bankyň müdirligine bellenildi.

 

Sonagül Ataıewa Garaşsyzlyk Bankynyň we Altymyrat Rejepow Türkmenistan Bankynyň müdirligi wezipelerinden boşadyldy.

 

Döwletmyrat Baımyradow milli gorag ministirligi wezipesine bellenildi.

 

Orazgeldi Aralyıew Ahal welaıaty häkim orunbasarlygy wezipesinden boşadyldy. İerine Orazmyrat Garajaıew bellenildi.

 

Gurbangeldi Annaıew ‘Altyn Asyr’, Bägül Nurmyradowa bolsa ‘Miras’ teleıaılym kanalynyň müdirligi wezipelerinde bellenildi. Gurbangeldi Annaıew ‘Miras’dan ‘Altyn Asyr’a geçirildi.

 

Täze bellenen kadrlar ilkinji 6 aıy ‘Synag’ hökmünde berjaı etjekdir.

 

Çeşme: nCa

 

Altas

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center