
Editor: Şamyrat Ýusupow
Magtymguly 04, 2004. Türkiýäniň hemra arkaly dünýä ýaýlyma açylan
ilkinji teleýaýlym kanaly bolan Samanýoly TW, habarlar bölümünde Türkmenistan
barada taýýarlanan wideo-materialyny görkezdi. Reportažy taýýarlan Weýsel Gylyç
Türkmenistan gysga wagtda örän uly ykdysady ösüşlere eýe bolmak bilen uly
üns çekýändigini, ülkede eşretli durmuşyň bardygy, gaz, suw, tok
ýaly serişdeleriň halkyň ulanyşyna tölegsiz berilýändigi we
dünýäde iň arzan benzin tükedýändigini belläp geçdi.
Paýtagt
Aşgabadyň ‘Ak Şäher’ maksatnamasy esasynda örän gözel we
jadylaýyjy şähere öwrülendigini, Soýuz döwründe paýgtasyny hem daşary
ugradýn Türkmenistan, şu wagt tekstilden oba-hojalyga ähli pudaklarda
özüne ekläp biljek ýagdaýa gelendigini hem belläp geçdi.
“Bu galkynyş
maksatnamalaryň ýolbaşçygyny edýän prezident Saparmyrat
Türkmenbaşa halkynyň söýgüsi çäksizdir,” diýen Weýsel Gylyç sözüne
şeýle dowam etdi:
“Bu söýgüsüni halk bu
beýik serdaryň suratlaryny we heýkellerini şäher we guramalaryň
esasy merkezlerinde görmek mümkin”
Samanýoly TW
Türkiýäniň ilkinji hususy kanallarynyň biri bolup, dünýäniň
50-den gowrak döwletinde hemra arkaly ýaýlym edýär we Türkiýäniň
daşynda Häzirbegjanyň
Samanýoly TW
dünýäniň ähli ýerdäki tomaşajylaryna internet arkaly hem ýaýlym
edýär. Şol sanda Samanýoly Habar topary hem iň täze habarlary,
iň adyl analatika bilen hödürleýär.
Samanýoly TW: http://www.samanyolu.tv
Samanýoly Habar: http://www.samanyoluhaber.com
Samanýoly Ýaýlym: mms://usa.stv.com.tr/live
Altas
Gurbansoltan 26, 2004. Täze Ýaýlym Kanalynyň gurnaşygyny alyp barjak firmalar saýlanşygy üçin alnyp barlan tender tamamlandy. Gurnanşyga ýene iki şereket gatnaşar. Germaniýaly Rohde&Schwarz Gorkut 30-a çenli tolkun-ýaýyjy enjmay üpjün etmeli. We Orsiýetli Primatelekom tolkun-ýaýyjy we antena enjamlaryny Garaşsyzlyk 1-den öň üpjün etmek şerti berildi.
Ýatlatmaly zat, tenderi gazanan beýleki şereketler: Bouygues we Ýewraziýa Trans Ltd. Täze dördünji kanalyň gurluşyk işlerini, studionyň gurnalyşyny we enjamlaşdyrmagyny fransuz Bouygues amala aşyrar. Elektronik enjamlaşyrmagy we ykjam studio üpjünçülügini britan Ýewraziýa Trans Ltd alyp barar. Enjamlaşdyrma işleri Magtymguly aýynyň 30-na berjaý bolar.
Altas
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center