Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Metbugat, Ýaýlymlar, Magaryf

Telewideniýä Ukyply Kadr Gerek

Gurbansoltan 16, 2004. Täze Ýaýlym Kanalynyň gurnaşygyny alyp barjak firmalar bilen şertnamalary düzmeklerini gerekli organlara tabşyran prezident Türkmenbaşy “Gynansakda telewideniýämiz entek hem ruhy baýlyklarymyzy, halkyň aňyna siňdiriji häsiýet almady,” diýdi “Munyň esasy sebäbi köp ukyply kadrlaryň bolmaýyşy. Beýle adamlar bar bolsa tejribesizleriň hem arasynda bolsa, gözläp tapmaly.”

Alty dilde ýaýlym etjek täze dördünji kanalyň gurluşyk işlerini, studionyň gurnalyşyny we enjamlaşdyrmagyny fransuz Bouygues amala aşyrar. Elektronik enjamlaşyrmagy we ykjam studio üpjünçülügini britan Ýewraziýa Trans Ltd alyp barar. Enjamlaşdyrma işleri Magtymguly aýynyň 30-na berjaý bolar. Altas

Iň Uly Parahor, Suharto

 

Nowruz 29, 2004. Britaniýaly Transpärensi Interneýşynyl guramasy ‘iň öňde 10’ parahorlaryň spisogyny metbugata ýetirdi. Ilkinji ýerde 1967-1998 aralygynda, 32 ýylyň dowamynda Indoneziýanyň prezidenti bolup oturan Muhammet Suharto alýar. Onuň bikanun öz hasabyna geçiren pul mukdary 15 milliard bilen 35 milliard amerikan dollary aralygyndadygy takmyn edilýär. Ikinji ýeriň Filipinleriň 1986-da kürsisinden düşürilen öňki prezidenti Ferdinand Markos 5-10 milliard dollar aralygyndanky takmyn pul mukdary ‘ogurlygy’ bilen gelýär. Ilkinji onlykda Filipinlerden iki kişiniň ýer almagy, örän gynandyryjy ýagdaý. 2001-de prezidentlik wezipesinden aýyrylan Ýosef Estrada, 78-80 million dollar takmyn aralygynda 10-njy ýerde durýar. Öňki Zire, häzirki Kongo Demokratik Respublikasynyň 1965-97 aralygyndaky baştutany Mabutu Sese Sekonyň, şu wagtky ýagdaýda-da ülkäniň pes girdeýjisine garamazdan 5 milliarda golaý pul zorlukly, nähak şahsy hasabyna geçirmek bilen 3-njiligi eýeleýär. Altas

Staliniň  Zulmy Ykjam Diskda

 

Nowruz 29, 2004. Orsiýetiň öňde gelýän adam hukuklary guramasy tarpyndan milliondan gowrak Staliniň zulmuna gurban bolan adamlaryň gysga terjimehallaryny, häsiýetnamalaryny içine alýan ykjam diski satyşa çykardy. Içinde ýer alan 1,345,796 adyň, umumy režim gurbanlarynyň ýeke kiçi bölegidigi aýdylýar. Memorial adam hukuklarynyň ýolabşçysy Arseniý Roginskiý “Bu spisok esasan-da ýakynlaryny gözleýänleriň hyzmatyna hödürlendi,” diýip metbugata nygtady.

 

Mundan başga-da Solomon Wolkowyň ‘Şastokowiç we Stalin’ atly kitaby iňlis diline terjime edildi. Altas

 

Gyzyklanma: Bu ykjam diskdaky spisokda Gaýgysyz Atabaýew we represiýanyň beýleki Türkmen pidalarynyň atlary hem barmyka?

Şyhmyradow Boýun Alýar

ŞÝ

Nowruz 15, 2004. Geçen aýyň ahyrynda Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri, jenaýatçy, terror-guramaçy Boris Şyhmyradowyň “Men we meniň terrorçy ýoldaşlarym” atly kitaby ýaýymlandy. 2002-nji ýylyň Sanjar aýynyň 25-ne paýtagtda bolan terrorçulykly wakanyň guramajysy we göniden gatnaşyjysy, Halk Maslahaty tarapyndan ömürlik tussag karar alynan bu jenaýatkär, terraktyň bolup geçişi jikme-jik kitabinda düşündirýär. Waka bilen baglanşykly öň Leonid Kamarowskiýniňem kitaby hem ýaýymlanypdy. Altas

 

Ruhnama Gazak we Çeh Dillerinde

ŞÝ

 

Baýdak 27, 2004. Milli ruhy we taryhy baýlyklarymyz we mukaddesliklerimiz barada prezidentimiziň ýazan “Mukaddes Ruhnama” kitaby indi Gazak we Çeh dillerine hem terjime edildi. Gazagystan ilçisi Gazak dilindäki nusgany we Çehiýaly Etif şereketiniň başlygy hem bolsa Çeh nusgasyny aýyň 18-ne president köşkünde Türkmenbaşa gowşurdylar. Bu kitap Iňlis, Türk, Ors, Pars, Arap, Belorus, Ukrain, Gyrgyz  we beýleki birnäçe dile terjime edildi. Altas

 

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center