Şamyrat İusupow
Bitaraplyk 9, 2003. Köpsi öňki Britaniıanyň
koloniıalary bolan 54 döwletleriň arkalaşygy bolan Commonwealth (Komonwels’)-iň nobatdaky maslahaty Nigeriıanyň paıtagty Abujada geçirildi we dün ahyrky gününi tamalady.
Lideri Mugabeniň 2002-de geçirilen
saılawlarda hilegärlik bilen ıazgarylyp Uzak wagtlap agzalykdan
täsgenen Zimbambwe, dün ahyrky gününde
agzalykdan aırylıandygyny dile getirdi.
Döwlet ygtyıarlylarynyň aıtmagyna
görä, bu Britaniıanyň we onuň “Ak İoldaşlary”nyň Zimbambwe garşy döreden blogunyň gizli syıasatydygyny belledi.
“Näme bahanalary bolsa-da, Commonwealth Britaniıanyň
we onuň ‘ak ıoldaşlarynyň’ -Zimbambweni
Tankytçy Edara-syna öwrüldi,” diıip döwlet ygtyıarlysy Didymus Mutara belledi.
Ygtyıarlylary kanagaty boıunça, Zimbamweniň agzalykdan täsgeneniň sebäbi, başutan Robert Mugabediniň ‘İer reformasy’dygyny nygtadylar. Bu reformada ekin ıerleriniň uly bölegini alan aklardan topraklarynyň uly bölegini alyp, topraksyz gara raıatlara paılandygy hasabat berildi. Kyn ıagdaıdaky raıatlaryna kömek edeni sebäpli
Zimbambweni Britanıa hökümmeti 2002 saılawlaryny bahana tutup agzalykdan
wagytlaıyn täsgediler.
Emma Mugabegi
Commonwealth-iň näzini
çekip oturmady, ‘Sen bolmasaň,
Senemjan!’ diıen ıaly “Biz arkalaşykda galanymyz bilen, agzalygymyz günäsiz ıere täsgenjek bolsa, iň gowusy agza bolmadygymyzdyr!”
diıip, Britaniıa hökümmetiniň syıasatyny ıazgardy. Altas Habar Gullugy
Gaıgysyz Garaıew
Bitaraplyk 8, 2003. Ors metbugatynyň habar
bermegine görä, Moskwa sagady bilen
4.00-e çenli saılaw kagyzlarynyň 46.93 göteriminiň
sanawy jemlendi. Orsiıet Komunist
Partiıasy (КПРФ) 12.9 göterim ses
alyp, 12.8 ses alan Orsiıet Baştutanlyk
Demokrat Partiıasyny (ЛДПР) yzda goıdy, we ikinji ıere çykdy.
Birinji ıerde entek hem “Agzybir Orsiıet” Partiıasyna (Единая Россия) degişli - 36.5% .
Rodina –8.3%
İabloko –4.2%
Agrar Partiıa –4.1%
SPS –3.8%
Pensiıonerler Partiıasy –3.4%
Seleznıow-Mironow bloky–2%
Saılawa gatnaşanlaryň 4,7 göterimi hemmesine
garşy ses berdi. Altas Habar Gullugy
Şamyrat İusupow
Sanjar
29, 2003, Ruhgün. Oppozisiıanyň basynjy bilen işden aıyrylan prezident Şewardnadzeniň
ıerine geçen wagytlaıyn hökümmete, ABŞ uly goldaw berdi.
ABŞ Daşary Işleri Ministirliginiň sözjüsi Riçard Bauçer, Daşary Işleri Ministri Kolin Pawel täze
saılawlar bolıança wagytlaıyn döwleti dolandyrjak Nino Burjanadzeni goldaıandygyny telefon arkaly aıtdy. Şol sanda Şewardnadze meseläni parahatçylykly çözmek üçin ‘tahtdan’ aırylmak bilen uly iş edendigi,
we munyň üçin minnetdarlyk bildirıändigi aıtdy.
“Halk
oppozisiıa lideri Mihail Saakaşwilli we kollektiwiniň syıasatyny üıtgeşik bir ıagdaıa getirmek üçin
Özünde tebigi resurslary
bolmadyk, ykdysayıeti agyr emma
hereketli bu döwlet, uly karzlaryň
içine batyp galdy. Şol tebigi gazyň
üpjünlügi üçin bolan Orsiıete we Türkmenistana bolan karzy sebäpli, wagtynda tölemezlik ıagdaıynda ıygy-ıygydan kesilip durıar. 1994-de 600 million dollarlyk karza giren Gürjistan,
uçarlary bejerip we mugt çaı, çilim
we wino eksport edip bergisinden gutulmagyn çäresine seredıär.
Burjanadzeniň iň uly
umydy Häzirbegjan-Gürjistan-Türkiıe-İewropa
nebitprowodydyr. Şol sebäpli şu
wagt iki Türki döwletler bilen ıakyndan hyzmatdaşlyklar we arkalaşyklar
başladyldy. Altas