Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Dünıä Habarlary

Editor: Şamyrat İusupow

Owgan Operasiıasyna 8,2 Milliard Dollar Haıyr

Gurbansoltan 3, 2004. Berlinde geçen BMG-nyň konferensiıasynda, Owganystandaky neşekeşlik meselesini çözmek üçin düzülen operasiıasynyň goldawy üçin Türkmenistan bilen bilelikde gatnaşan 50 döwletden 8,2 milliard amerikan dollar haıyr ıygnaldy. Hamid Karzai Owganystanyň dünıä neşesini uly böleginiň çeşmesi bolansoň, bu çeşmäne düıbünden ıokatmak üçin edilen bu haıyr üçin minnetdarlyk bildirdi. Konferensiıa 2 gün dowam etdi. Altas

Özbegistanda İagdaı Gowşak

Gurbansoltan 3, 2004. 3 gün yzly-yzyna dowam eden terrorçylykly çozgunlaryň pidalary 66 adam boldy. 61 adamam ıaralandy. Ülkede geçirilmeli liga we Jahan Kubogy saılanşygy oıunlary gijikdirildi. Mekdepler aıyň 5-ne çenli jogap. Şu wagt 30dan gowrak adam gamak astyna alyndy. Soňky wakada ‘ölümçil’ çozgun edip özüni partlaıyjy bilen ıaran orta ıaşly aıal, bir adamyň ölümüne sezewar boldy, özi bolsa agyr ıaralandy we hassahana ıatyryldy. 3-4 günden bu aıal özüne gelse, soraglaryň başlamagy mümkin diıip gorag gulluklary habar berıär. Pidalaryň maşgalalary bilen soraga çekişler dowam edıär. Metbugata syzan käbir ulaldylan habarlar halky aladalandyrdy. Bu panikadan köşeşdirmek işleri alnyp barylıar. Hökümet bu ‘ıaramaz’ işleri El-Kaıda terrorçy guramanyň meıilleri diıip çaklaıar. OSCE guramasy wekil agzalary ıakynda Daşkent we Buhara derňew saparlarynda bolmakçy. Bu terrorçulykly waka Aşgabat tarapyndan berk ıazgaryldy. Altas

 

Türkiıde Regional Saılawlar – Adalat we Galkynyş Partiıasy Ynam Täzeledi

Arkadag Gurbanow

 

Nowruz 31, 2004. Nowruz aıynyň 28-i güni Türkiıede regional saılawlar bolup geçdi. Saılawlaryň netijeleri garaşylan netijeleri ıalan çykarmady. Aslynda bu saılawda halkyň häzirki dolandyryşdaky  syıasy partiıa bolan ynamynyň dowam edip etmeıändigi barlanıan ıalydy. Häzir ıolbaşçylykda bolan Adalat we Galkynyş Partiıasy (Adalet ve Kalkınma Partisi : AKP) 2002 ıylynda bolup geçen umumymilli saılawlardaky netijesini ıokarylandyrmagy başardy. AKP %41.92 aldy, oňa iň ıakyn bolsa %18.01 bilen Respublikant Halk Partiıasy – CHP(Cumhuriyetçi Halk Partisi) gelıär. MHP (Milliyetçi Hareket Partisi) %10.76, we 2002 ıyldaky umumy saılawlarda %7.00 den gowrak ses ıygnan GP (Genç Parti), regional bolan bu saılawlarda diňe %2.68 alyp bildi. Altas

Terror Özbegistany Basdy: 19 Öli

Şamyrat İusupow

 

Nowruz 30, 2004. Metbugat serişdelerinden gelip gowşan habarlara görä, Daşkent şäherinde we Buharada yzgiderli partlamalaryň emele geldi. Özbegistanda ilkinji gezek amala aşyrylan ‘Ölümçil çozgunlar’yň gurbany, 19 adam bolandygyny we ıaralananlaryňam sanynyň 30 töweregidigi habar berildi. Bu wakanyň uzak wagtlap taııarlanandygyny prezident Yslam Kerimow, milli telewideniıede dile getirdi. Terrorçulygyň arkasyndakylar barada giňişleıin maglumatlar anyklanıar. Altas

 

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center