Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Dünıä Habarlary

Yrakda Durnuksyzlyk

Şamyrat İusupow

 

Bitaraplyk 30, 2003. Şaıy musulmanlaryň mukaddes saıdyklary Kerbela şäherinde, talaňçylaryň ıerleşdiren partlaıyjy maddasynyň ıarylmagy netijesinde 19 adam, şol sanda iki Amerikan esgeri we iki Yrakly çagalaryň ıaşaıyşyny ıitirendigi metbugata habar berildi. Hepdäniň başgüni agşam göni ıaılymda CNN-de görkezilen bir analiz habarda respublikan partiıanyň agzasy bolan bir delegat bilen demokrat delegatyň arasyndaky gürrüňdeşlikde, prezident Jorj W. Buşuň Yrak topraklaryna ‘Sentıabr 11’ wakasynyň howasynyň dowam etmegi netijesinde girendigini, emma Saddamyň ‘Al-Kaida’ we Usama bilen hiçhili baglanşygynyň ıokdugy subutlanandygyny we toplumlaıyn zedeleıiji ıaraglaryň hiçhaısyny ne BMG inspektorlary, ne-de Amerikan esgerleri tarapyndan şu güne çenli tapylmandygy dile getirildi. Muňa jogap hökmünde ıalňyş syıasat bilen Yraga girilen-em bolsa, halky Saddamyň elinden halas etmelidi diıip, demokrat delegat belledi. Respublikan delegat ıalňyş syıasatdan zyıada, asyl meseläniň Amerikanyň muňa taııarlyksyz girmegidir diıdi. Söweşden soň ediljek maksatnamalar taııarlanylman girildi, we Saddamyň tutulmagy bilen durnuklylyk ıer alar düşünjesini ıalňyş bolap çykandygyny ıeri gelen respublikan delegat belläp geçdi. Analistleriň habar bermegine görä entek durnuksyzlyk dowam eder. Muňa Amerikan hökümmeti we BMG derrew çäre görmeli diıilip bellenilıär.

 

Türkmen.NET üçin ıörite Altas HG

 

Beninde Düşen Uçarynyň Gurbany 133 adam

Şamyrat İusupow

 

Bitaraplyk 30, 2003. Aıyň 25-ne Merkezi Afrika döwleti bolan Benininiň paıtagty Cotonou-dan Lebanona tarap uçuşa çykan bir uçaryň deňiz kenaryna ıakyn bir ıerdäki binany geıip urandygyny ygtyıarlylar metbugata habar berdi. Orta Afrikanyň günbatarynda ıerleşıän Benin, Nigeriıanyň günbatarynda bir döwlet. Soňky yzarlamalar ölen ıolagçylaryň 133-sinden, 77-siniň Lebanon raıatydygy bellenildi. Beıruta barıan bu uçar Boeing 727 kysymly bolup, içinde jemi 151 ıolagçy we 10 kollektiw işgärleridigi anyklanyldy.

 

Türkmen.Net üçin ıörite Altas HG